Sazlaşykly ösüşlere badalga

Türkmenistanda erkekleriň we aýallaryň deňliginiň ýörelgesi onuň hukuk ulgamynyň aýrylmaz bölegi hökmünde Konstitusiýamyzyň täze rejelenen görnüşinde hem beýan edilendir. Konstitusiýamyzyň rejelenen görnüşiniň 29-njy maddasynda, «Türkmenistanda erkekleriň we aýallaryň deň hukuklary we azatlyklary, şeýle hem olary durmuşa geçirmek üçin deň mümkinçilikleri bardyr. Aýallaryň erkekler bilen deň hukuklylygy esasynda adamyň syýasy, ykdysady, durmuş, medeni we başga ugurlardaky hukuklaryny we azatlyklaryny amala aşyrmagy üçin döwlet kepillikleri «Aýallaryň deň hukuklylygynyň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda beýan tapdy. Kanunda zenanlaryň ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni we jemgyýetçilik durmuşynyň beýleki ugurlarynda erkekler bilen deň hukuklylygyna döwlet kepillendirmeleri bellenilýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe zenanlaryň deňhukuklylygyny üpjün etmekde umumy ykrar edilen halkara kadalaryň milli kanunçylyga ornaşdyrylmagy babatda netijeli işler alnyp baryl-
ýar. Deňhukuklylyk ýörelgeleri asylly däplerimiz bilen utgaşdyrylyp, barha kämilleşýär. Zenanlara goýulýan hormat-sarpa, olaryň hukuk taýdan goraglylygy, ykdysady, ýaşaýyş-durmuş ýagdaýy, maşgaladaky we jemgyýetdäki mynasyp orny mukaddesliklerimize, milli däpdessurlarymyza we adatlarymyza esaslanýar. Aýallaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini goramak, durmuş, zähmet we saglyk babatda degişli çäreleri amala aşyrmak maksady bilen ýurdumyzda zenanlaryň jemgyýetçilik guramalarynyň işjeňleşmegi hem aýratyn bellemäge mynasypdyr.
Milli Liderimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda zenanlaryň jemgyýetdäki ornuny ösdürmek, olaryň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyndaky işjeňligini artdyrmak, maşgalanyň, enäniň we çaganyň hukuklaryny goramak, zenanlaryň saglygy, zähmet çekmegi we dynç almagy üçin ähli şertler döredilen. Zenanlarymyza syýasy-ykdysady, medeni we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda öz hukuklaryny durmuşa ornaşdyrmaga we zehin-başarnyklaryny açyp görkezmäge giň mümkinçilikler bar. Şonuň netijesinde hem mähriban Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş eden täze taryhy eýýamynda zenanlarymyz döwleti dolandyryş edaralarynda, milli Parlamentiň düzüminde, ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda tutanýerlilik bilen zähmet çekýärler. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda zenan zähmetine, onuň yhlasyna we başarnygyna aýratyn hormat-sarpanyň nyşanydyr.
Mähriban käbelerimizi mukaddeslik derejesine ýetirip, zenan mertebesini belende göterýän Arkadag Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda gender deňligi boýunça 2015—2020-nji ýyllar üçin kabul edilen Milli Hereketleriň meýilnamasy işjeň hereket edýär. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli instituty bilen bilelikde meýilnamanyň çäklerinde geçiren okuw maslahaty «Gender deňligi — sazlaşykly ösüşlere badalga» diýlip atlandyryldy. Okuw maslahatynda edilen çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda geçirilýän gender syýasaty, milli kanunçylykda aýallaryň hukuklarynyň aýratyn orny, jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna aýallaryň deňhukukly gatnaşygy, aýallar we erkekler üçin döredilýän deň mümkinçilikler dogrusynda gürrüň edildi.

DürIi BALLYYEWA, Türkmenistanyň Daşary işIer ministrIiginiň Halkara gatnaşykIary institutynyň mugalIymy.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com