SAZ-SÖHBEDE UTGAŞDY

Kaka şäherindäki «Berkarar» toý mekanynda bolan şowhunly dabara mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlandy. Kaka etrap häkimliginiň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň, Zenanlar birleşiginiň etrap bölüminiň, ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap Geňeşiniň hem-de etrap medeniýet bölüminiň bilelikde guramaklarynda geçirilen baýramçylyk dabarasy köp adamly boldy. Oňa gatnaşanlaryň arasynda etrap häkimliginiň wekilleri, edara-kärhanalaryň, guramalaryň şol sanda jemgyýetçilik guramalarynyň öňdebaryjy işgärleri, aksakally nurana ýaşulular hem-de kümüş saçly mährem eneler bar.
«Garaşsyzlyk—dilde dessanym» atly baýramçylyk dabarasyny etrap häkiminiň orunbasary A.Sapargulyýewa gutlag sözi bilen açmak bilen, Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň ykdysadyýetde, senagatda, medeniýetde we halk hojalygynyň dürli ugurlarynda ýeten belent derejeleri, daşary syýasatda gazanan üstünlikleri dogrusynda buýsançly gürrüň etdi hem-de gysga taryhy döwrüň içinde Arkadag Prezidentimiziň tagallasy netijesinde etrabyň çäginde amala aşyrylan beýik tutumly işlere ünsi çekdi. Onuň belleýşi ýaly, Kaka etrabynda soňky birnäçe ýylyň içinde döwrebap orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň, medeni ojaklaryň, saglygy goraýyş maksatly desgalaryň, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň hem ençemesi gurlup ulanylmaga berildi. Bu bolsa ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň düýpgöter özgermegine oňaýly täsir etdi. Şeýle bimöçber, tutumly işleri üçin etrabyň ýaşaýjylarynyň hormatly Prezidentimize hoşallygynyň çägi ýokdur.
Dürli-dümen naz-nygmatly toý saçagynyň başyna jem bolanlaryň başga-da birnäçesi dabaranyň dowamynda çykyş edip, buýsançly zamanada ýaşamagyň eşreti, çäksiz bagty hakda hem-de nesillerimiziň şu gününiň we ertiriniň hatyrasyna beýik tutumly işleri amala aşyrýandygy üçin milli Liderimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Baýramçylyk dabarasyna etrabyň medeniýet bölüminiň işgärleriniň çykyşlary turuwbaşdan özboluşly şowhun goşdy. Etrabyň medeniýet bölüminiň teatr studiýasynyň artistleriniň edebi-sazly kompozisiýasy, etrap medeniýet merkeziniň birleşen aýdymçylar toparynyň «Arkadagym», aýdymçylar Rahymberdi Esenowyň «Watan», «Daglar heý», Jennet Çaryýewanyň «Watanym», «Sungatym bar» diýen aýdymlary, Gowşut obasynyň medeniýet öýüniň çagalar deprekçiler toparynyň çykyşlary hemmeleriň göwnüni galkyndyryp, toý şatlygyny goşalandyrdy. Belentden ýaňlanan hoş owazly çykyşlar buýsançly döwrümiziň, eziz Diýarymyzyň, Arkadag Prezidentimiziň tutumly işleriniň, bagtyýar halkymyzyň joşgunly waspy boldy.
Dabaranyň ahyrynda halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekip, ata Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýan öňdebaryjy zähmetkeşleriň uly toparyna, şeýle-de ýaşuly nesliň wekillerine Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Soňra ol ýerde hormatly Prezidentimiziň baş saglygyna toý sadakasy berildi.
Döwran ATAÝEW,
Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Kaka etrap birleşmesiniň başlygy.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com