BAÝRAMÇYLYGA BAGYŞLANDY

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň, Gökdepe etrap häkimliginiň bilelikde guramagynda Gökdepe etrabynyň «Babarap» toý mekanynda «Arkadagyň ak ýollary—buýsanjymyz Garaşsyzlyk» atly aýdym-sazly dabara ýurdumyzyň baş baýramynyň şanyna guralan guramaçylykly medeni çäreleriň biri boldy. Il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler birek-birege toý gutlaglaryny aýdyp, eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamaga giň mümkinçilikleri döredýän eziz Arkadagymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar. Baýramçylyk keşbine giren toý mekanynda welaýatyň medeniýet we sungat ussatlary gyzykly konsert bilen çykyş etdiler. Aýdymlarda Watanyň waspy, ýurdumyzda bolup geçýän özgertmeleriň tarypy edildi. Golaýda jemi jemlenen Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginde welaýatymyzdan ýeňiji we döwlet sylagyna mynasyp bolan raýatlar bereketli toý saçagynyň başyna agzybirlikde jemlenişdiler. Desterhanyň başyna üýşen ak gyňaçly eneler, ýaşuly nesliň wekilleri, «Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy» diýen hormatly ada eýe bolan gojalar birek-birege ýüreklere goltgy berýän sözleri aýtdylar.
Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahatynda Türkmenistanyň Esasy Kanunynyň—Konstitusiýanyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi, hormatly Prezidentimiziň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly täze neşiriniň okyjylar köpçüligine gowuşmagy halkymyzyň şatlygyny goşalandyran waka boldy. Dabarada bu wakalaryň ähmiýeti, gün-günden kuwwatlanýan Watanymyzyň görkanalygy barada buýsançly pikirler aýdyldy.
«Ahal durmuşy» gazeti.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com