ÇEKELEŞIKLI GEÇEN ÝARYŞLAR

Golaýda Daşoguz şäherindäki 1-nji orta mekdepde «Türkmenistan sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» atly VIII spartakiadanyň çäklerinde sportuň gandbol gӧrnüşi boýunça şäherdäki orta mekdepleriň okuwçy oglan-gyzlarynyň arasynda ӧrän gyzykly ýaryş geçirildi. Ony Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Daşoguz şäher bӧlümi, welaýat sport baradaky komiteti, Baş bilim müdirligi, «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň şäher bӧlümi, ylym-bilim işgärleriniň KA-nyň şäher geňeşi gurady. Ýaryşyň jemlerine gӧrä, oglanlaryň arasynda 16-njy orta mekdebiň gandbolçylary üstünlikli çykyş edip, birinji ýere mynasyp boldular. 1 -nji hem-de 21 -nji orta mekdepleriň gandbolçylary degişlilikde ikinji we üçünji ýerleri eýelediler. Gyzlaryň arasynda geçirilen ýaryşda 16-njy orta mekdebiň gandbolçy gyzlar toparyna birinji, 1-nji orta mekdebiň toparyna ikinji we 17-nji orta mekdebiň topary¬na üçünji orunlar degişli boldy. Ýaryşyň ýeňijilerine «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň şäher bӧlümi tarapyndan hormat hatlary gowşuryldy.
Bahadir SAIDOW,
«Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe- sport guramasynyň
Daşoguz şäher bӧlüminiň hünärmeni.
“Daşoguz habarlary” gazeti.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com