SAGLYK BAÝLYKDYR

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň bilelikdäki yglan eden «Süýt mäzleriniň howply täze döremelerine garşy göreş» atly biraýlyga bagyşlanylyp, usuly okuw maslahaty geçiril¬di. Tejen şäheriniň merkezindäki döwrebap Medeniýet öýünde maslahat geçirildi. Oňa welaýatyň gündogar sebit etraplaryndan edara-kärhanalarda, jemgyýetçilik guramalarynda zähmet çekýän zenanlar, mährem eneler gatnaşdylar.
Ýurdumyz boýunça dowam edýän biraýlygyň çäklerinde geçirilen bu maslahatda lukmanlaryň degişli mowzuklar boýunça, keselleriň öňüni almak bilen baglanyşykly taýýarlan çykyşlary has-da uly ähmiýete eýe boldy. Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň Ylmy kliniki howply çişleriň öňüni alyş bölüminiň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty M.Ýalkabowanyň, şol merkeziň uly ylmy işgäri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty Ç.Batyrowyň hem-de Tejen etrap hassahanasynyň onkolog lukmany G.Eşşekgulyýewanyň eden çykyşlary diýseň täsirli boldy. Olar öz çykyşlarynda ynsan saglygyny goramagyň, howply täze döremeleriň öňüni almagyň, olary irki derejelerinde ýüze çykarmagyň, bejergi işlerini öz wagtynda amala aşyrmagyň, şeýle hem täze döremeleri anyklamakda mammografiýa barlaglarynyň uly ähmiýetiniň bardygyny belläp geçdiler. Çykyş edenler Diýarymyzyň her bir künjeginde gurlan häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen saglyk merkezleriniň, ýurdumyzda geçirilýän wagyz-nesihat çäreleriniň raýatlaryň saglygyny goramakda ähmiýetiniň has-da uludygyny aýdyp, ýüze çykýan howply täze döremeleriň öňüni almakda peýdaly maslahatlary berdiler. Usuly-okuw maslahatyna gatnaşanlar lukmanlaryň degişli mowzuklar boýunça taýýarlan wideoşekillerine-de tomaşa etdiler.
Maslahatyň dowamynda Tejen şäheriniň ýaşaýjysy G.Orazmyradowa çykyş edip, ynsan saglygynyň iň gymmatly baýlykdygyny, ony goramagyň ähmiýetiniň iňňän uludygy hakynda gürrüň berdi, hormatly Prezidentimiziň türkmen zenanlarynyň saglygyny goramak bilen baglanyşykly alyp barýan beýik hem-de tutumly işleri üçin tüýs ýürekden alkyşly sözlerini aýtdy.
Usuly-okuw maslahatynyň ahyrynda şäheriň medeniýet bölüminiň aýdymçy-sazandalarynyň ýerine ýetirmeklerinde aýdym-sazly çykyşlar hem diňlenildi. Mahmal owazly aýdymçylaryň aýdymlarynda Diýarymyzyň gülläp ösüşleri özüniň aýdyň beýanyny tapdy.
Baýramsoltan MYRADOWA,
Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň başlygy,
Ahal welaýat Zenanlar bölüminiň başlygynyň orunbasary,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.
«Ahal durmuşy» gazeti.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com