WOLEÝBOL ÝARYŞY TAMAMLANDY

Türkmenistanyň Milli baýramy—Bitaraplyk gününe bagyşlanyp, aýal-gyzlaryň arasynda woleýbol boýunça yglan edilen welaýatyň birinjiligini almak ugrundaky ýaryş tamamlandy. Ony Ahal welaýat sport baradaky komiteti, Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi hem-de Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi bilelikde guradylar. Welaýat merkezi Änew şäherindäki döwrebap sport mekdebiniň sport zalynda bu ýaryşyň aýgytlaýjy—final duşuşygy geçirildi. Oňa welaýatyň gündogar sebit etraplaryndan Altyn asyr etrabynyň topary, günbatar sebitinden Ak bugdaý etrabynyň topary gatnaşyp, özara güýç synanyşdylar. Ýeri gelende, ýaryşyň ilkinji duşuşyklarynyň ýerlerde geçirilendigini bellemeli. Oňa şäherdir etraplardaky edara-kärhanalaryň, bilim ojaklarynyň, obalaryň toparlary gatnaşdylar. Ýerlerdäki duşuşyklar örän guramaçylykly geçirilip, güýçli toparlary öňe saýlady. Şeýlelikde, welaýatymyzyň sebit etraplaryndaky ýaryşlarda üstün çykan toparlar nobatdaky bäsleşige gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Aýal-gyzlary bedenterbiýä we sport-sagaldyş hereketlerine çekmek, ýerlerden güýçli toparlary ýüze çykarmak, höweslendirmek we zenanlardan welaýatyň ýygyndy toparyny düzmek hem-de olaryň ýokary derejedäki ýaryşlarda şowly çykyş etmeklerini gazanmak maksady bilen geçirilen ýaryşyň aýgytlaýjy duşuşygy diýseň çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Onda iki topar hem örän gyzykly oýun görkezdiler. Bu duşuşyk aýal-gyzlaryň ýaryşa ykjam taýýarlyklar bilen gelendigini hem-de sporta höwesleriniň uludygyny äşgär etdi. Turuwbaşdan gyzykly geçen aýgytlaýjy duşuşygyň netijesinde Ak bugdaý etrabynyň topary Altyn asyr etrabynyň toparyndan 3:1 hasabynda üstün çykyp, welaýatyň birinjiliginiň ýeňijisi boldy. Ýeňiji toparyň agzalaryna Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň ýörite sowgatlary gowşuryldy.
Aýdo ŞEKEROW,
«Ahal durmuşy» gazetiniň habarçysy.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com