BARHA DABARALANÝAR

Hormatly Prezidentimiziň yglan eden Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde uly tutumly işler durmuşa geçirilýär. Bu babatda biziň welaýatymyzda hem sport çäreleridir bäsleşikleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Daşoguz şäher bölüminiň, welaýat sport baradaky komitetiniň, welaýat Baş bilim müdirliginiň, «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Daşoguz şäher bölüminiň, ylym-bilim işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň bilelikde guramagynda «Türkmenistan-sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» atly VIII spartakiadanyň çäklerinde sportuň stoluň üstünde oýnalýan tennis, badminton görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi. Bu ýaryş Daşoguz şäherindäki 2-nji orta mekdebiň sport eýwanynda guraldy. Onda şäheriň orta mekdeplerinden saýlanan okuwçylar ӧzara güýç synanyşdylar. Örän gyzykly we çekeleşikli geçen ýaryşda ӧkdeler ӧňe saýlandy. Sportuň stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşi boýunça 13-nji orta mekdebiň okuwçylary Guwanç Pälwanow, Suhrap Berdiýew, Merjen Pälwanowa dagylar üstünlikli çykyş edip, birinji orna mynasyp boldular. 2-nji orta mekdebiň okuwçylary Muhammet Saparow, Arazgeldi Kuwwadow, Mawluda Bekçanowa dagylar ikinji, 24-nji orta mekdebiň okuwçylary Temur Saparow, Arslan Annaýew, Manzura Sabyrowa dagylar bolsa üçünji ýerleri eýelemegi başardylar. Sportuň badminton görnüşi boýunça geçirilen ýaryş hem örän gyzyklylygy we täsirliligi bilen tapawutlandy. Ýaryşyň netijelerine gӧrä, 16-njy orta mekdebiň badmintonçylary Batyr Gulmürzäýew, Garly Atajanow, Dinara Hudaýbergenowa dagylar birinji orna çykdylar. Ikinji we üçünji ýerlere degişlilikde 2-nji orta mekdebiň okuwçylary Muhammet Saparow, Arazgeldi Kuwwadow, Mahym Paltaşewa we 13-nji orta mekdepden Guwanç Pälwanow, Suhrap Berdiýew, Merjen Pälwanowa dagylar mynasyp boldular. Gyzykly geçen ýaryş berkarar döwletimizde hakykatdan-da sagdynlygyň we ruhubelentligiň barha dabaralanýandygyny äşgär etdi.
Bahadir SAIDOW,
«Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň
Daşoguz şäher bölüminiň hünärmeni.
“Daşoguz habarlary” gazeti.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com