Tejribeler paýlaşyldy

Türkmenabat şäherindäki 26-njy or- ta mekdebiñ bilim işgärteri tamamlanyp barýan 2014-nji ýyly üstünlikli jemlemek maksady bilen «Täze ýyla täze üstünlikler bilen» atly hepdelik geçirdiler. Oña şähe- rimiziñ ähli orta mekdepleriniñ mugallym- lary, jemgyýetçilik guramalarynyñ wekilleri we ýaşlar gatnaşdylar. Hepdeligiñ dowa- mynda bilim işgärleri biri-biri bilen pikir alyşdylar, tejribelerini artdyrdylar. Mekdep okuwçylarynyñ ýasan görkezme esbapla- rynyñ sergisi bolsa ýygnananlaryñ ünsüni özüne çekdi.
Türkmenabat şäherindäki 26-njy orta mekdebiñ bilim işgärteri tamamlanyp barýan 2014-nji ýyly üstünlikli jemlemek maksady bilen «Täze ýyla täze üstünlikler bilen» atly hepdelik geçirdiler. Oña şäherimiziñ ähli orta mekdepleriniñ mugallymlary, jemgyýetçilik guramalarynyñ wekilleri we ýaşlar gatnaşdylar. Hepdeligiñ dowamynda bilim işgärleri biri-biri bilen pikir alyşdylar, tejribelerini artdyrdylar. Mekdep okuwçylarynyñ ýasan görkezme esbaplarynyñ sergisi bolsa ýygnananlaryñ ünsüni özüne çekdi.
— Kärdeşlerimiziñ, jemgyýetçilik guramalarynyñ wekilleriniñ gatnaşmaklarynda geçirilen bu hepdeligiñ biziñ iş tejribämizi has-da artdyrmagymyz üçin ähmiýeti örän uly boldy. Biz öñdebaryjy kärdeşlerimiz bilen tejribele alyşdyk. Täze, 2015-nji ýylda hem ýaşlara döwrebap bilim bermek maksady bilen dürli medeni çäreleri, wagyz-nesihat maslahatlaryny, baýramçylyk dabaralaryny guramaçylykly geçirmegi meýilleşdirýäris — diýip, mekdebiñ müdiriniñ okuw işleri boýunça orunbasary Aýşa Kasimowa buýsanç bilen gürrüñ berdi.
Habarçy.
Jennet RAIMBA ÝEWA 
“Türkmen gündogary” gazeti
20.12.2014ýyl

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com