GYMMATLY MASLAHATLAR BERILDI

Golaýda Daşogzuň lukmançylyk orta okuw mekdebinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň hem-de TKA-nyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda «ӧzgerişli ak ýollaryň rӧwşeni, sagdynly¬gyň, ruhubelentligiň gӧzbaşy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Lukmançylyk mekdebiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň, welaýatyň saglygy goraýyş işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilen bu dabarada TKA-nyň welaýat birleşmesiniň başlygynyň orunbasary Arslan Taganow, Türkmenisatnyň dokma senagaty işgärleriniň KA-nyň ge¬ňeşiniň başlygy, zenanlar guramasynyň agzasy Oguljeren Şyhyýewa, Daşoguz şäher polisiýa bӧlüminiň KÝÝIBB-niň gӧzegçisi Maýagӧzel Amanýazowa, Türkmenistanyň ylym we bilim işgärleriniň KA-nyň geňeşiniň başlygy Jennet Ballyýewa, welaýat polisiýa müdirliginiň ÝWB-niň 2-nji bӧlümçesiniň başlygy Allamyrat Rejepow dagylar çykyş edip, sagdyn durmuş ýӧrelgelerini durmuşa ornaşdyrmak, ýaşlaryň berk bedenli, sagdyn pikirli, ylymly-bilimli, ruhubelent, giň dünýägaraýyşly bolup kemala gelmekleri üçin dӧredilýän mümkinçilikleriň gadyryny bilmek, hormatly Prezidentimiziň ynamyna mynasyp ýaşlar bolup ýetişmekleri barada gymmatly maslahatlaryny, ӧwüt-ündewlerini berdiler. Hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri ýaşlaryň boş wagtlaryny peýdaly geçirmekleri, zyýanly endiklerden daşda durmaklary, sport bilen meşgullanyp, saglyklaryny yzygiderli berkitmekleri barada degerli gürrüňler etdiler, ýaşlara diňe ýagşy niýetleri ýaran edinip, hemişe dogry ýoly saýlamaklaryny, hormatly Prezidentimiziň gӧreldesine eýermeklerini maslahat berdiler. Şonuň ýaly-da, çykyşlaryň dowamynda beýik sepgitleri nazarlaýan Watanymyzda Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda paýtagtymyzda geçiriljek Ýapyk binalarda we sӧweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ähmiýeti aýratyn bellenildi. Mahlasy, ӧwüt-ündew çäresinde buýsandyryjy hem tolgundyryjy çykyşlar, gymmatly maslahatlar täze ӧsüşlere, beýik işlere ruhlandyryjy täsirini eçildi.
Aýjan BAÝJANOWA,
mekdebiň mugallymy, KA-nyň işjeň agzasy.
“Daşoguz habarlary” gazeti.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com