BAGTYÝAR DURMUŞYŇ BEZEGI

Golaýda paýtagtymyzdaky «Bagt ýoly» toý mekanynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň yglan eden «Ýylyň zenany — 2017» atly bäsleşiginiň paýtagtymyzyň Berkararlyk etrap tapgyry geçirildi. Bu bäsleşige etrabyň düzümine girýän edara-kärhanalarda zähmet çekýän zenanlar gatnaşdylar. Täsirli geçen bäsleşikde zenanlar dürli ugurlar boýunça özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bagtyýar zenanlar öz çykyşlarynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýeňişleriniň, ata Watanymyzda gazanylýan ägirt uly tutumlarynyň, ruhubelent durmuşymyzyň waspyny ýetirdiler. Eziz ýurdumyzy gülläp ösüşiň täze belentliklerine ýetiren, halkymyzy eşretli durmuşda ýaşadýan hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýdyp, Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler. Gatnaşyjylaryň her biriniň hünäriň özboluşlylygyny, durmuşy iş pursatlaryny görkezýän wideo ýazgylary täsirliligi bilen tapawutlandy.
Jemgyýetimiziň ösüşine mynasyp goşant goşýan, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda zähmet çekýän zenanlar işewürlikde, eli çeperlikde, çagalary terbiýelemekde, ata Watany wasp etmekde, mukaddes topraga yhlas siňdirmekde, telekeçilikde nusga bolýarlar. Bäsleşigiň dowamynda ýerine ýetirilen joşgunly aýdym-sazlar kalplara şatlyk paýlady. Milli gymmatlyklarymyzyň waspyny ýetirýän, gelin-gyzlarymyzyň el hünärleriniň sergileri dabara gatnaşanlara ruhubelentlik bagyşlady.
Bäsleşigiň deslapky tapgyrynda ýeňiji bolanlar Aşgabat şäher tapgyryna gatnaşyp, özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezmäge hukuk gazandylar.
«Aşgabat» gazeti.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com