WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI

Ýakynda üstümizdäki ýylyň ''Saglygynyň we ruhubelentligiň ýyly'' diýip yglan edilmegi mynasybetli Atamyrat şäheriniň medeniýet merkezinde“Sagdyn jemgyýet-berkarar döwlet“ atly wagyz –nesihat çäresi geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap Zenanlar guramasynyň bilelikde guran bu çäresine edara-kärhanalaryň işgärleri,jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşulular gatnaşdylar. Sagdynlygyň bar ýerinde ruhubelentlik, durmuşa höwes möwç urýar, kämil jemgyýet kemala gelýär. Şonuň üçin geçmişde eždatlarymyz geljekki nesilleriň sagdyn, berk bedenli,arassa ahlakly bolupýş ýetişmekleri üçin aladalanypdylar.Sagdyn durmuş ýörelgeleri nesilbaşymyz Oguz han Türkmeniň döwründen gözbaş alyp gaýtmak bilen,bu günki nesillerede beden saglygyny saklamakda we berkitmekde nusgalyk mirasdyr.Halkymyz häzirki wagta „Saglygym-baş baýlygym“ diýip ,saglygy dünýä baýlygyna deňän ata-babalarymyzyň sagdynlyk ýörelgelerine eýerip şol ýoly dowam etdirip gelýär.
Çärede etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri çykyş edip,ýowuz bela hasaplanylýan neşekeşlige,naskeşlige,çilimkeşlige garşy göreşmek,sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip,jemgyýetimizde ahlak we beden taýdan sagdyn nesil kemala getirmek dogrusynda gürrüň etdiler
Şeýle wagyz–nesihat çäreleri etrabyň Astanababa şäherçesinde, Hatap, Gyzylaýak geňeşliklerinde hem geçildi.
Kulyýew Ödegeldi
Atamyrat etraby.
„Türkmen gündogary“ gazeti.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com