AK ÝOLLARYŇ RÖWŞENI

Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda döwletimizde ilatyň saglygyny goramaga uly üns berilýär. Sebäbi, adamlaryň sagdyn durmuşy hemişe in wajyp meseleleriň biridir. Zyýanly endiklere garşy göreşmek, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek ugrunda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan işleri bütin dünýäde giň goldaw tapýar. Muny öz hatarynda 45 döwleti jemleýän sport guramasynyň-Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň biziň ýurdumyza uly ynam bildirip, 2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek baradaky karary kabul etmegi bilen hem düşündirmek bolýar. Çünki, bu Türkmenistanyň Prezidentiniň bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça alyp barýan syýasatynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.
Ýurdumyzyň at-abraýyny dünýä ýaýjak, dostlarymyzy hasda köpeltjek Aşgabat Aziadasy «Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk» diýen şygar astynda geçer. Aziada 2017-niň oýunlaryna jemi 62 döwletden güýçli türgenleriň gatnaşmagynda sportuň 21 görnüşi boýunça ýaryşlar guralar.
Golaýda, Türkmen oba hojalyk institutynda mugallymlaryň, talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň hem-de TKA-nyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda «Özgerişli ak ýollaryň röwşeni, sagdynlygyň, ruhubelentligiň gözbaşy» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň teklibi bilen 2017-nji ýylyň Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly diýlip yglan edilmegine hem-de şu ýylda geçiriljek Aşgabat Aziadasyna görülýän taýýarlyklara bagyşlanan dabaraly duşuşykda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň guramaçylyk, medeni-köpçülik işleri bölüminiň müdiri Gylyçdurdy Haýdarow, şol bӧlümiň hünärmeni Güljemal Nazarowa, şu ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary, kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzalary Rahmanberdi Gökleňow, Merdan Ataýew, meýletinçiler merkeziniň ýolbaşçysy Güljan Nazarowa dagylar çykyş etdiler. Çykyşlarda şu ýylyň möhüm syýasy wakalarynyň biri-Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna görülýän taýýarlyklar, saýlawçylar bilen geçirilýän duşuşyklar, geçirilýän işlere kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň hem işjeň gatnaşýandyklary hakynda aýdyldy. Şeýle hem şu ýylyň ýene-de bir möhüm wakalarynyň biri bolan Aşgabat Aziadasy, türkmen sportuny ösdürmek babatda gurulýan desgalar, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde tassyklanan, Aziada-2017-niň resmi keşbiniň bezeglerinde milliligimiziň esasy orun tutmagy: uç-gyraksyz çӧlüň belent alaňlarynyň üstünden geçip barýan düýeleriň kerweniniň, kenara urulýan deňiz tolkunlarynyň, türkmen halysynyň owadan nagyşlarynyň, meşhur türkmen taryhy ýadygärlikleriniň, şeýle hem häzirki zamanyň täze ajaýyp binalarynyň, haly gölleriniň, zergärçilik sungatynyň önümleriniň şekilleriniň ýerleşdirilendigi, keşbiň jemlenmesiniň kem-kemden ýokary uçup barýan guşuň şekiline öwrülýändigi, munuň ӧzüniň ýurdumyzyň täze belentliklere, uly maksatlara ýetjekdiginiň aýdyňlyk bilen beýan edilendigi barada buýsançly gürrüňler edildi. Şeýle hem çykyşlarda Aşgabat Aziadasynyň tumary hökmünde alabaýyň saýlanyp alynmagynyň tötänden däldigi, hakykatdan hem alabaýyň wepaly dost we goragçydygy, güýçli hem-de gaýduwsyzdygy barada düşündiriş berildi, institutyň meýletinçiler merkezinde alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada giňişleýin durlup geçildi.
Duşuşygy institutyň zehinli ýaşlaryndan düzülen «Bagtyýarlyk joşguny» aýdym-saz toparynyň gülleýän, gül açýan Watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, uly derejelere göterilýän sportumyzy wasp edýän joşgunly aýdymlary bezedi.

Jumagül HOJAÝEWA, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň pudaklar boýunça utgaşdyryjysy,Türkmenistanyň ussat mugallymy.
“Daşoguz habarlary”

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com