Zenanlaryň döwlet we jemgyýetçilik işjeňligi Parlamentleriň zenan ýolbaşçylarynyň 11-nji maslahatynda giň beýan tapdy

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 21 ýyllyk şanly toýunyň bellenilen günlerinde türkmen wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde geçirilen Parlamentleriň zenan ýolbaşçylarynyň 11-nji maslahatyna gatnaşmagy Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň möhüm taryhy ähmiýetli wakalarynyň biri boldy. «Geljegiň hatyrasyna jebisleşmek» diýen mowzukda, ýokary guramaçylykly ýagdaýda geçen bu halkara maslahatyň işine Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň ýolbaşçysy bilen birlikde ýurdumyzyň Zenanlar birleşiginiň işjeň agzalary hem gatnaşdylar. Taryhy maslahatyň iň gowy täsirleri bilen ýurdumyza dolanyp gelen zenanlar bilen söhbetdeşligimizi žurnalymyzyň okyjylaryna hödürleýäris.

Maýsa TAÝJYKOWA, «Zenan kalby» žurnalynyň baş redaktory:
— Ilki bilen, şeýle ýokary derejedäki maslahata gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin mähriban Arkadagymyza çuňňur hoşallygymyzy bildirýärin. Doganlyk ýurda gadam basanymyzdan, duz-çörekli, mähirli garşy alynmagymyz, bizi ýakymly duýgulara besledi. Maslahata gatnaşýan ýurtlaryň döwlet baýdaklarynyň hatarynda ýaşyl Tugumyzyň al-asmanda pasyrdap durmagy, ata Watanymyza bolan söýgimizi artdyryp, köňül guşumyzy ganatlandyrdy.
Asylly däbe görä, Parlamentleriň zenan ýolbaşçylarynyň maslahaty ýylyň-ýylyna geçirilip, onda dünýä jemgyýetçiliginde zenanlaryň eýeleýän orny kesgitlenilýär, hemmetaraplaýyn howpsuzlyga, ösüşe we durnuklylyga täsirli bolan, dolandyryşyň möhüm jogapkärçiligini talap edýän çalt depginlerdäki syýasy, ykdysady, ekologiýa we ýaşaýyş-durmuş üýtgeşmeleri teklip edilýär. Dünýä ýurtlaryndan gelen zenan ýolbaşçylarynyň özara pikir we tejribe alyşmagyna giň mümkinçilikler döredilýär. Täze onýyllyga badalga beren 11-nji maslahatyň Birleşen Arap Emirliklerinde geçirilmegi türkmen-arap gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösmeginde täze ädim boldy diýsek, ýalňyşmarys. Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Maslahatyň ýolbaşçysy, Birleşen Arap Emirlikleriniň Parlament ýolbaşçysy Amal Abdalla Al-Kubeýsi bilen duşuşmagy, iki dostlukly döwletiň ýolbaşçy zenanlarynyň öz ýurtlarynda zenanlaryň jemgyýetdäki ornuny ösdürmek, olaryň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyndaky işjeňligini artdyrmak, maşgalanyň, enäniň we çaganyň hukuklaryny goramak, öňde goýlan maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine goşant goşmak babatda eden söhbetleri çuň manymazmuna eýe boldy. Halkara milli parlament bileleşiginiň prezidenti Saber Hoseýn Çowduriniň türkmen wekiliýetinden ybarat bolan zenanlar bilen duşuşygynda hem hormatly Prezidentimiz we döwletimiz tarapyndan ýurdumyzyň zenanlaryna goýulýan hormat-sarpa giň beýanyny tapdy.
Bize Maslahatyň çäklerinde geçirilen, dürli mowzuklary öz içine alan bölümlere gatnaşmak hem miýesser etdi. Bölümlerde dürli döwletleriň Parlamentleriniň zenan ýolbaşçylary öňde goýlan maksatnamalar barada çykyş etdiler, dünýäniň global meseleleri, ykdysady ösüşler, gender deňligi we ýaşlar meselesinde gyzykly söhbetdeşlikler hem-de çekişmeler guraldy. Sekizinji bölümde ýurdumyzyň Parlamentiniň ýolbaşçysynyň çykyşyndaky halkymyzyň asuda, erkana we azatdurmuşda ýaşamagy, zähmet çekmegi, okamagy, medeniýetli dynç almagy üçin hemmetaraplaýyn goraglylygy üpjün etmekligiň hormatly Prezidentimiziň çuňňur aladasyna, jemgyýetimiziň baş ýörelgesine öwrülendigi baradaky hakykat şowhunly el çarpyşmalar bilen garşy alyndy.
Sammitiň çäklerinde arap halkynyň myhmansöýerligi, milli däp-dessurlary bilen tanyşmaklyga hem mümkinçilik döredi. Owadan tebigatly ülkede geçen bu halkara maslahata gatnaşyp, dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen zenanlar bilen tanyşmaga, dostlaşmaga, pikir we tejribe alyşmaga mümkinçilik döreden eziz Arkadagymyza ýene-de bir gezek sagbolsun aýdýarys. Milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!
Baýramsoltan MYRADOWA, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty:
— «Geljegiň hatyrasyna jebisleşmek» diýen mowzukdan mälim bolşy ýaly, bu halkara maslahat dünýä halklarynyň jebisligini, agzybirligini ündeýär. Agzybirlik, jebislik bar ýerinde, ösüş bar, özgeriş bar. Döwlet maşgaladan başlanýar diýilýär. Çünki maşgala jemgyýetimiziň ilkinji düzüm bölegi,
bagtyýar durmuşymyzyň berk daýanjy we edepterbiýe ojagydyr. Mukaddeslige deňelýän enelerimiz bolsa, maşgala ojaklarynyň synmaz sütüni hasaplanylýar.
Onsoň, şu ýerde zenanlarymyzyň jemgyýetdäki ornunyň näderejede ýokarydygy ýüze çykýar.
Bu babatdan hormatly Prezidentimiz: «Giň dünýägaraýyşly, watançy nesilleri terbiýelemekde ilkinji borç maşgala ojagynyň asylly däp-dessurlaryny belentde saklaýan zenanlarymyzyň paýyna düşýär» diýip belleýär. Şu günki ýaş nesil biziň bagtyýar geljegimiz. Diýmek, nesilleriň hatyrasyna-da dünýä ýurtlary, dünýä halklary jebisleşmeli, birleşmeli, ele-le berip, agzybirlikde hereket etmeli. Ynha, Maslahatyň maksady, biziň öňümizde goýan wezipesi hem şundan ybarat.
Ýurdumyzyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň alyp barýan wagyz-nesihat işlerinde hem bu taglymat giň beýan tapýar. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň durnukly ösüş ýoluna düşen zamanasynda maşgala bagtyýarlygyny, nesilleriň maksada okgunlylygyny üpjün edýän şowly gadamlar halkymyzyň durmuş eşretleriniň berk binýadyny emele getirýär. Halkymyzyň ýaşaýyş we zähmet şertleriniň gün-günden gowulanmagy, iş orunlarynyň yzygiderli artdyrylmagy, azyk garaşsyzlygynyň, haryt bolçulygynyň gazanylmagy, bahalaryň elýeterli bolmagy, bu gowulyklaryň ählisi mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesidir. Elektrik togy rysgally öýlerimizi nurlandyryp, agzybir ojaklarda tebigy gaz alawlap ýanyp dursa, tagamlar başy duzumyz, ýaşaýşyň gözbaşy suwumyz mugt bolsa, her ýylda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, kömek pullarynyň möçberi artdyrylyp durulsa, körpelerimiz döwrebap çagalar baglarynda terbiýelenip, ýaş nesil dünýä ülňülerine laýyk gelýän ak mekdeplerde çuňňur bilim we terbiýe alsa, ondan uly bagt barmydyr?! Onsoň, türkmen zenanlary ýaşaýşyň asudalygyny, halkymyzyň agzybirligini, durmuşymyzyň eşretlerini başynyň täjine deňäp, bize bu ajaýyp zamanany bagyş eden mähriban Prezidentimize buýsanyp ýaşaýarlar.
Ýokary derejeli Maslahata gatnaşmak bilen bize milli Liderimiziň halkymyz üçin döreden bu eşretlerini dünýä ýaýmaga mümkinçilik döredi. Onuň üçin Gahryman Arkadagymyza alkyşlarymyz bimöçberdir.

Oguljeren KAZAKOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty:

— Hormatly Prezidentimiz: «Häzirki wagtda ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy we ykdysady ösüşinde zenanlarymyzyň orny barha artýar. Olar ýurdumyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyna mynasyp goşant goşýarlar» diýip belleýär. Bu hakykat milli ykdysadyýetimiziň aýrylmaz bölegi bolan telekeçilik ulgamynda hem aýdyň duýulýar. Ýurdumyzyň hususy pudagynyň bedew batly ösüşlerinde zenanlaryň mynasyp ornunyň bardygyny bu gün uly buýsanç bilen aýdyp bilerin. Bu bolsa,türkmen zenanlary üçin her bir işde erkekler bilen deň hatarda zähmet çekip, öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmegine giň mümkinçilikleriň bardygynyň subutnamasy. Maslahatda gender deňligi barada gürrüň edilende, türkmen wekiliýeti tarapyndan çykyş edenler milli Liderimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda zenanlarymyzyň döwlet we jemgyýetçilik işjeňligini artdyrmak, olaryň ýokary öndürijilikli zähmet çekmegi üçin döredilýän ýeňillikler we şertler dogrusynda hem durup geçdiler. Bu kadalar Türkmenistanyň Kanunynda hem berkidilendir. «Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi, «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2015— 2020-nji ýyllar üçin Milli Hereketleriň Meýilnamasynyň» işlenip düzülmegi we hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanmagy, ýurdumyzda gender deňliginiň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleridir.
Zenanlarymyzyň hukuklaryny goramak, olaryň işlemegi, döretmegi, gurmagy babatda edilýän
tagallalar, bilim-terbiýeli, edep-ekramly, zähmetsöýer, ilhalar nesilleriň terbiýelenmegine gönükdirilen giň gerimli işler döwletimiziň we jemgyýetimiziň mundan beýläkde durnukly ösmegine şert döredýär. Berkarar döwletimizdäki şeýle ösüşler, oňyn özgertmeler bolsa, halkymyzyň durmuş eşretleriniň berk binýadyny emele getirýär. Halkymyzyň ykbalynda, milletimiziň taryhynda aýratyn orny eýeleýän, maşgala ojaklaryndaky bagtyýarlygy pugtalandyrýan bu ösüşli sepgitlerde türkmen zenanlarynyň mynasyp zähmet paýy bar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň zenanlary özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginde bitiren aýratyn hyzmatlary, zähmetde, jemgyýetçilik durmuşynda gazanan üstünlikleri, ata Watanymyza wepaly, sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge goşýan asylly goşantlary üçin mähriban Arkadagymyzyň sahawat Permany bilen ýokary döwlet sylaglaryna, hormatly atlara, Şa serpaýlaryna mynasyp bolýarlar.
Ösüş-özgerişli Diýarymyzda ýurt Baştutanymyz we döwletimiz tarapyndan zenanlar baradaky aladalar hakynda edilen çykyşlar Maslahata gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Dünýä ýurtlaryndan gelen zenanlaryň gyzyklanmalaryna, sowallaryna biz diňe bir jümle — mähriban Arkadagymyzyň: «Zenan öý-ojagyň bagtydyr. Türkmen halkynyň baýdak ýaly gelin-gyzlarymyza goýýan sarpasy, jemgyýetimizde zenan mertebesi hemişe belentdir» diýen göwün galkyndyryjy sözleri bilen jogap berdik.
Garaşsyz ýurdumyzda zenan mertebesini Arşa göterýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman bolmagyny arzuw edýäris.
Söhbetdeşligi ýazga geçiren Keýik UMAROWA, «Zenan kalby».

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com