Nohutly çorba

Gerekli önümler: 600 g towuk eti, 100 g nohut, 1 düýp sogan, 2 sany käşir, 1 sany ýeralma, 70 g ösümlik ýagy, duz, burç.
Hamyry üçin gerekli önümler: 1,5 bulgur un, 2 sany ýumurtga, 2-3 diş sarymsak, 2 nahar çemçesi ösümlik ýagy, duz.
Ilki bilen, nohudy arassalap, ýuwup, 1 sagat sowuk suwa ezmeli. Towuk etini dogramaly, duzlamaly, burç sepmeli. Duzy-burçy alşansoň, pes otda gowurmyşlamaly. Biraz salymdan ownuk dogralan sogany, kiçeňräk dörtburçluklara dogralan ýeralmany gazana atyp, pes otda buglamaly. Soňra gazana gaýnag suw guýmaly. Bellenen wagt geçensoň, ezilen nohut hem çişip, suwuny çekýär. Ýöne artyk suwuny dökäýmeli. Nohudy hem-de dogralan käşiri gaýnap duran çorba atyp, gazanyň aşagyny peseltmeli.
Geliň, indi bolsa, nahar bişýänçä, hamyry ýugraly. 1,5 bulgur una ýumurtgalary çakmaly, duz atmaly-da hamyr ýugurmaly. Sarymsaklary arassalap, ýenjip, olaryň şiresini almaly. Sarymsagyň şiresini iki nahar çemçesi ösümlik ýagyna goşup, mazaly garmaly. Hamyry kiçeňräk zuwalalara bölmeli, ýaýmaly. Ýaýylan hamyra sarymsakly ýagy çalmaly-da, togalamaly. Onuň arasy açylmaz ýaly, gyrasyny berkje bükmeli. Soňra onuň her kesimini 1 sm ululykda kesmeli-de, gaýnap duran çorba atmaly. Aş nahara atylansoň, 15 minut gaýnatmak ýeterlikdir.
Nahary saçaga äbermezden ozal, oňa dogralan arpabadyýandyr şibit hem-de bir çemçe gaýmak goşsaň, has tagamly bolar.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: tzb@online.tm