KELEMLI GUTAP

Gerekli önümler:
1-2 sany lawaş, 300 g kelem, 2 sany pomidor, 200 g şöhlat, 100 g peýnir, maýonez hem-de ketçup.
Lawaşy iki, üç sany bölege bölmeli. Her bölegine maýonez çalmaly. Şöhlady, kelemi, pomidory inçejik bölejiklere bölüp dogramaly, garmaly.
Dogralan önümleri lawaşyň böleklerine ýerlemeli. Olaryň üstüne gyrgyçdan geçirilen peýniri sepelemeli, bir çaý çemçe ketçup çalmaly. Soňra lawaşyň bölejiklerini bukja görnüşinde «bükmeli».
Taba iki nahar çemçe ösümlik ýagyny guýmaly-da, taýýar bolan «bukjalaryň» her tarapyny 4 minut çemesi bişirmeli.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: tzb@online.tm