IŞJEN ÝAGDAYDA GEÇEN MASLAHAT

Milli Liderimiziň baştutanlygynda mähriban ýurdumyzyň mer- dana we agzybir halkynyň saglygyny gorap saklamak, keselleriň öňüni almak, anyklamak, bejermek we saglygyny dikeltmek boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň kabul eden Kararyna laýyklykda tassyklanan «Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça Aşgabat Jarnamasynda bellenen wezipeleri 2014-2020-nji ýyllarda amala aşyrmagyň Milli strategiýasyny ýerine ýetirmegiň meýilnamasy» we täze «Saglyk» döwlet maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň 2015—2017-nji ýyllar üçin meýilnamasy bu gün üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Türkmenistanyň Zenanlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde «Ýokanç däl ke- selleriň düzümine girýän howply täze döremeler barada umumy düşünje, olaryň öňüni almak we garşysyna göreşmek» mynasybetli yglan eden biraýlygynyň çäklerinde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde geçirilýän möhüm çäreler täsirliligi bilen tapawutlanýar. Ýurdumyzyň Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň welaýat zenanlar guramasy we welaýat onkologiýa hassahanasy bilen bilelikde guramagynda Balkanabat şäherinde geçirilen maslahata alymlar, lukmanlar, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, edara-kärhanalarda dürli kärlerde zähmet çekýän zenanlar gatnaşdylar. Işjeň ýagdaýda geçen maslahatda çykyş eden Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň ylmy işgärleri ýokanç däl keselleriň, şol sanda olaryň agramly bölegini düzýän onkologiýa keselleriniň öňüni almak we ola- ryň garşysyna göreşmek boýunça göz öňünde tutulan toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň bu ugurda ilata berilýän kömegi hil taýdan täze derejä götermäge mümkinçilik berýändigini aýtdylar. Olar bu möhüm işde hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň wäjyp gollanma bolup durýandygyny aýratyn nygtadylar.
Maslahatda ýokanç däl keselleriň öňüni almakda bitirilýän işler barada gürrüň berýän wideofilmler görkezildi we maslahata gatňaşyjy zenanlaryň sowallaryna anyk jogaplar berildi.
Özara düşünişmek we işjeňlik ýagdaýynda geçen maslahata gat- naşyjylar halkymyzyň saglygyny ähli zatdan ileri tutýan Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.

Muhammetgylyç TAGANGYLYJOW.
«Balkan»

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com