ZENANLAP BÄSLEŞDILER

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilen «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň Serdar şäher tapgyry geçirildi. Ýaş nesli terbiýelemekde arkama-arka dowam edip gelýän edim-gy- lymy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe zenan mertebesine goýulýan sarpany, Watanymyzyň ösüşlorine ýaşlarda söýgi döretmegi, mähriban Arkadagymyza wepalylygyň nusgasyny görkezmegi maksat edinen bäsleşige dürli ugurlarda zähmet çekýän zenanlar gatnaşdylar.
Berlen şertlere laýyklykda, zenanlar özleriniň işine bolan ukybyny, başarjaňlygyny, Watanymyza bolan söýgüsini, Gahryman Arkadagymyza bolan buýsanjyny, sarpasyny beýan etdiler. Netijede, rota serkerdesiniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Gülzar We- liýewa «Berkarar döwletimizde harby we hukuk goraýyş ulgamynda görkezen işjeňligi üçin» diýen ugur boýunça ýeňiji bolmagy başardy. Telekeçi zenan Jennet Gowşudowa «Ýurduň bazar ykdysadyýetiniň we telekeçiligiň ösmegine goşan goşandy üçin» diýen ugur boýunça ýeňiji diýlip yglan edildi. Bäsleşigiň ýeňijileri onuň welaýat tapgyryna gatnaşarlar.

Çaryýar HOJAMYRADOW, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Serdar şäher birleşmesiniň başlygy.
«Balkan»

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com