IŞIN NETIJELILIGI GAZANYLÝAR

Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda zenanlara goýulýan sarpa örän belentdir. Çünki zenanlar ýurdumyzy durmuş-ykdysady, medeni taýdan ösdürmäge, maşgala ojagyny abat saklamaga, sagdyn nesli kemala getirmäge, ýaşlarda milli ruhy gymmatlyklarymyza söýgi döret- mäge, olary Watanymyza, hormatly Prezidentimize, halkymyza wepaly adamlar edip ýetişdirmäge saldamly goşant goşýarlar. Biz hem etrap zenanlar guramamyzyň işini kämiileşdirmäge, geçirýän işlerimiziň netijeliligini gazanmaga çalyşýarys. Häzir etrap zenanlar guramamyz ilkinji guramalaryň 26-syny özüne birleşdirýär. Ilkinji guramalarymyzdaky işjeň agzalar maşgala mukaddesligini berkitmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek barada raýatlaryň arasynda täsirli gürrüňleri geçirýärler.
Geçen ýyly üstünliklere besledik. Ýylyň başyndan durmuşa geçirjek işlerimiziň meýilnamasyny düzdük. Şoňa laýyklykda, milli Liderimiziň «Älem içre at gezer», «Ahalteke bedewi—biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Çaý-melhem hem ylham», «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri», «Döwlet guşy», «Gadamy batly bedew», «Arşyň nepisligi» eserleri boýunça aýal-gyzlaryň arasynda söhbetdeşlik guradyk. «Bagtyýarlyk döwrüniň bagtly zenanlary», «Gyz edebi-gyzyl gül» diýen temalardan edebi-sazly duşu- şyklary geçirdik. Etrabyň kärhanalarynda, guramalarynda, edaralarynda bolup, aýal-gyzlaryň arasynda «Baýdagym—parahatlyk aýdymym», «Belentdir Tuguň, Watan!», «Zenan—ýaşaýşyň gözbaşy», «Güller gözelligi sizden öwrener», «Sagdyn nesil—bagtly geljek», «Gözel bardyr gözellerden zyýada» atly wagyz-nesihat çärelerini guradyk.
«Bereketli türkmen saçagy» atly ajaýyp kitap boýunça gyzlaryň arasynda «Milli tagamlarda döwrüň sazlaşygy» atly bäsleşik geçirdik. Onda gyzlar ene-mamalarymyzdan miras galan milli tagamlary taýýarladylar. «Beýik Ýeňşiň ýalkymy», «Magtymgulynyň döredijili- ginde nesil terbiýesi», «Gözel görkli senedim» atly aýdym-sazly baýramçylyk çäreleri hem täsirliligi bilen tapawutlandy. Ol çärelerde uruş ýyllarynda obalarda zähmet çeken zenanlar, mugallymlar, «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly adyň eýeleri çykyş etdiler.
Ýaşlara döwrebap bilim we terbiýe bermekde zenanlar mynasyp goşant goşýarlar. Maşgalanyň agzybirligini berkitmek, ata Watana bolan buýsançlaryny ösdürmek maksady bilen «Gyzlara edep-ekram ýaraşar», «Gül gyzlar-edepli gyzlar» atly duşuşyklary geçirdik. Duşuşyklarda köp çagaly eneler, önümçiligiň öňdebaryjylary ýurdumyzda ata-eneleriň, ýaşlaryň hukuklarynyň we bähbitleriniň goralyşy, zenanlara goýulýan sarpa, maşgala agzybirliginiň ýaşlara edýän täsiri dogrusynda gürrüň berdiler.
Zenan mertebesini belende galdyrýan, maşgala mukaddesligine uly sarpa goýýan döwlet Baştutanymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

Gurbanbagt HAJYÝEWA, Bereket etrabyndaky 20-nji orta mekdebiň mugallymy, Tiirkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap geňeşiniň başlygynyň orunbasary.
«Balkan»

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com