BAGTYÝAR ZENANLAR BÄSLEŞDILER

Hormatly Prezidentimiz enelere, zenanlara hemişe uly hormat-sarpa goýýar. Zenanlar türkmen jemgyýetinde ähli döwürlerde-de uly orun tutupdyrlar. Munuň şeýledigini olaryň ýurduň ösüşlerine mynasyp goşant goşmagynda we geçirilýän köpçülikleýin çärelerde görkezýän işjeňliginde hem görmek bolýar.
Balkanabat şäherindäki 3-nji orta mekdepde geçirilen bäsleşik hem munuň ýene bir gezek subutnamasy boldy. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Balkanabat şäher geňeşiniň guramagynda geçirilen «Ýylyň zenany» bäsleşigine çeper elli, şirin dilli zenanlar gatnaşdylar.
Bäsleşigiň esasy maksady mynasyp nesli terbiýeläp ýetişdirmekde dünýä meşhur bolan halkymyzyň edim-gylymyny, bagtyýarlyga beslenýän döwrümizde mähriban Arkadagymyzyň saýasynda zenan mertebesine goýulýan sarpany, arkama-arka dowam edip gelýän däp-dessurlarymyzy beýan etmekden, Watanymyzyň ösüşlerine ýaş nesilde söýgi-buýsanjy döretmekden hem-de halkymyza, Gahryman Arka- dagymyza wepalylygyň nusgasyny görkezmekden ybarat boldy. Bäsleşige gatnaşyjylar dürli ugurlar boýunça başarnyklaryny görkezdiler. «Berkarar döwletimizde el hünärini dikeldýändigi we kämilleşdirýändigi üçin» diýen ugur boýunça gadymdan gelýän maddy gymmatlyklarymyzy, el hünärleri bilen sungat derejesindäki işleri döredýän zenanlar, «Türkmeniň gadymy ruhy gymmatlyklaryny, milli medeni mirasyny dünýä ýaýmakdaky asylly işleri üçin» diýen ugur boýunça medeni mirasymyzy döwrebap derejede kämilleşdirýän, ony ýaş nesle öwretmekde asylly işleri alyp barýan zenanlar bäsleşdiler. «Çaga terbiýelemekde görkezen yhlasy üçin» diýen ugur boýunça perzentlerini terbiýelemekde we olaryň durmuşda öz orunlaryny tapmagy ugrunda yhlasyny gaýgyrmaýan köp çagaly zenanlaryň bäsleşigi uly ruhubelentlige beslendi.
Ýokary guramaçylyk we ýolbaşçylyk ukyby bilen tapawutlanýan, önümçilikde ýokary netije gazanmakda yhlasyny gaýgyrmaýan, el işlerine ökde, jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşýan, eneligi, çagalygy, maşgalany goldamagy öz borjy hasaplaýan, mähriban Arkadagymyzyň döwrebap başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge mynasyp goşant goşýan zenanlaryň bäsleşikde eden çykyşlary täsirli boldy. Her bir bäsleşige gatnaşyjy özüniň iş ýeri, zähmet we durmuş ýoly, bagtly maşgalasy we jemgyýetçilik işlerine gatnaşyşy barada çeper sözde beýan edip, bagtyýar durmuşyň hözirini görmäge ähli şertleri döredýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýtdy.
Bäsleşigiň jemi jemlenilende, «Bagt köşgi» toý dabaralary merkeziniň bagbany Dünýägözel Babaýewa «Ýylyň çeper elli zenany» adyna mynasyp boldy. «Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Ýalkym Meretgylyjowa «Ýylyň sungatda işjeň zenany» adyna eýe boldy. Balkanabat şäherindäki 46-njy çagalar bagynyň müdiri Hesel Muham- medowa bolsa «Ýylyň mährem zenany» diýen ady eýelemegi başardy.
Ýeňiji bolan zenanlar bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Nursoltan DEPBIÝEWA.
«Balkan»

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com