DÖWRÜMIZIN ÝARAŞYGY—BAGTDAN PAÝLY ZENANLAR

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen döredilen ajaýyp şertlerde zähmet çekmek, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmak zenanlar üçin uly abraýdyr, mertebedir. Ça- galaryny Watanymyza, mähriban Arkadagymyza wepaly, ile-güne haýyrly, edep-terbiýeli, bilimli adamlar edip ýetişdirmek her bir enäniň arzuwydyr.
Halkymyzda zenanlara maşgala ojagynyň zynaty hökmünde garalýar. «Ene mähek daşydyr» diýilmegi-de ýöne ýerden däl. Jemgyýetimizde maşgalanyň mizemezligini üpjün etmegi, maşgala gymmatlyklaryna aýawly çemeleşmegi, ony berkitmegi möhüm wezipe hökmünde öňe sürýän döwlet Baştutanymyz zenanlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün edip, olaryň Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesli terbiýelemekde bitirýän hyzmatlarynyň bimöçberdigini hemişe nygtaýar.
Eziz Diýarymyzda gelin-gyzlar dürli ulgamlarda özleriniň tutanýerli zähmeti bilen abraý-mertebä eýe bolýarlar. Şeýlelikde, olar berkarar Watanymyzyň has-da kuwwatlanmagyna mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Olary ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyna has giňden çekmek maksady bilen hem ençeme döwrebap işler durmuşa geçirilýär, dürli çäreler, bäsleşikler guralýar. Şolaryň biri-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilen «Ýylyň zenany» atly bäsleşikdir. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi tarapyndan Serdar şäherindäki medeniýet öýünde geçirilen «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň welaýat tapgyryna onuň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan çeper elli, şirin dilli zenanlar gatnaşdylar.
Halkymyzyň edim-gylymyny, ösüşlere beslenýän döwrümizde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy, bimöçber aladasy netijesinde zenan mertebesine goýulýan sarpany, hormaty, arkama-arka dowam edip gelýän däp-dessurlarymyzy beýan etmegi, ata Watanymyzyň ösüşlerine ýaş nesilde söýgi-buýsanjy döretmegi hem-de agzybir halkymyza, mähriban Arkadagymyza wepalylygyň nusgasyny görkezmegi, şeýle-de zenanlaryň önümçilige we ýurduň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagyna ýardam bermegi, durmuşyň dürli ugurlary boýunça zenanlaryň tekliplerini öwrenmegi we goldamagy maksat edinen bäsleşik uly ruhubelentlige beslendi. Oňa gatnaşan zenanlar şertlere laýyklykda, dürli ugurlar boýunça öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alyp barýan ýokary guramaçylyk ukyby üçin» diýen ugur boýunça dürli pudaklarda ýolbaşçylyk ukyby bilen tapawutlanýan, işgärleri üçin oňaýly iş şertlerini döredýän, ýokary öndürijiligi gazanmakda yhlasyny gaýgyrmaýan zenanlar «Ýylyň işewür zenany» diýen ady almak ugrunda bäsleşdiler. Olaryň zehinlerine, guramaçylyk ukyplaryna görä baha berildi. «Berkarar döwletimizde el hünärini dikeldýänligi we kämilleşdirýänligi üçin» diýen ugurda zenanlar ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän milli gymmatlyklarymyz bolan amaly-haşam we zergärçilik sungaty boýunça, keşde çekmekde, gaýma gaýamakda, dokan haly-palaslarynyň, salan keçeleriniň waspyny çeper sözde beýan edip, «Ýylyň çeper elli zenany» diýen ady almak üçin bäsleşdiler. «Türkmeniň gadymy ruhy gymmatlyklaryny we milli medeni mirasymyzy dünýä ýaýmakdaky asylly işleri üçin» diýen ugur boýunça halkymyzyň gaýtalanmajak medeni mirasyny bagtyýarlyk döwrümiziň ösen talaplaryna laýyk derejede kämilleşdirmekde, milli däp-dessurlarymyzy ýaş nesle öwretmekde mynasyp goşant goşýan zenanlar «Ýylyň sungatda işjeň zenany» diýen ady almak ugrunda birek-birekden kem durmadylar. «Çaga terbiýelemekde görkezen yhlasy üçin» diýen ugur boýunça eneligi we çagalygy, maşgalany, zenanlary golda- maga raýatlyk borjy hökmünde garap, ile özüni aldyran, ilhalar perzentleri ýetişdirýän köp çagaly enelere hemaýat berip, ýaş nesli döwrebap terbiýelemäge saldamly goşant goşýan zenanlar «Ýylyň mährem zenany» diýen ugur boýunça hem öz başarnyklaryny kemsiz görkezdiler. «Berkarar döwletimizde harby we hukuk goraýjylar ulgamynda görkezen işjeňligi üçin» diýen ugurda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeleri üs- tünlikli durmuşa geçirmeklige goşandyny goşýan zenanlar «Ýylyň watançy zenany» adyny almak ugrunda bäsleşdiler. Şeýle-de «Obany ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin» diýen ugurda türkmen obasynyň döwrebap keşbini kemala getirmäge, obany özgertmäge we oba hojalyk önümçiligini ösdürmäge goşant goşýan zenanlar «Ýylyň öňdebaryjy oba zenany» diýen ady almak ugrunda birek-birekden saýlanmaga sy- nanyşdylar.
Bäsleşige gatnaşan zenanlar özleriniň maşgala durmuşy, iş ýerleri, jemgyýetçilik işlerine goşýan goşantlary barada çeper sözlerde beýan etdiler. Enelere, zenanlara uly hormat-sarpa goýýan mähriban Arka- dagymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.
Bäsleşigiň jemi jemlenende, «Ýylyň işewür zenany» diýen ada Serdar şäherindäki 3-nji orta mekdepden Bägül Sädiýewa, «Ýylyň çeper elli zenany» adyna Serdar çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Ma- ýagül Gazakowa, «Ýylyň sungatda işjeň zenany» diýen ada Türkmenbaşy şäheriniň medeniýet merkeziniň işgäri Tuwakgül Meredowa, «Ýylyň mährem zenany» adyna Serdar şäherindäki 7-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Nurtäç Pollykowa, «Ýylyň watançy zenany» diýen ada harby bölümden Gülzar Weliýewa, şeýle hem «Ýylyň öňdebaryjy oba zenany» adyna Bereket etrabynyň «Däneata» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Dürli Jepbarowa mynasyp boldular. Olar «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň döwlet tapgyryna gatnaşarlar.
Bäsleşigiň ýeňijilerine Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Nursoltan DEPBIÝEWA.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com