Ýörelgämiz — sagdynlyk

Döwrüň sesine ses goşup, işde, okuwda, döredijilikde, çaga terbiýesinde görelde bolýan zenanlarymyz bu gün eziz Diýarymyzyň bedew batly ösüş-özgerişlerine mynasyp goşant goşmakda öwgä mynasyp işleri alyp barýarlar. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň ähli babatlarda üstünlikli jemlenmeginde zenanlarymyzyň aýratyn ornunyň bolandygyny aýdyp geçmek ýakymly. 2017-nji ýyl bolsa, halkymyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak taryhy ýyllaryň biri bolar. «Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly» diýip yglan etmek bilen, mähriban Arkadagymyz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň dünýä ýaň saljak ýylyny has-da dabaralandyrdy. Hormatly Prezidentimiziň 2017-nji ýylyň «Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hem-de sagdyn durmuş-medeni çäreleri ýokary derejede guramaçylykly geçirmek maksady bilen gol çeken Kararyna laýyklykda, bu ýylda geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň meýilnamasynyň tassyklanylmagy, iri sport baýramçylygyna görülýän taýýarlyk işleriniň has-da giň gerime eýe bolmagyna itergi berdi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň işjeň agzalarynyň hem-de ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň ýakynda geçiren derwaýys söhbetdeşligi hem türkmen taryhyna, şeýle-de dünýä sportunyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak bu ýylyň dabaralary bilen utgaşdy.
«Ýörelgämiz — sagdynlyk, şygarymyz — ruhubelentlik». Ynha, şeýle at bilen geçirilen söhbetdeşlik diýseň işjeň häsiýete eýe boldy. Ruhubelentligi şygar, sagdynlygy ýörelge edinen zenanlarymyzyň her biriniň kalbyny gurşap alan buýsanç duýgulary söhbetdeşlikde edilen çykyşlarda giň beýan tapdy. Ilkinji nobatda, söhbetdeşlikde Aziada—2017-niň resmi keşbi we tumary barada buýsançly gürrüňleriň edilendigini agzamak bolar. Çünki sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ata Watanymyzyň täze keşbini kemala getirjek Aşgabat Aziadasynyň resmi nyşanynda we tumarynda ýurdumyzyň milli özboluşlylygy, taryhy we medeni aýratynlyklary, halk däp-dessurlary, tebigat dünýäsi jemlenendir. Olaryň ajaýyp sazlaşygyndan bolsa, Aziada—2017-niň çuň many-mazmuna eýe bolan keşpler toplumy emele gelýär. Aziýa oýunlarynyň tumary hökmünde türkmen alabaýynyň milli hem sport lybasyndaky şekili bolsa, merdi-merdanalygy, hüşgärligi, wepalylygy, gaýduwsyzlygy we sport hyjuwyny alamatlandyrýar. Bu ajaýyp häsiýetler «Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.» şygary astynda geçirilýän iri sport baýramçylygynda türkmen türgenlerini ýeňişlere ruhlandyryp, halkymyzyň sagdynlygyny we ruhubelentligini bütin dünýäde dabaralandyrar.
Derwaýys söhbetdeşlige gatnaşan Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy, Oguljennet Jumabaýewa bu barada şeýle diýýär:
— Berk bedenli, sagdyn ruhly nesli kemala getirmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini we endiklerini berkarar etmek mähriban Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň özenini düzýär. Çünki sagdyn jemgyýetde sagdyn nesliň kemala gelmegi, ýurdumyzyň gülläp ösüşlerinden, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň has-da gowulanmagyndan nyşan. Halkymyzyň saglygyny gorap saklamakda, ýurdumyzda sagdyn jemgyýeti döretmekde bolsa, sport we bedenterbiýäniň möhüm orny bar. Sport — güýç-gaýratyň, gözelligiň, sagdynlygyň, ruhubelentligiň we täze belentliklere okgunlylygyň beýanydyr. Süňňüň sagat, ruhuň belent bolanda, okuwa-da, işe-de höwesli bolýarsyň. Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň, esasan hem ýaş nesliň sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmagy üçin ähli şertleri döredýär. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen bu gün türkmen sporty ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykyp, dünýäniň sport ulgamlarynyň dürli ugurlary boýunça ynamly öňe barýar. Bu bolsa türkmen türgenleriniň Aşgabat Aziadasynda üstünlikli çykyş edip, uly ýeňişleri gazanjakdyklaryna bolan berk ynamy döredýär. Bagtyýar halkymyzy ynamly ýollar bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza alkyşlarymyz bimöçberdir. Milli Liderimiziň ömri uzak, jany sag bolsun!
Hawa, abadan ýurtda, parahat durmuşda il-ýurt bähbitli döwletli işlere goşant goşmak her birimiz üçin uly bagt, belent mertebe. Öňde duran beýik işleriň, belent sepgitleriň saglyk bilen, ýokary ruhubelentlikde üstünlikli amal edilmeginde gujur-gaýratly zenanlarymyzyň hem mynasyp goşandy bolar. Bagtyýar zamanada ýaşaýan halkymyzy belent sepgitlere, nurana maksatlara ýetirmegi maksat edinýän döwlet Baştutanymyza beýik işlerinde egsilmejek rowaçlyklary arzuw edýäris.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com