GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ ZENANLARYNA

Eziz eneler!
Mähriban gelin-gyzlar!
Sizi gözelligi we ýakymlylygy bilen ynsan köňüllerine ylham-joşgun paýlaýan bahar paslynda giňden bellenýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynyň ýaşyl begrese beslenen ýazynyň ilkinji günlerinde bu ajaýyp halkara baýramyň şanyna geçiriljek dabaralaryň, medeni-jemgyýetçilik çäreleriniň mähriban enelerimiziň, eziz uýalarymyzyň, ähli gelin-gyzlarymyzyň kalbynda tolgundyryjy we ýatdan çykmajak täsirleri galdyrjakdygyna ynanýaryn.
Enelere, gelin-gyzlara sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak halkymyzyň gözbaşyny müňýyllyklardan alyp, mukaddeslik hökmünde nesilden-nesle geçip gelýän milli däbidir. Halk dessanlarymyz, altyna gaplaýmaly nakyllardyr atalar sözleri, hüwdülerdir monjugatdylar, ajaýyp toý aýdymlary, milli şaý-sepler Watana, il-güne, mukaddes ojagyna wepaly, zähmetsöýer gelin-gyzlarymyzyň abraý-mertebesiniň hemişe belent tutulýandygyna şaýatlyk edýär. Mähriban gelin-gyzlarymyzyň çeper elleri, uz barmaklarynyň gudraty bilen döredilen gözel we nepis halylarymyz bolsa halkymyzyň dünýäde ykrar edilen ajaýyp sungatydyr.
Garaşsyz Watanymyzyň syýasy, ykdysady, medeni-durmuş binýadynyň pugtalandyrylmagynda, gazanýan beýik ýeňişlerimizde mähriban gelin-gyzlarymyzyň mynasyp paýy bar. Milletimiziň buýsanjy we mertebesi bolan zenanlar bu gün döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, aýratyn hem ylym-bilim, medeniýet we saglygy goraýyş ulgamlarynda, iň kämil we çylşyrymly tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan önümçilik kärhanalarynda milli we döwlet maksatnamalarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda netijeli zähmet çekýärler. Telekeçilik we jemgyýetçilik işleri bilen meşgullanýarlar hem-de berkarar döwletimiziň kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Zenanlarymyz Watan öňünde bitirýän hyzmatlary, watançy, ylymly-bilimli, sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge goşýan goşantlary üçin ýokary döwlet sylaglaryna hem-de hormatly atlara mynasyp bolýarlar.
Halkara zenanlar güni mynasybetli Garaşsyz Watanymyzyň paýtagty Aşgabat şäherinde, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň merkezlerinde, etrapdyr şäherçelerimizde, döwrebap obalarymyzda dabaraly we ýatdan çykmajak çäreler, sergiler, hünär we döredijilik bäsleşikleri, duşuşyklar geçirilýär. Ýürekden çykýan ýakymly gutlaglar, mähirli arzuwlar sadadan mylaýym, parasatly enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň jemgyýetimizde uly ornunyň bardygyny aýdyň ykrar edýär hem-de zenanlara bolan sylag-hormatymyzy has-da artdyrýar.
Mähriban gelin-gyzlar!
Biz nesillerimizde ruhy we ahlak arassalygyny, beýik geljegimize bolan uly ynamy terbiýelemäge, jemgyýetimiziň esasy binýady bolan maşgalada abadan durmuşy üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berýäris. Sebäbi, her bir maşgaladaky agzybirlik hem-de rahatlyk jemgyýetimiziň abadançylygynyň girewi bolup durýar. Merdana halkymyz mukaddes maşgala ojagynyň asylly we ajaýyp däp-dessurlaryny milli gymmatlyk hökmünde belentde saklap gelýär. Milli gylyk-häsiýetli, Watana, il-güne wepaly, ak ýürekli hem-de zähmetsöýer, enä we ýaşuly nesle sarpa goýýan nesilleri terbiýelemäge mähir-muhabbetini bagyş edýän güler ýüzli, mylakatly zenanlarymyz, ak saçly enelerimiz uly işleri bitirýärler.
Agzybirligimizi, bitewüligimizi pugtalandyrmakda, ynsanperwer däplerimizi rowaçlandyrmakda, medeniýetimizi ösdürmekde, bagtyýar nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde zenanlarymyzyň orny örän uludyr.
Şonuň üçin jemgyýetimizi milli däplerimiz esasynda yzygiderli ösdürmek, her bir maşgalany ýokary ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen üpjün etmek, mähriban enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň bagtyýar durmuşymyza buýsanyp ýaşamaklary, döredijilikli zähmet çekmekleri, maşgala gurmaklary, perzent terbiýelemekleri üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. Durmuş kepillikleri, maşgala abadançylygy, bagtly enelik we çagalyk, zenanlarymyzyň kanuny bähbitlerini we hukuklaryny goramak ugrunda döwlet derejesindäki aladalarymyz, bilimli-terbiýeli, edepli, ýokary ahlakly nesilleri terbiýelemäge gönükdirilen giň gerimli özgertmelerimiz jemgyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün edýär.
Mähriban eneler!
Hormatly gelin-gyzlar!
Sizi tebigatyň al-elwan güllere beslenýän bahar çagynyň ajaýyp baýramy — Halkara zenanlar güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Size berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, asuda we bagtyýar durmuş, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Goý, halkymyzyň ýürek guwanjy, maşgala daýanjy hem-de mertebesi bolan mähriban enelerimiziň we gelin-gyzlarymyzyň güler ýüzleri elmydama bahar ýaly nurana bolsun!

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com