Siz türkmene beýik eýýam, Arkadag!

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:
— Biz merdana halkymyzyň çäksiz beýikdigine, ata Watanymyzy başymyza täç edip ýaşaýandygymyza buýsanmaga doly haklydyrys!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri mähriban halkymyza belent mertebäni we ajaýyp bagty bagyşlaýar. Bu ruhy gymmatlyklar bolsa ajaýyp döwrümiziň Tuguna öwrülip, bizi dünýä halklarynyň arasynda döwletli-döwranly hem bagtyýar millet edip ýaşadýar. Diýarymyza bagtyýarlyk bolup dolan bu döwletli döwran eziz halkymyzyň arzuwlaryna ganat, köňüllerine ylham-joşgun berdi. Şonuň üçinem: «Ilkinji nobatda, meniň ähli aladam halkym bolar» diýip, halkyny Gün kibi çoýýan eziz Arkadagyna her demde birjik-de egsilmeýän alkyşlary, dogaýy dilegleri bagyşlaýar.
2017-nji ýylyň 12-nji fewraly halkymyzyň täze taryhynda altyn seneleriň biri boldy. Şol gün hemme ildeşlerimiz bir adam ýaly jebislikde hem agzybirlikde saýlawlara ýokary işjeňlik bilen gatnaşyp, özüniň ARKADAGYNA bolan mizemez ynamyny beýan etdi. Halkymyz bu ynama döwrümiziň beýik işlerine bolan buýsanjyny, eşretler zamanamyza çäksiz guwanjyny, ata Watanymyzyň geljeginiň mundan hem beýik boljagyna synmaz umydyny jemläp, saýlaw uçastoklaryna tutuş maşgala bolup, gursagyny guwançdan dolduryp, güler ýüz bilen bardylar. Bu ýerde höküm süren baýramçylyk howalasy agzybirligimiziň, jebisligimiziň polatdan pugta, daşdan berkligi baradaky pikir-oýlary çar ýana bagyşlady.
Fewral aýynyň 17-sine paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde Gahryman Arkadagymyz öz eziz halkynyň hem-de ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň, mukaddes Gurhanyň öňünde durup, Döwlet Tugumyza togap edip, watançylyk Kasamyny kabul etdi. Ajaýyp duýgulara eýlenen bu tolgundyryjy pursatlary teleýaýlym arkaly synlanyňda, özümiziň şeýle beýik hem ynsanperwer ýurduň raýatydygymyza buýsanç duýgusy tutuş kalbyňy gurşap alýar.
Hormatly Prezidentimiziň belent münberden sözlän taryhy sözi boýdan-başa belent watançylyga, halkymyza bagtly hem eşretli durmuşy üpjün etmek maksatlaryna eýlenenligi bilen her birimiziň ýüregimizde baky orun aldy. Halkymyz bu çykyşy geljek ýyllarda berkarar ýurdumyzyň hemme ugurlar boýunça pajarlap ösmegini üpjün etmegiň toplumlaýyn maksatnamasy hökmünde kabul edýär.
Döwletimiziň mizemez binýadyny düzýän milli ykdysadyýetde gazanylýan öňegidişlikleriň ähli miweleri ýurdumyzyň her bir raýatynyň abadançylygyna hyzmat edýär. Başy tutulan beýik işler sanlyja ýylyň içinde Türkmenistan Watanymyzy ozal dünýä bazaryna çig mal serişdeleri satuwa çykarýan ýurtdan ýokary hilli senagat harytlary bilen barha adygýan, kuwwatly döwlete öwürdi.
Milli ykdysadyýetini pudaklaýyn diwersifikasiýalaşdyrmak ýoluny saýlap alan ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda senagatlaşmak syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Bary-ýogy sanlyja ýyllar mundan ozal daşary bazarlardan satyn alynýan senagat harytlary, hatda elektrotehnika we elektron harytlar hem eýýäm tiz wagtda özümizde öndürilip başlanar. Olaryň dünýäde adygan daşary ýurt nusgalaryndan birjik-de kem bolmajagyna arkaýyn bil baglasa bolar, sebäbi Gahryman Arkadagymyz bu işleriň binýadynda iki ykbal kesgitleýji ýörelgäni mizemez kada edip belledi. Olaryň birinjisi — milletiň paýhas goruny, intellektual mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, ikinjisi bolsa — milli ykdysadyýetimizi tehniki we tehnologiýa taýdan düýpli döwrebaplaşdyrmakdyr. Başgaça aýtsak, ýurdumyzy ösdürmekde saýlanyp alnan baş ugur — öňdebaryjy bilimler, döwri ozdurýan ylym we iň täze innowasiýalar ýoly bilen ýöremek. Bu ýoluň dogrudan hem ykbal özgerdiji güýje eýedigini bolsa, bu günki günde dünýä boýunça arzyly öňdeligi ynamly saklap gelýän ösen hem kuwwatly döwletleriň ösüşler tejribesi doly aýdyňlygy bilen görkezýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň halkymyza bagyşlaýan eşretleri bu günki günde türkmen obasynyň keşbini tanalmaz derejede özgerdýär. Bu ugurda amala aşyrylýan işleriň netijesinde şäher hem oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň aratapawudy ýitip barýar. Indi oba ýerlerinde gurulýan dolandyryş edara binalary, toý mekanlary, Medeniýet we saglyk öýleri, dermanhanalar, orta mekdepler hem çagalar baglary, durmuş hyzmaty hem söwda merkezleri özüniň daşky binagärlik keşbi boýunça-da, enjamlaşdyrylyşy babatynda-da şäher ýerindäkilerden birjik-de pes däl.
Ýer eýelerine berilýän hemmetaraplaýyn döwlet goldawy olaryň halal daýhançylyk kesbinden rysgal-bereket tapmagyna ýardam edýär. Oba zähmetkeşleri üçin ýokary öndürijilikli tehnikalar satyn alynýar. Daýhanlary ýer, suw, ýokary hilli tohumlar, dökünler bilen mugt üpjün edilýär. Oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini kämilleşdirmek boýunça kabul edilen Milli maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde türkmen obalarynda iň täze nusgadaky inženerçilik desgalary, suw, gaz, tok üpjünçilik hem lagym geçirijileri gurulýar, täze ýollar hem aragatnaşyk ulgamlary çekilýär. Indi ýurdumyzyň iň çetki obalarynyň ýaşaýjylary hem hemra aragatnaşygynyň miweleri bolan ykjam telefon, internet ulgamyndan arkaýyn peýdalanyp bilýärler, milli we daşary ýurt tele we radioýaýlymlarynyň iň gyzykly gepleşiklerine tomaşa etmäge mümkinçilik aldylar.
Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen ozal ýalazy meýdan bolup ýatan tarp ýerlerde täze nusgalyk obalar peýda bolýar. Aňyrsyna-bärsine göz ýetmez bugdaýly meýdanlar altynsow derýalar bolup tolkun atýar, ak altynly atyzlarda halkymyzyň rysgal-berekedi ýetişýär. Oba ilaty üçin gupba ýaly owadan, ähli durmuş amatlyklary göz öňünde tutulan öýler gurlup, ýeňillikli ipoteka karzlary esasynda ildeşlerimize berilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň ýadawsyz aladalary bilen milli bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sungat ulgamlarynyň işi düýpli kämilleşdirilýär. Goly gujurly, kalby hyjuwly türkmen ýaşlarynyň müňlerçesi ýurdumyzyň hem daşary döwletleriň saýlama ýokary okuw mekdeplerinde bilim alyp, mähriban mekanymyzyň paýhas goruna egsilmez kuwwat bolup goşulýarlar. Türkmen medeniýet we sungat ussatlarynyň şowhunly çykyşlaryna Parižiň hem Wenanyň, Moskwanyň hem Tokionyň, Daşkendiň hem Astananyň, beýleki dünýä ýurtlarynyň paýtagtlarynyň sungat muşdaklary ör turup, el çarpýarlar.
Mähriban Arkadagymyzyň egsilmez ýürek sahawaty bilen nepis türkmen el halysy, behişdi bedew aty, gaýtalanmajak nepislige eýlenen zergärçilik sungaty, garadangaýtmaz alabaý iti hem tämiz arwanasy, saryja goýny hem algyr elguşy, gadymyýetden biziň günlerimize mizemez şöhrat-şanyň heýkelleri bolup ýeten köp sanly taryhy ýadygärlikleri, ynsan kalbyny heýjana salýan Nowruz baýramy umumadamzat medeniýetiniň kämillik nusgalary hökmünde ykrar edildi.
Eziz Arkadagymyzyň taýsyz syýasy zehini bilen Türkmenistan özüniň hemişelik Bitaraplyk ýörelgesine eýermek hem-de «Açyk gapylar» syýasatyna ygrarly bolmak bilen, halkara derejesindäki ylalaşdyryjy merkez hökmünde tanalýar. Müňýyllyklaryň dowamynda döwlet guran, ýakyn-u-alysdaky ýurtlara hoşmeýillilik bilen garan, diňe dostluk-doganlyk ýoly bilen ýörän halkymyzyň bu gadymy mekanynda BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Merkezi Aziýa üçin sebit merkeziniň hemmeleri parahatçylyga çagyrýan resmi Baýdagy belentde parlap dur. Ata mekanymyzda höküm sürýän agzybirligiň, jebisligiň, parahatçylyk söýüjiligiň belent ykrarnamasy bolan ýene-de bir ajaýyp wakanyň — Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanjak senesi hem indi uzakda däl. Halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber yhlasynyň miwesi bolan bu senä uly buýsanç bilen garaşýar.
Arzyly ösüş, ilki bilen, halkyň ýüreginde şineleýär. Halkym diýip ýaşaýan Gahryman Arkadagyň ykbalyna, ömrüniň manysyna öwrülýär. Durmuşyň altyn kadasy bolan bu şertiň berjaý edilen ýerinde halkyň bagty çüwüp, alnyndan ak Gün dogýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri, ine, şeýle beýik — halk üçin, halkyň hatyrasyna, halkyň bagtyna hem abadan ýaşaýşyna barýan nurly ýoldur. Onuň gözbaşy — WATANÇYLYKDYR, maksady — HALKA AK ÝÜREKDEN GULLUK ETMEKDIR, zanny — HALALLYKDYR, şygary — YNSANPERWERLIKDIR!
Binýady — berkararlykdan, Tugy — agzybirlikden, ýoly — halky söýmekden bolan eziz Watanymyza bu ýoly mähriban Arkadagymyz saýlady! Halkymyz bolsa bu ýoly ýüreginde göterip, özüne bagtyň altyn sakasyny açan Hak Howandaryna — eziz ARKADAGYMYZA guwanýar, buýsanýar, belent hormat-sarpa goýýar, saýlap alan ýolunda polat gala ýaly jebisleşýär! Arkadagly — abadan, bolelin, döwletli-döwranly döwletimizi özüniň göterilen ykbaly saýyp, golundaky Tuguny al-asmana göterip dünýä çykýar! «Ile döwlet geler bolsa, bagşy bilen ozan geler!» diýilýn bu döwletli döwranyň guýmagursak şahyrynyň zybanynda kemal tapan dogaýy dilegler türkmeniň ilhalar bagşysynyň şirin owazy bilen jaýdar sazlaşyp, bütin äleme dolýar:

Ata ýurdum bir mübärek didardyr,
Ýelleri saz, agaçlary dutardyr!
Gujagynda älem bagta duçardyr!
Siz türkmene beýik eýýam, Arkadag!

Jahan ANNAÝEWA, «Zenan kalby».

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com