Öýüm — ömrümiň örki

Gözel bahar paslynyň ilkinji günleri mähriban zenanlarymyz üçin şatlykly pursatlardan başlanýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gelin-gyzlara goýulýan belent sarpa olaryň durmuşa bolan ruhuny galkyndyrýar. 8-nji mart — Halkara zenanlar güni mynasybetli sekiz we ondan köp çagany dünýä inderip, kemala getiren, «Maşgalam — baş galam» diýip, döwletli ojaklarynyň başynda yhlas bilen durýan enelerimiz hormatly Prezidentimiz tarapyndan aýratyn alada bilen gurşalýar. Olara «Ene mähri» diýen hormatly atlar dakylýar.

Biz: «Täze jaýyňyz gutly bolsun, rysgal-döwleti köp bolsun!» diýip, Berdiýewlere bahar baýramy mynasybetli paýtagtymyzyň gözel künjeginde ähli amatlyklary bolan kaşaň keşpli mermer binadan hormatly Prezidentimiziň adyndan köp çagaly maşgalalara berlen sowgady gutlamak üçin baranymyzda, çagalaryň hersi bir iş bilen gümrady. Täze jaýdaky mebeller ýerbe-ýer goýlandy, gyzlaryň ulujasy Şasenemjik bolsa ejesiniň yzyndan galanokdy. «Eje, bu näme, o näme?» diýip, çaga bilesigelijiligi bilen sowal yzyna sowal ýagdyrýardy. Myratberdi, Annaberdi, Ýusupdyr Ahmet dagy bolsa, äpişgeden daşaryk seredip duruşlaryna: «Eje, aý, eje, bärik gelsene, gör, ynha, seýilgähem golaýjak eken, günde gidip şol ýerde gezelenç ederis» diýşip şatlanýardylar.
— Mähriban Arkadagymyzyň eneler barada, aýratyn hem köp çagaly eneler barada edýän taýsyz tagallalary bimöçber. Bu gün biziň maşgalamyzda goşa toý, goşa şatlyk. Maňa «Ene mähri» diýen hormatly adyň dakylmagy hem-de ynha, şu jaýyň şahadatnamasynyň gowşurylmagy biziň maşgalamyzyň şatlygyna şatlyk goşdy. Begenjimiziň çägi ýok. «Näme sowgat etseň, çaga bilen garra et» diýýär, ata-babalarymyz. Bu, dogrudanam, şeýle. Çagalar jaýyň açaryny gören batlaryna guş bolup uçaýjak boldular. «Ýörüň gidip göreliň-de, gidip göreliň» diýşip howlukdyrdylar. Jaýyň içine aýlanyp görenlerinden soň, onuň giň otaglaryna, ýaşaýyş üçin döredilen aňrybaş şertlerine haýran galdylar. Bizi şeýle zamana — diňe guwanyp oturmaly günlere ýetiren Gahryman Prezidentimize minnetdarlygymyzyň çägi ýok — diýip, köp çagaly ene Ogultäç Berdiýewa buýsanç bilen gürrüň berýär.
Biziň ýurdumyzda işleseň, gadyryň bilinýär, çagany dünýä inderip, oňa edep-terbiýe bermek, iline-gününe, Watanyna wepaly edip ýetişdirmek ene-atanyň mukaddes borjy bolup durýar. Halkymyzda «Ene terbiýeleýji, ata ekleýji» diýen atalar sözi bar. Diýmek, birinji nobatda, ene terbiýesi gerek. Çaganyň edebine, terbiýesine, medeniýetliligine, köpçülik ýerlerinde özüni alyp barşyna siňdirilmeli düşünjelere gözegçilik etmegi Ogultäç hiç wagt öz ýiti nazaryndan sypdyrmady. Öýden daşary çykdyňmy, öňüňden uly adam çyksa, hökman salam bermeli, sebäbi edebiň ýagşysy salamdan başlanýar. Özüňden ula hormat goýmaly, kiçini sylamaly — bu hem esasy ýörelgäň bolmaly. Şeýle häsiýetleri terbiýeläp bilseň, onda seniň çagalaryňda daş-töwerege, mukaddes ene topraga, Watana bolan söýgi güýçlener, aňlarynda mertlik, merdanalyk, batyrlyk diýen düşünjeler öser.
Maşgaladaky çaý başyndaky söhbedimiz gyzygyp gitdi. Oňa maşgalabaşy Muhammetdurdy hem goşuldy:
— «Çagany ýaşdan...» diýlişi ýaly, terbiýe, ýagşy endikler çaganyň beýnisi bekäp başlandan berlip başlansa, çaga ulaldygyça onuň dünýägaraýşy giňeýär, geljege ynamly gadam basyp başlaýar. Zähmet endikleri terbiýede iň zerur zatlaryň biridir — diýdi.
Ene. Ol ýaşaýşyň gözbaşy, dünýämiziň gelşigi. Aýdymda ýaňlanyşy ýaly:
Seni dünýä däl-de, mähriban enem,
Ümmülmez dünýäni saňa deňeýän.

Hawa, ene ümmülmez dünýä, ýolumyzyň şamçyragy. Ogultäç gelnem özüniň enelik mähri, çagasyna bolan hamraklygy, pähim-parasatlylygy bilen çagany akylly-başly, edepli-terbiýeli edip ýetişdirmegi başaran ene. Çaga terbiýesi üçin näçe wagtyň gerekdigi çäklendirilmedik, olar üçin gijäniň gündiz edilip, ene mähri bilen aýdylan hüwdüler sansyzdyr. Şonuň üçinem, çagalaryň ene-atanyň öňündäki borçlary uly. Ene üçin saçlary agaran perzentlerem kiçijek çaga mysaly.
Çaga terbiýesinden, olaryň agzybirliginden gurlan maşgala ojagy. Onuň odunyň alawlap durmagy hemmeleriň borjy. Maşgala binýadynyň berk bolmagy çagalaryň terbiýesine bagly. Berdiýewleriň maşgalasynda bu düşünje giň ýaýran. Sebäbi Muhammetdurdy hem, Ogultäç hem köp çagaly maşgalada kemala gelipdirler. Muhammetdurdynyň dört dogany, Ogultäjiň dokuz dogany bar. Köp çagaly maşgalada ösüp ulalmagyň özi, ondaky görüm-görelde çaganyň durmuş baradaky düşünjeleriniň ir oýanmagyna täsir edýär. Türkmen halky ata-baba köp çagaly bolan. Onsoň beýle maşgalada ene-atanyň çagalarynyň hersine aýratyn üns berip, läliksiretmäge kän wagtlaram bolup duranok, şonuň üçinem, halk arasynda: «Çagalar biri-birini süýrär» diýen degişme-de bar. Bu, hakykatdanam, şeýleräk bolýar. Ulalan çaga kiçä ýardam etmeli, biri-birini ulularyň dünýäsine goşmaly. Durmuş ýoluna gadam basanyňda bu pursatlar saňa şamçyrag bolup şöhle saçýar.
Hormatly Arkadagymyz köp çagaly maşgalanyň özbaşyna döwletdigini, ony aýap-gorap saklamalydygyny, ony jemgyýetiň sütüni hasaplamalydygyny nygtaýar. Şeýle bolanda jemgyýetimiz sagdyn, agzybir bolýar. Gahryman Prezidentimiz şular ýaly giň garaýyşly maşgalalaryň gadyryny bilýär. Durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak boýunça yzygiderli alnyp barylýan durmuş syýasatyny öz içine alýan maksatnamanyň çäklerinde olara hemmetaraplaýyn ýardam edilýär.
Tebigata bahar paslynyň gelmegi bilen daş-töwerek al-elwan güllere beslenýär. Zemin janlanyp başlaýar. Güller açylyp, agaçlar pyntyklap, älem-jahan gül-gülzarlyga öwrülýär. Bütin adamzadyň kalby joşup, ruhy belende galýar. Ýaz paslynyň älem owadanlygy bilen bäsleşýän gelin-gyzlarymyzam özleriniň näzikligi, mylaýymlygy bilen misli Kuýaş kimin şöhle saçýarlar. Iň owadan ajaýyp baýramçylyklaryň naýbaşysy bolup, bahar paslynyň ilkinji günlerinde 8-nji Mart — Halkara zenanlar güni ählihalk tarapyndan baýram edilýär. Ynha, şu gözel günlerde hormatly Prezidentimiziň Permany bilen köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly at dakylýar. Bu bolsa mährem zenanlaryň, eneleriň ýüreklerini begenç, buýsanç duýgusy bilen doldurýar.
Aşgabat şäherinden köp çagaly ene Ogultäç Berdiýewa baýramçylyk güni goşa şatlygyň eýesi boldy. Ol «Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp boldy hem-de mähriban Arkadagymyzdan ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýyny sowgat aldy.
Maşgalanyň şeýle bagtly pursatlary başyndan geçirip, şatlanyp oturyşlaryny synlamaklygyň özi sende buýsanç duýgularyny oýarýar. Olaryň maşgalasynda alty ogul, iki gyz kemala geldi. Çagalaryň ulusy Hakberdi goşun gullugynda, Myratberdi Aşgabat şäherindäki 101-nji mekdebiň soňky synpynda, Annaberdi ýedinji, Ýusupdyr Ahmet bäşinji, Şasoltan üçünji synplarda okaýarlar. Şasenem bilen Kakajan bolsa, çagalar bagyna gatnaýarlar.
«Çagaly öý bazar» diýleni. Çagalaryň gülküsi, hoş owazlary her bir döwletli ojagyň baýlygy. Agzybir, parahat ojak bolsa, ata-enäniň aňyrsyna ýetip bilmejek guwanjy, buýsanjy. Öý, ojak ýöne ýere ömre deňelenok. Goý, asuda Watanymyzda şeýle bagtyýar maşgalalaryň sany köp bolsun.
«Zenan kalby».

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com