Mirasyň bezegi türkmen zenany

Ýazlar bilen zenanlaryň arasynda meňzeşlik bar diýilýär. Eýsem, bu meňzeşlik nämedekä?! Olaryň ikisiniň hem gözelligindemikä ýa-da zenanlaryň kalbynyň tebigatdaky özgerişlikleri inçeden duýýanlygyndamyka?! Ýazlar bilen zenanlaryň arasyndaky meňzeşlik olaryň ikisinde hem kimdir birine ömri, ýaşaýşy bagyş etmegi başarýanlygynda bolsa gerek.
Dünýädäki her bir zenan Alla tarapyn nesli dowam etmek üçin ýaradylan. Meselem, ýazlar tebigata täzeden jan berýän bolsa, kalby ajaýyp duýgulardan doly eneler hem perzentlerine ömür berýär. Zenan, ilki bilen, söwer ýigidiň ýarydyr, soňra perzentleriniň ejesidir. Baharyň we zenanyň sazlaşygyndan dünýäde bir ajaýyp mukam emele gelýär. Ol belent-belent daglara, türkmeniň aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän uç-gyraksyz ýaşyl sähralaryna düşüp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ajaýyp günleri bilen utgaşyp, zenan mertebesiniň şirin waspy bolup ýaňlanýar.
Älemi läle-reýhana besläp gelýän baharda ýurdumyz baýramçylyk ruhuna beslenýär. Baharyň mylaýym ýelleriniň, ajaýyp gül-gunçalarynyň gözelliginiň üstüni ýetirip gelýän 8-nji mart Halkara zenanlar gününiň dabarasy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ähli oba-kentlerini gurşap alýar. Türkmeniň göz guwanjyna deňelen mährem zenanlarynyň şanyna tutulýan dabaralarda zenan mertebesi, ene keramaty, gelin-gyzlaryň gözelliginiň tarypy, şan-şöhraty ýene bir gez beýgelýär.
Ýurdumyzda hatyralanýan zenan mertebesiniň gymmaty mähriban Arkadagymyzyň zenanlar baradaky aladalarynda has-da aýdyňlygy bilen ýüze çykýar. Bu has hem hormatly Prezidentimiziň badalga beren Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda äşgär duýulýar.
Ynha, bu gün hem paýtagtyň iň ajaýyp ýerinde ýerleşýän Türkmenistanyň nebit-gaz toplumynyň Medeni-işewürlik merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, «Zenan kalby» žurnalynyň redaksiýasy we Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan geçirilen «Mirasyň bezegi türkmen zenany» atly aýdym-sazly edebi döredijilik duşuşygy hem 8-nji mart Halkara zenanlar gününe bagyşlanyldy.
Geçen ýyl hemmämize mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip yglan edilipdi. Geçen ýylyň dowamynda şu mynasybetli ýurdumyzda alnyp barlan işlerden çen tutsaň, hakykatdan hem baýramçylyk çärä ýöne ýere ýokarky adyň saýlanyp alynmandygyna göz ýetirýärsiň. Eli çeper zenanlar ene-mamalarymyzdan galan nepis halylardyr keşdeleri kämilleşdirip, ony dünýä nusgalyk derejelere ýetirdi. Häzirki günlerde-de toýdur baýramlarda milli senedimiziň ajaýyp önümleri bolan gülýakadyr, bilezikleri, gupbadyr, abpasylary, umuman, gadymy şaý-sepleri yhlas bilen dakynyşy, ene-mamalarymyzdan galan gadymy ketenidir, sowsanylary, begres dondur, çabytlary sünnäläp, keşdeläp geýnişlerini göreniňde, oňa: «Aperin, elleriňe güller bitsin, türkmen zenany!» diýeniňi duýman galýarsyň.
Türkmeniň haýsy bir zadyny alyp görseň, mirasyň bir ülşi bolup dur. Geliň, gowusy, ilki bilen, ynsanyň dünýä inýän ilkinji günlerinden mysal alyp göreliň. Bäbejik dünýä inýär, onuň dünýädäki ähli sesleriniň içinden ilkinji saýgarýan sesi ene hüwdüsi. Ene mähri hüwdä siňdirilýär. Çaga terbiýesi ene hüwdüsinden başlanýar diýilýär.
«Atlansa hana meňzär,
Tursa daýhana meňzär,
At üstünde oturşy,
Il söýen dana meňzär.

Işe barar bat bilen,
Abraý alar at bilen,
Bol hasyly gazanyp,
Tanalar şöhrat bilen»

Şu ýerden görnüşi ýaly milli medeni mirasymyzy döredijiler, elbetde, enelerdir.
Ýa-da öý-içerde ulanýan haýsy bir zady alsak, onuň aňyrsynda türkmen zenanynyň ajaýyp el işleriniň yzlary bardyr. Türkmen halysy, gelin-gyzlarymyzyň bejerip, gaýap tikýän gül görkli keşdeleri, owadan gülli keçeleri, datly türkmen milli tagamlary we ençeme edim-gylymlary, däp-dessurlary — bularyň bary diňe türkmen zenanlarynyň uçursyz zehininiň, abyrsyz zähmetiniň netijesinde kemala gelipdir diýsek hem öte geçerin öýdemok.
Ajaýyp ýaz güni dabara gatnaşýan gül keşpli gelin-gyzlary synlanyňda, türkmeniň zandy şahyr ogly Gurbannazaryň:

Durna jümjümeli, älemgoşarly,
Ülkäme ýaz bolup gelen, ýazlarym.
Edepli-ekramly gunduz goşarly,
Bäs edişdiň gyzlar bilen, ýazlarym

— diýen setirleri biygtyýar seriňe gelýär.
Baharyň ak gülleri bilen, milli nagyşlarymyzyň nusgasynda bezelen ajaýyp sahnadan ýaňlanan aýdymlar eziz enelere, ene mukaddesligine, zenan bagtyýarlygyna, perzent söýgüsine bagyşlanyp ýerine ýetirilen şirin aýdymlar bu ýere gatnaşanlaryň gyzgyn söýgüsine, şowhunly el çarpmasyna mynasyp boldy. Elbetde, ene mukaddesliginiň tarypy aýdym saýy ýaňlanyp, dabara gatnaşan adamlaryň kalbynda öz mährem enelerine bolan söýgi, mähir, duýgularyny oýardy. Zenan gözelliginiň waspy, türkmen zenanynyň asyllylygy, söwer ýaryna wepadarlygy, öý-ojagyna hamraklygy ýerine ýetirilen her bir aýdymyň özenini düzdi.
Haýsy bir ýurduň ösüşini biljek bolsaň, şol döwletde zenanlara goýulýan sarpadan çen tutaýmaly. Bu günki günde türkmen zenany iň bir bagtyýar zenanlaryň biridir. Sebäbi eziz Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzyň zenanlaryna ägirt uly sarpa goýulýar. Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen sekiz we ondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren ýurdumyzyň eneleriniň ýüzlerçesine Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyň dakylmagy zenan mertebesine goýulýan uly hormatdan nyşandyr.
Bu barada dabara gatnaşyp, sahnada çykyş eden zenanlaryň ençemesi uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Çykyş edenler ýürek buýsançlaryny kimseler şygryň üsti bilen aýtsa, kimseler gazaldyr aýdymlaryň üsti bilen beýan etdiler. Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa öz çykyşynda: «Men bu döwre bütin ömrüm boýy garaşdym» diýip, ajaýyp zamanamyz, eziz Arkadagymyz baradaky öz ýürek buýsanjyny şygyrlaryň üsti bilen beýan etse, şahyr Didarberdi Allaberdiýew zenanlar baradaky ajaýyp goşgulary bilen, Türkmenistanyň at gazanan artisti Dürsoltan Annamyradowa bolsa, öz çykyşyny bagtyýar zamanamyza bagyşlap, çykyşynyň soňuny Arkadag baradaky goşgy bilen tamamlady. Umuman, owadan sahnada çykyş edenleriň ählisiniň çykyşlarynda ata Watanymyza buýsanç, bagtyýar döwrümiziň eşretli günlerine guwanç duýgulary, beýik zamanany döredýän eziz Arkadagymyza bolan buýsanç hem alkyşlara beslenip dowam eden aýdym-sazly dabara Türkmenistanyň nebit-gaz toplumynyň Medeni-işewürlik merkeziniň aýdymçylarynyň ýerine ýetiren aýdymlary dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy.

Ogulgözel ŞAGULYÝEWA, «Zenan

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com