Sporta söýgi

Türkmen halky üçin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak öňden gelýär diýsek ýalňyşmarys. Sebäbi mal-garaly, ekin meýdanly bolan halkymyz irden turup, aýratyn maşklar bilen meşgullanmasalar hem, olaryň ýerine ýetirýän işleri maşklaryň dürlüsi bolupdyr. Ondan başga-da, aşyk oýnamak, ýüpden bökmek, ýaglyga towusmak, at çapmak, gizlenpeçek oýnamak — bular sportuň görnüşleri bolup durýar. Diýmek, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary Meredowlar saglygyň we ruhubelentligiň özeni bolan türkmen sportuny ösdürmeklige, ony nesilden-nesle geçirmeklige öz goşantlaryny goşýarlar.
Maşgalabaşy Berdimyrat Meredow kyrk ýyllap bedenterbiýe we sport ugrundan dürli wezipelerde işledi.
— Ýurt Baştutanymyz döwlet başyna geçenden soň ilatyň arasynda bedenterbiýäni we sporty ösdürmeklige aýratyn uly üns berip başlady. Aşgabatda, welaýat merkezlerinde, obadyr şäherlerde gurlan ajaýyp sport desgalary her bir raýatyň göwni islän sport görnüşi bilen meşgullanmagyna giň mümkinçilik berýär. Mundan öň sport çärelerini gabat gelen ýerde geçirmeli bolýardy. Bu döredilen mümkinçilikler Türkmenistan Watanymyzyň her bir raýatynyň sagdyn we bagtyýar ýaşamagyna esas bolýar — diýip, Berdimyrat aga çaý başynda gürrüň berdi.
Sagdynlykda ömür, bedenterbiýede we sportda şähdaçyklyk, türgenlik bar. Bularyň bary bolsa jemlenip, raýatlaryň Watana bolan söýgüsini ösdürýär, dünýägaraýşyny giňeldýär. Türkmeniň milli sportunyň dünýä sportuna tarap ynamly ýol salmagyna getirýär. Dünýä we Aziýa olimpiadalarynda, ýaryşlarda, Uniwersiadalarda türkmen türgenleriniň gazanýan üstünlikleri, türkmen Tugunyň belentde pasyrdamagy — bu her bir türkmeniň ýürek buýsanjy, guwanjy bolup milli simfoniýa öwrülýär, her bir kalpda «Bu men — türkmen, meniň jan Watanym Türkmenistan» diýen belent duýgyny oýarýar. Her bir raýatyň milli sportuň ösdürilmegine we halkara arenasynda ýokary baha mynasyp bolup, türkmen sportunyň has uly derejelere ýetmegine öz mynasyp goşandyny goşasy gelýär.
Berdimyrat aga öz çagalarynyň sportuň dürli görnüşleri — futbol, woleýbol, tennis, ýeňil atletika, suwda ýüzmek, küşt-şaşka, düzzüm boýunça yzygiderli meşgullanmaklary üçin alada edýär. Şeýle bolansoň agtyklary Gurbanmyrat, Annamyrat, Orazmyrat sportuň suwda ýüzmek görnüşine gatnaşýarlar.
— Oglanlardan tamamyz uly, biraz wagtdan bular uly ýaryşlara gatnaşyp bilerler we Türkmenistanyň ýaşyl Tugunyň ýokary galdyrylmagyna, bagtyýar ýurdumyzyň dünýäde tanalmagyna ýardam ederler — diýip, enesidir atasy agtyklaryna ýagşy arzuwlary etdiler.
Alty çagany ösdürip kemala getiren Aýbölek gelnejäniň ykbaly hem sport bilen bagly. Ol Türkmenistanyň sport baradaky döwlet komitetiniň «Gyşky oýunlar sport toplumy» döwlet kärhanasynda tehniki işgär bolup işlemek bilen sportuň darts (naýzajyklar bilen nyşana urmak) görnüşi boýunça ýeterlikli tejribe toplady, ol jadyly oýnuň syrlaryny öwrendi. Darts oýny öz gözbaşyny iňlislerden alyp gaýdyp, dostlaryň oýny adyna mynasyp bolan gyzykly oýun, ol çeýeligi talap edýär. Aýbölek gelneje «Hanmudo» söweşjeň sungaty federasiýasynyň düzüminde şol oýun boýunça geçirilen ýaryşlara gatnaşyp, baýrakly orunlara eýe boldy we halkara bäsleşiklere gatnaşmaga hukuk gazandy. Şeýlelikde, ol darts oýny boýunça Bolgariýada, Gyrgyzystanda, Azerbaýjanda, Belarussiýada geçirilen zähmetkeşleriň halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, öňdäki orunlary eýelemegi başardy. Ol bu ýaryşlara çagalary Röwşeni, Azady, Täzegüli hem alyp gitdi we maşgala bolup, sportuň darts, ýeňil atletika, suwda ýüzmek ýaly toparlaýyn geçirilen ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň sport abraýyny goradylar.
Ömrüniň kyrk ýyla golaý wagtyny mähriban Diýarymyzda bedenterbiýäni we sporty köpçülikleýin ösdürmeklige öz mynasyp goşandyny goşan Berdimyrat Meredowyň maşgala agzalarynyň sporta bolan söýgüleri uly, olaryň uludan-kiçi hemmesi sportuň dürli görnüşlerine gatnaşýarlar, hepdede 3-4 gün stadiona baryp türgenleşik geçirýärler. Maşgala agzalary bedenterbiýäniň we sportuň adam saglygy üçin peýdasynyň uludygyna düşünmek bilen ir-ertir, gijagşam sportuň ylgamak, küşt-şaşka, darts, woleýbol, futbol ýaly dürli görnüşleri boýunça öz aralarynda ýaryşlar geçirýärler.
Bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaklyk janyňy sag, wagtyňy hoş, ruhuňy belent edýär. Bu zatlaryň bar ýerinde bolsa agzybirlik höküm sürýär. Muňa Meredowlaryň maşgalasy aýdyň mysal bolup bilýär. Sebäbi dört otagly öýde dört ogluň maşgalasy — gelinleriň we olaryň çagalarynyň agzybir girip-çykyp ýörmekleriniň özi döwletlilikden, ruhubelentlikden nyşan. Gelinler Gülnardyr Bahar, Mähridir Şirin Aýbölek gelneje bilen Berdimyrat aganyň göwün guşlary. Bu maşgalada her bir iş maslahatly edilýär. Gelinler Berdimyrat tälimçiniň geçiren, geçirýän ýaryşlarynyň guramaçylykly geçirilmegine ýardam edýärler.
— Çagalaryň ýaşlykdan bedenterbiýe maşklary bilen meşgullanmagy olaryň sagdyn ösüp-ulalmagyna, gaty seýrek näsaglamagyna getirýär. Olar şähdaçyk, wagtyhoş, işeňňir bolýarlar — diýip, döwletli maşgalany bir saçaga jem edip oturan Aýbölek gelneje aýdýar.
— Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň badalga bermegi bilen Watanymyzda welosiped sportuny täzeden dikeltmek we ony dünýä ülňülerine laýyklykda ösdürmek başlandy. Bu başlangyç ähli raýatlaryň arasynda giň goldaw tapdy, onuň adam saglygyna uly täsiriniň bardygyny biz öňden hem bilýäris. Sebäbi biz çagakak atalarymyz, kakalarymyz giden, gelen ýerlerine welosiped ulanmagy halardylar. Biz ýaş wagtymyz okuwa, işe welosiped bilen gatnardyk, sebäbi welosiped sürmeklik adam saglygy üçin möhüm bolan gan aýlanyşy gowulandyrýar, ýürek-damar keselleriniň öňüni alýar. Halkymyzyň dowamat-dowamy boljak ýaş nesil üçin edýän taýsyz tagallalary üçin mähriban Arkadagymyza
minnetdarlygymyzyň çägi ýok. Paýtagtymyzda gurulýan Olimpiýa şäherjigi her bir raýatyň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagyna ýardam eder. Bu ajaýyp zatlar biziň ýaşlykda eden arzuwlarymyzyň miwesi, çagalarymyz üçin bolsa bahasyna ýetip bolmajak jenneti döwran — diýip, ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedenterbiýäni we sporty köpçülikleýin ösdürmek milli syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen 2017-nji ýylyň «Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly» diýlip yglan edilmegi her bir raýatyň ylhamyny joşdurýar. Eziz Diýarymyzyň raýatlarynyň gazanylýan ykdysady we sosial üstünliklere guwanyp, ruhlarynyň belent, keýpleriniň çag bolmagyna getirýär. Adam saglygynyň düýp-özeni bolup duran bedenterbiýe we sport, her bir adamyň oňa ýykgyn etmegi bolsa sagdynlygyň gözbaşydyr. Sagdyn jemgyýet bagtyýarlygyň egsilmez binýadydyr.

«Zenan kalby»

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: tzb@online.tm