GYZYKLY GEÇEN BÄSLEŞIK

Ýakynda Halkara zenanlar güni mynasybetli paýtagtymyzda ýerleşýän Çagalar awtoşäherçesinde Aşgabat şäherindäki orta mekdepleriň V, VI, VII synplarynda okaýan okuwçy gyzlaryň arasynda ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça bäsleşik geçirildi.
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň, Aşgabat şäheriniň Baş bilim müdirliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Aşgabat şäher bölüminiň, Aşgabat şäheriniň Medeniýet müdirliginiň, Bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň we Çagalar awtoşäherçesiniň bilelikde guramagynda geçirilen bäsleşik ýol hereketiniň düzgünlerini dogry berjaý etmek kadalaryna bagyşlandy.
Garaşsyz ýurdumyzda erkana, bagtyýar durmuşda ýaşaýan ýaş neslimizi ylymly-bilimli, berk bedenli, arassa ahlakly edip ýetişdirmek, mekdep okuwçylaryna köçelerde, ýollarda howpsuz hereket etmegiň kadalaryny öwretmek, olary doly we dogry berjaý etmeklerini gazanmak, ýol-ulag hadysalaryndan goramak maksady bilen geçirilen bu bäsleşik iki tapgyrdan ybarat boldy. Oňa okuwçy gyzlardan ybarat bolan jemi 6 topar gatnaşyp, ýol hereketiniň howpsuzlygy bilen bagly özara sowal-jogap alyşmak arkaly, şeýle-de matanyň ýüzüne ýol belgileriniň suratyny keşde görnüşinde çekmek boýunça bäsleşdiler.
Bäsleşigiň ahyrynda iki tapgyra laýyklykda has gowy netijeleri gazanan, ýeňiji bolan we aýratyn tapawutlanan toparlary Halkara zenanlar güni bilen gutlap, olara Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirligi tarapyndan taýýarlanan baýraklar we Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Hormatly Prezidentimize bolan alkyş sözleri özboluşly öwüşgine eýe bolan bu bäsleşige gatnaşanlaryň her biriniň diliniň senasy boldy.
Mähri GAÝYPOWA,
«Watan» gazeti.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com