BAÝRAMÇYLYK DABARASY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň toý-baýramlary many-mazmuna baýlygy bilen tapawutlanyp, halkymyzyň bagtyýarlygynyň beýanyna öwrülýär.
Golaýda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde guramagynda Halkara Zenanlar güni mynasybetli paýtagtymyzdaky «Toý mekany» dabaralar merkezinde «Güller gözelligi sizden öwrener!» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Uly şatlyk-şowhuna beslenen bu baýramçylyk dabarasyna Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň hem-de Zenanlar birleşiginiň işjeň agzalary, mährem eneler we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Dabarada ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary myhmanlaryň baýramçylyk şatlygyny artdyrdy. Ýaňlanan aýdym-sazlarda mährem eneleriň, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň we ajaýyp zamanamyzyň waspy ýetirildi.
Halkara Zenanlar güni mynasybetli geçirilen baýramçylyk dabarasynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda gazanylýan üstünlikleriň dowamly bolmagy, Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamak ugrunda alyp barýan işleriniň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegi hakynda arzuw etdiler.
«Watan» gazeti.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com