NESILLERIMIZE MIRAS

Şeýle at bilen Änew şäherindäki Medeniýet öýünde baýramçylyk duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Ahal welaýat häkimliginiň bilelikde guramagynda geçirilen bu çäre Halkara zenanlar gününe bagyşlandy. Oňa zenanlar guramalarynyň işjeň agzalary, edara-kärhanalarda zähmet çekýän gelin-gyzlar hem-de mährem eneler gatnaşdylar. Ýurdumyzyň welaýatlaryndan gelen zenanlar bolsa baýramçylyk duşuşygynyň iň arzyly myhmanlary boldular.
Baýramçylyk duşuşygyna gatnaşyjylar, ilki bilen, medeni ojagyň giň eýwanynda ýaýbaňlanan sergi bilen tanyşdylar. Milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny — el işleriň dürli görnüşini öz içine alan sergi köpöwüşginliligi bilen tapawutlandy. Zenanlarymyzyň on barmagyndan dörän nepis işler hakyndaky gürrüň ol ýere gelenlerde uly täsirleri galdyrdy. Gelin-gyzlaryň, eneleriň ýerine ýetiren işleri oňa baý many goşdy. Bu sergiden soňra hemmeler toý ruhuna beslenen zala ýygnandylar. Ol ýerde baýramçylyk duşuşygyň esasy çäreleri giň gerim aldy.
Baýramçylyk duşuşygyna gatnaşyjylar çykyşlaryň birnäçesini diňlediler. Türkmenistanyň Milli Golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kondidaty A.Durdyýewanyň çykyşy aýratyn täsirli boldy. Ol öz çykyşynda täze taryhy döwürde milli mirasa goýulýan sarpanyň belent derejä göterilendigi, milli gymmatlyklarymyza uly ähmiýetiň berilýändigi, gelin-gyzlarymyzyň, umuman, zenanlarymyzyň milli el işlerimizi dowam edip, kämilleşdirýändikleri hakda gürrüň etdi. Dürli dokma önümleriniň, şol sanda halydyr halyçalaryň, keçeleriň gymmaty we taryhy dogrusyndaky aýdylanlar aýratyn ünsi çekiji boldy.
Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň Ýasga oba medeniýet öýüniň müdiri O.Haladowanyň, Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň medeniýet merkeziniň bölüm müdiri A.Tokurowanyň, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň medeniýet merkeziniň «Şähribossan» folklor-tans toparynyň topar ýolbaşçysy G.Jumaýewanyň, Tejen şäheriniň ýaşaýjysy G.Orazmyradowanyň çykyşlarynda hem milli mirasymyza goýulýan sarpa öz beýanyny tapdy. Çykyşlarda milli medeniýetimiziň ösüşine we döwrebap öwüşginde kämilleşdirilişine aýratyn ähmiýet berildi.
Baýramçylyk duşuşygyna gatnaşyjylar milli mirasymyza berýän ünsi üçin Arkadag Prezidentimiziň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar. Bu çäre welaýatymyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-saz çykyşlaryna utgaşdy. Hoş owazly, joşgunly aýdym-sazlarda milli mirasymyza goýulýan sarpa öz waspyny tapdy.
Aýdo ŞEKEROW,
ýörite habarçymyz.
Ahal durmuşy gazet

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com