WAGYZ-NESIHAT EDILDI

Änew şäherindäki Medeniýet öýünde bolan wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň bilelikde guramagynda geçirilen çärä welaýatymyzyň günbatar sebit etraplaryndan zenanlar gatnaşdylar.
Wagyz-nesihat çäresinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň lukmanlary degişli mowzuklar boýunça çykyş etdiler. Onda Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň ylmy kliniki aýal keseller bölüminiň ylmy işgäri G.Öwezowyň, şol merkeziň ylmy-kliniki şöhle bilen bejeriş bölüminiň ylmy işgäri A.Mämmetjumaýewanyň çykyşlary diňlenildi.
Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň milli saglygy goraýyş ulgamy kämilleşdirilýär we ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiziň badalga beren täze «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda hem-de bu maksatnamany ýerine ýetirmegiň 2015—2017-nji ýyllar üçin meýilnamasynda bellenilen wezipeler boýunça anyk işler durmuşa geçirilýär. Bu wezipeler raýatlarymyzyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, adam ömrüniň dowamlygyny uzaltmak, saglygy goramak babatda raýatlara giň mümkinçilikleri we şertleri üpjün etmek, saglygy goraýşy halkara ölçeglerine laýyk ösdürmek, innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna we tejribesine esaslanýan kämil saglygy goraýyş ulgamyny döretmek ýaly asylly maksatlardan gözbaş alýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda işlenip düzülen, kabul edilen we üstünlikli amala aşyrylýan bu döwlet maksatnamasynda adam saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, wagtynda anyklamak we olary bejermek esasy wezipeler hökmünde kesgitlenýär.
Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler zenanlara gymmatly öwüt-ündew etdiler. Onuň dowamynda Gökdepe şäherindäki «Ene mähri» merkeziniň baş lukmanynyň orunbasary B.Beknepesowa hem bu çäräniň ähmiýeti hakda täsirli gürrüň etdi. Özara sowal-jogap alyşmalara aýratyn orun berlen çäräniň örän netijeli we guramaçylyk häsiýetine eýe bolmagynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Ahal welaýat bölümi hem-de welaýatymyzyň Saglygy goraýyş müdirligi uly tagalla etdiler.
Hojamuhammet MUHAMMETGULYÝEW,
Baharly etrap hassahanasynyň bölüm müdiri.
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň bilelikde
03.03.2017ý Ahal durmuşy gazet

TÜRKMENISTANYŇ GAHRYMANY BILEN DUŞUŞYK
Baharly etrabynyň Medeniýet öýünde Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa bilen baýramçylyk duşuşygy geçirildi. Ahal welaýat häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Ahal welaýat bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen duşuşyga welaýatymyzyň ähli ýerinden aýal-gyzlar, eneler gatnaşdylar. Duşuşyk Halkara zenanlar gününe bagyşlandy.
Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa toý zalyna ýygnanan mährem zenanlary—edara-kärhanalaryň işgärlerini, oba zähmetkeşlerini, jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerini, kümüş saçly nurana eneleri, talyp we okuwçy gyzlary şanly sene mynasybetli gutlap, olara ýagşy arzuwlaryny aýtdy. Türkmeniň söýgüli şahyry öz çykyşynda täze taryhy döwrümiziň gadyr-gymmaty, ýurdumyzyň ösüş-özgertmeleri, halkymyzyň Arkadag Oglunyň— döwlet Baştutanymyzyň il-ýurt, umumadamzat bähbitli beýik tutumly işleri, ata Watanymyzyň dünýä dolan şan-şöhraty hakynda aýdyp, eziz Diýarymyzda zenanlara goýulýan sylag-hormat, sarpa, zenan mertebesi dogrusynda uly buýsanç bilen gürrüň etdi.
Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa döredijilik babatdaky söhbede aýratyn ünsi çekdi. Onuň belleýşi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döredijilik işgärleri uly alada bilen gurşalandyr. Zenanlaryň işlemegi, döredijilikli zähmet çekmegi ugrunda ähli şertler bar. Döwrüň bagtyýarlygy, ýurduň ösüş-özgertmeleri gurýan, döredýän adamlara joş-ylham berýär. Şoňa görä-de, Arkadag Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan beýik işlerden ruhlanýan döredijilik işgärleriniň ylhamy joşýar. Olar täze-täze eserleri döredip, döwrümiziň waspyny ýetirýärler.
Şahyr zenanyň öz zähmet we döredijilik ýoly hakyndaky gürrüňleri hem uly gyzyklanma döretdi. Ol öz döredýän eserleri hakynda täsirli gürrüň etmek bilen, şygyrlarynyň birnäçesini labyzly okady. Onuň Watan mukaddesligi, döwrümiziň bagtyýarlygy, Arkadag Prezidentimiz, mährem zenanlar, päk söýgi baradaky goşgulary hemmeler tarapyndan gyzgyn garşylandy.
Duşuşygyň dowamynda sowal-jogap alyşmalara giň orun berildi. Şahyr zenan öz muşdaklarynyň, edebiýaty söýüjileriň sowallaryna jogap bermek bilen, döredijilik bilen gyzyklanýan ýaşlara gymmatly maslahatlary berdi, şeýle-de öwüt-ündewler etdi. Şanly sene mynasybetli guralan bu çäre baýramçylyk aýdym-sazly çykyşlara utgaşdy. Welaýatymyzyň tanymal aýdymçylarynyň, bagşylarymyň şahyryň goşgularyna ýerine ýetiren aýdymlary oňa özboluşly öwüşgin berdi. Döwrümiziň buýsançly waspy şol çykyşlarda eriş-argaç bolup geçdi. Şoňa görä-de, baýramçylyk duşuşygy hemmelerde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.
Garly GARLYÝEW,
Kärdeşler arkalaşyklarynyň Baharly etrap birleşmesiniň
başlygy.
Ahal durmuşy gazet

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com