ZENANLARYŇ WASPY ÝETIRILDI

Halkara zenanlar güni mynasybetli Änew şäherindäki Medeniýet öýünde uly ruhubelentlige beslenen şowhunly aýdym-sazly dabara geçirildi. Welaýatymyzyň edara-kärhanalarynda, jemgyýeçilik guramalarynda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň, şeýle-de talyp gyzlardyr mährem eneleriň gatnaşmagynda geçirilen dabarany Ahal welaýat häkimligi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Ahal welaýat bölümi, welaýat medeniýet müdirligi bilelikde guradylar.
Şowhunly dabaranyň turuwbaşdan göwün göteriji häsiýete eýe bolmagy ýöne ýere däldir. Ata Watanymyzda zenan mertebesi belent tutulýar, zenanlara aýratyn sylag-hormat edilýär. Ýurdumyzyň ähli sebitinde “Ene mähri” merkezleri gurlup, zenanlaryň saglygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Köp çagaly eneleriň «Ene mähri» ordeni, öňdebaryjy zenanlaryň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanmagy, ýaş enelere durmuş ýeňillikleriniň berilmegi bellärliklidir. Bu ýurdumyzda zenanlarymyzyň mertebesiniň belende göterilendiginiň nyşanydyr. Zenanlarymyzyň bilim almagy, zähmet çekmegi, döretmegi, nesil terbiýelemegi ugrunda döredilýän giň şertlerdir mümkinçilikler has-da guwançlydyr. Eziz Diýarymyzda Halkara zenanlar güni aýratyn şatlyk-şowhuna beslenip bellenilýär. Munuň özi zenanlara goýulýan sarpanyň nyşanydyr.
Medeni ojagyň toý lybasyndaky sahnasynda aýdym-sazly çykyşlar giň gerim aldy. Belent owazly joşgunly aýdym-sazlar, tans, halk döredijilik çykyşlary zaly dolduryp oturanlar tarapyndan şowhunly garşylandy. Aýdym-saz sungatymyzyň belent derejelere çykýandygyny alamatlandyran şol çykyşlarda ata Watanymyzyň ösüş-özgertmeleri, bagtyýarlyk zamanamyz, halkymyzyň eşretli durmuşy, Arkadag Prezidentimiziň döwletli tutumlarynyň rowaçlyklara beslenişi, bagtyýar zenanlar, päk söýgi öz waspyny we beýanyny tapdy. Welaýat medeniýet merkeziniň we etraplaryň medeniýet merkezleriniň aýdym-saz, tans toparlarynyň çykyşlary göwünlere ganat, kalplara joşgun berdi. Dabara gatnaşyjylar medeni ojagyň giň eýwanynda Ahal welaýat kitaphanasy tarapyndan guralan göçme kitap sergisi bilen hem tanyşmaga mümkinçilik aldylar.
Ogulsabyr ALOWOWA,
Ahal welaýat kitaphanasynyň türkmenşynaslyk we düşündiriş kitapnama bölüminiň birinji derejeli kitaphanaçysy.
başlygy. 08.03.2017ý Ahal durmuşy gazet

DÜNÝÄNIŇ BAR GÖRKI ENEDIR, ENE!
“Bagt ýyldyzy” toý mekanynda baýramçylyk dabarasy geçirildi.Halkara zenanlar gününe bagyşlanan dabara welaýatymyzyň ähli ýerinden gelin-gyzlar, eneler gatnaşdylar. Oňa gatnaşyjylaryň arasynda edara-kärhanalaryň, guramalaryň wekilleri, şeýle-de oba zähmetkeşleri, okuwçy we talyp gyzlar bar.
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Ahal welaýat bölüminiň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň hem-de welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda geçirilen dabara çäksiz ruhubelentlige beslendi. Dürli naz-nygmatlar bilen bezelen toý saçagynyň başyna jem bolan bagtyýar zenanlar üçin baýramçylyk gutlaglaryny, aýdym-sazly çykyşlary diňlemegiň özbolyşly lezzeti boldy. Welaýatyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, işeňňir zenanlar öz gutlag çykyşlarynda bu ajaýyp senäniň ähmiýetini nygtap, eziz Diýarymyzda zenanlara goýulýan sylag-hormat dogrusynda söhbet açdylar, Arkadag Prezidentimiziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe zenanlarymyzyň erkana ýaşamagy we işlemegi, bilim almagy, hünär öwrenmegi, perzentlerini döwrebap terbiýelemegi üçin durmuşa geçirýän bimöçber işlerine bolan hoşallyklaryny beýan etdiler.
Zenanlarymyzyň şanyna geçirilen dabara welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk çykyşlary ajaýyp röwüş goşdy. Welaýat medeniýet merkeziniň, şäherdir etraplaryň medeniýet merkezleriniň bagşy-sazandalarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary, halk döredijilik, tans toparlarynyň uly joşgun bilen ýerine ýetiren çykyşlary toý zalyny, sözüň doly manysynda, alaýaza öwürdi. Bagtyýarlyga beslenen döwrümiziň, mähriban Diýarymyzyň, il-günümizi eşretli günlere ýetiren Arkadag Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işleriniň, belent buýsanjymyza öwrülen zenanlarymyzyň waspy bolup ýaňlanan aýdym-sazly çykyşlaryň her biri dowamly elçaprmalar astynda garşylandy. Dabaranyň dowamynda bagtyýar zenanlara guramaçylar tarapyndan baýramçylyk sowgatlary hem-de ter gül çemenleri gowşuryldy.
Aýdo ŞEKEROW,
ýörite habarçymyz.
08.03.2017ý Ahal durmuşy gazet

EDEBIÝAT AGŞAMLARY GEÇIRILDI
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Sarahs etrap komitetiniň, etrap medeniýet bölüminiň we etrap Zenanlar guramasynyň bilelikde guramagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli etrap Medeniýet öýünde «Ene — iň mähriban ynsan» atly edebiýat agşamy geçirildi. Oňa zähmet toparlarynda önjeýli zähmet çekýän işçi-hünärmen gelin-gyzlar, önümçiligiň öňdebaryjylary, durmuş mekdebine öwrülen eneler, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary gatnaşdylar. Aýdym-sazly, şowhun-şagalaňa beslenen edebiýat agşamyndaky çykyşlaryň dowamynda ýurdumyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşýan zenanlarymyzyň jemgyýetiň ösüşinde tutýan orny, bitirýän asylly işleri giňden gürrüň edildi. Baýramçylyk çäresinde zenanlarymyza, enelerimize bagyşlanan aýdymlar belentden ýaňlanyp köňülleri joşdurdy.
Edebiýat agşamynyň dowamynda Halkara zenanlar gününiň şanyna gelin-gyzlara, mährem enelerimize hormatly Prezidentimiziň baýramçylyk pul sowgatlary we Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komitetiniň ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Jennet GURBANMYRADOWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Sarahs etrap komitetiniň hünärmeni.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Sarahs etrap komitetiniň, etrap medeniýet bölüminiň we etrap Zenanlar guramasynyň bilelikde guramagynda
08.03.2017ý Ahal durmuşy gazet

HALKARA ZENANLAR GÜNI MYNASYBETLI
Tejen şäher, etrap we Altyn asyr etrap häkimlikleriniň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Tejen şäheriniň Medeniýet öýüniň öňündäki meýdançada «Zenan dünýäniň bezegidir» ady bilen dabara geçirildi. Halkara zenanlar güni mynasybetli guralan dabara edara-kärhanalarda, bilim ulgamynda zähmet çekýän zenanlar, ilkinji ýaşlar guramalarynda işleýän gelin-gyzlary gatnaşdylar.
Şowhunly baýramçylyk dabarasynda çykyş edenler Halkara zenanlar güni mynasybetli oňa gatnaşýan gelin-gyzlary, eneleri tüýs ýürekden gutladylar we Arkadag Prezidentimiziň zenanlara goýýan sarpasy hakda söhbet açdylar. Olar hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan beýik işleriniň mundan beýläk-de rowaçlanmagyny arzuw etdiler. Dabara aýdym-sazly çykyşlara utgaşyp, onuň owazy has uzaklara ýaň saldy.
Medeniýet işgärleriniň ýerine ýetiren joşgunly tanslary, bagtyýarlyga beslenen döwrümiziň ajaýyp üstünliklerini, hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlaryny, halkymyzyň eşretli, bolelin durmuşyny wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary hemmelerde keýpiçaglyk döretdi. Artistleriň degişme sahnalary dabaranyň şowhunyny artdyrdy.
Bahar AŞYROWA,
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Tejen şäher guramasynyň başlygy.
Ahal durmuşy gazet

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com