BAGTYÝAR ENELERIŇ SARPASY BELENTDIR

Halkara zenanlar gününiň dabaralary gadymy Ahal ýaýlasyny alaýaza besledi. Sekiz we şondan köp çagany dünýä indirendikleri we terbiýeläp ýetişdirendikleri üçin «Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp bolan eneleri sylaglamak mynasybetli geçirilen dabara baýramçylyk çärelerine ajaýyp öwüşgin çaýdy. Änew şäherindäki Medeniýet öýünde bolan bu dabarany Ahal welaýat häkimligi hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Ahal welaýat bölümi bilelikde guradylar. Oňa hormatly Prezidentimiziň Permany bilen Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adyna mynasyp bolan enelerden başga-da, edara-kärhanalarda zähmet çekýän gelin-gyzlar, kümüş saçly mährem eneler gatnaşdylar.
Dabarada çykyş edenler toý zalyny bezäp oturan aýal-gyzlary, eneleri şanly sene mynasybetli gutlap, ýurdumyzda zenan sarpasy, mertebesi, olaryň şanyna gadymy toý däplerimize laýyklykda, uludan toýuň tutulmagynyň ähmiýeti dogrusynda gürrüň etdiler. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Halkara zenanlar gününiň eziz Diýarymyzda ajaýyp däp-dessurlaryň berjaý edilip, giňden bellenilmeginiň özi döwletimizde zenanlar hakynda ägirt uly aladanyň edilýändiginiň aňlatmasydyr. Milli Liderimiz aýal-gyzlaryň kanuny bähbitleriniň we hukuklarynyň goralmagy we döwlet tarapyndan üpjün edilmegini jemgyýetiň durnukly ösüşiniň möhüm şertleriniň biri hökmünde garaýar hem-de şu maksat bilen bimöçber işleri durmuşa geçirýär. Häzirki döwürde zenanlarymyzyň döwlet häkimiýeti we dolandyryş edaralarynda, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda, ylym we bilim, medeniýet we saglygy goraýyş ulgamlarynda önjeýli zähmet çekmegine, telekeçilik işi bilen meşgullanmagyna, jemgyýetçilik işlerine gatnaşyp, Watanymyzyň ýeten belent sepgitlerine mynasyp goşant goşmagyna ajaýyp mümkinçilikleriň döredilmegi aýal-gyzlara, enelere çäksiz hormat goýulýandygynyň subutnamasydyr.
Dabarada çykyş edenler Arkadag Prezidentimiziň beýik işlerine hoşallyklaryny beýan etmek bilen, milli Liderimiziň tutumly işleriniň has-da rowaçlanmagyny arzuw etdiler. Soňra “Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp bolan bagtyýar zenanlara döwlet Baştutanymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar, şeýle-de bahar güllerinden boglan çemenler gowşuryldy. Ýeri gelende, merdana ata-babalarymyzyň türkmen jemgyýetiniň sagdyn ösüşini esaslandyrýan maşgala ojagynda ene mähremligine aýratyn hormat goýup, ony mukaddeslige deňemek ýaly ajaýyp ýörelgelerinden ugur alyp, berkarar Watanymyzyň bagtyýar geljegini kepillendirýän mynasyp nesli ösdürip we terbiýeläp ýetişdirmekde belent başly enelerimiziň bitirýän ägirt uly hyzmatlary nazara alnyp, hormatly Prezidentimiziň Permany bilen, sekiz we şondan köp çagany dünýä inderip, terbiýeläp ýetişdirendikleri üçin Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan eneleriň 24-siniň Ahal welaýatynyň ýaşaýjylarydygyny bellemek gerek. Bu dabarada olaryň ählisine sylag-hormat edildi.
Döwlet Baştutanymyzyň adyndan sylaglanan bagtyýar eneleriň birnäçesi söz alyp, ýürek buýsanjyny, şatlygyny beýan etdi. Olar zenan mertebesini belende göterendigi, enelere sylag-hormat edýändigi, çäksiz sarpa goýýandygy üçin Arkadag Prezidentimiziň adyna tükeniksiz alkyş sözlerini aýtdylar.
Dabara welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk çykyşlaryna utgaşdy. Onda welaýat medeniýet merkeziniň aýdym-saz, tans, birleşen dutarçylar toparlarynyň, Ak bugdaý etrabynyň deprekçiler toparynyň, N.Saryýew adyndaky çagalar sungat mekdebiniň akkordeonçylar toparynyň, welaýat ýörite sungat mekdebiniň aýdymçylarynyň çykyşlary joşgunly ýaňlanyp, çykyşlarda mährem enelerimiziň, zenanlarymyzyň waspy öz beýanyny tapdy.
Aýdo ŞEKEROW,
ýörite habarçymyz.
Ahal durmuşy gazet

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com