Aşgabat 2017 “Sportakkord” konferensiýasynyň çäklerinde gurnalan sergide görkezildi

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiň wekilleri sentýabrda geçiriljek Oýunlar bilen tanyşdyrmak we ol barada maglumat ýaýratmak maksady bilen 2-7-nji aprel aralygynda Daniýanyň Aarhus şäherinde geçirilen “SportAkkord” konferensiýasyna gatnaşdylar.

Adatça bu çäre 100-den gowrak Halkara sport federasiýalarynyň wekillerini, guramaçylyk komitetlerini, dürli şäherleriň wekillerini, metbugat we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärlerini we sporty ösdürmek bilen meşgullanýan dürli guramalary jemleýär.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: tzb@online.tm