USATLYGA SARPA

Ýakynda şeýle at bilen Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilen Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda türkmen türgenleri bilen duşuşyk geçirildi. Oňa ýurdumyzyň türgenleri, Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň, A.Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň meýletinçileri, Zenanlar birleşiginiň işewürleri gatnaşdylar. Ýokary guramaçylykda, uly ruhubelentlikde geçirilen bu duşuşykda türkmen sportuny gülledip ösdürmekde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallary bilen durmuşa geçirilýän beýik işler giňden beýan edildi. Dabaranyň dowamynda çykyş edenler ýurdumyzda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyk dogrusynda çykyş edip, bu ugurda alnyp barylýan işleriň ýokary depginler bilen dowam edýändigini bellediler. Duşuşygyň dowamynda edilen çykyşlaryň üstüni bolsa, Watanymyzy, belent derejelere göterilýän türkmen sportuny, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni wasp edýän şirin aýdym sazlar ýetirdi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bagtdan paýly, eşretden serpaýly günlerimiziň her biri bizi yklymyň sport baýramçylygyna — Aziada — 2017-ä ýakynlaşdyrýar. Hut şonuň üçin hem şu günlerden bu iri sport baýramçylygyny ýokary guramaçylykda geçirmek üçin ähli ulgamlarda yzygiderli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň belent başlangyçlary esasynda bu gün türkmen sportunyň halkara abraýy ýokary galýar. Şonuň bilen birlikde türkmen türgenleriniň tejribeleri barha artýar. Türgenlerimiziň arasynda ýokary derejelere,
baýrakly orunlara, altyn-kümüş medallara mynasyp bolup gelýän zenan türgenlerimiziň hem bolmagy aýratyn guwandyryjydyr. Bu günki geçirilen duşuşykda hem türkmen türgenleriniň gazanan tejribesi we Aziada — 2017-ä görýän taýýarlyklary barada aýdyldy. Türgenlerimize ýokary derejede taýýarlyk görmäge giň mümkinçilikler, şertler döredilen. Munuň üçin bolsa ähli türgenleriň, tälimçileriň hormatly Prezidentimize alkyşlary çäksiz.
«Ýurdumyzda adam we onuň saglygy hakdaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, biziň her birimiz şu günki nesliň berk bedenli, sagdyn ruhly bolmagyny gazanmalydyrys» diýip duşuşykda çykyş edenler nygtadylar. Munuň üçin bolsa sagdyn durmuş ýörelgesini giňden wagyz etmekde, sport we bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanmakda giň mümkinçilikler döredilen. Bu günki geçirilen duşuşykda hem nesil saglygyny gazanmak, olary sporta höweslendirmek barada birnäçe çykyşlar edildi. Sebäbi şu günki nesil — ertirki türgen. Türgenleriň islendigini alyp görseň hem ýaşlykdan sport bilen yzygiderli meşgullanyp başlandygyny aýdýar. Çekilen zähmetiň netijesini bolsa gazanan üstünliklerinde görýän her bir türgen Aziada — 2017-ni garşylamaga taýýarlyk görýär. Bu günki maslahatda edilen çykyşlarda hem bu iri sport baýramçylygyny mynasyp garşylamaga görülýän taýýarlyk barada degişli ugurlarda alnyp barylýan taýýarlyk işleri dogrusynda aýdyldy.
Ýurdumyzda geçiriljek Aziýa oýunlary türkmen sportunyň abraýyny has-da belende göterer.
Nurşat NARLYÝEWA.
«Türkmenistan».

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com