Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň yglan eden “Görnükli alym zenan” atly bäsleşiginiň DÜZGÜNNAMASY

Şu Düzgünnama “Görnükli alym zenan” atly bäsleşigi geçirmegiň şertlerini we tertibini kesgitleýär.

Bäsleşigiň maksady

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan adalatly hem ynsanperwer syýasaty netijesinde ähli ulgamlar bilen birlikde ylym ulgamyny ösdürmeklige hem aýratyn uly üns berilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde Ylymlar gününiň döredilmegi we dabaraly bellenip geçilmegi ýurdumyzda durmuşyň beýleki ugurlary bilen birlikde, ylym ulgamynyň ösdürilmegine hem döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýändiginiň, alymlara uly hormat goýulýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistan döwletimizde ylmy ösdürmek, ylmy ösüşiň täze belentliklerine çykarmak babatdaky il-ýurt bähbitli işlere ýurdumyzyň zenanlary hem ylmy gözlegleri, irginsiz zähmeti bilen özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Ýurdumyzda geçirilýän döwlet we halkara derejesindäki ylmy maslahatlara işjeň gatnaşyp, ylmy neşirlerde we gündelik metbugatda, teleradioýaýlymlarda ylmyň derwaýys meseleleri boýunça yzygiderli çykyş edip, türkmen ylmynyň gazananlaryny halkymyza ýetirmekde we dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitirýärler. Ata Watanymyzda medeni hem edebi mirasymyzy, halk döredijiligimizi, nusgawy hem häzirki zaman edebiýatymyzyň gymmatlyklaryny ylmy esasda öwrenmek, ylmyň gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmak, eziz Diýarymyzyň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak ýaly mukaddes borçlary üstünlikli amala aşyrýan gelin-gyzlarymyza ýurdumyzda aýratyn sarpa goýulýar.
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen zenanlarynyň ylmy we döredijilik zehinini, ukyp-başarnyklaryny, ussatlyklaryny kämilleşdirmeklige ähli şertler döredilýär. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy hem milli Liderimiziň bu babatdaky möhüm başlangyçlarynyň yzygiderli durmuşa geçirilmeginden ugur alyp, şeýle hem ýurdumyzda her ýyl döwlet derejesinde bellenilip geçilýän Ylymlar gününiň dabaralandyrylmagyna mynasyp goşant goşmak, ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy işleri alyp barýan zenanlarymyzy höweslendirmek maksady bilen “Görnükli alym zenan” atly bäsleşigini yglan edýär.

Bäsleşigiň guramaçylygy we geçirmegiň tertibi

1. “Görnükli alym zenan” atly bäsleşik Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bilelikde guramagynda geçirilýär.
2. Bäsleşige Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň düzümindäki ylmy barlag institutlaryň ylmy işleri alyp barýan zenanlary gatnaşyp bilerler, olaryň ýaş aýratynlyklary çäklendirilmeýär.
3. Bäsleşige gatnaşyjylaryň işlerini seljermek we ýeňijilerini kesgitlemek üçin Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan eminler topary döredilýär. Eminler toparynyň düzümine ylmyň dürli ugurlaryndan alymlar goşulýar.

Bäsleşik şu aşakdaky ugurlar boýunça alnyp barylar:
- agrosenagat toplumynda innowasion tehnologiýalar;
- ekologiýa we tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak boýunça;
- energetika, ýangyç we olary tygşytlamak;
- himiki tehnologiýa we bäsleşige ukyply täze önümleri döretmek;
- gurluşyk, binagärlik we seýsmologiýa;
- lukmançylyk we derman öndürmek;
- maglumat we telekommunikasiýa tehnologiýalary;
- ykdysady we gumanitar ylymlar boýunça soňky bir ýylyň dowamynda çap edilen ylmy işler, monografiýalar, ylmy-publisistik makalalar hödürlenip bilner.
2. Bäsleşige gatnaşmak üçin hödürlenýän işleriň ýanyna şu resminamalar goşulýar:
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygynyň adyna ýazylan arza;
işleýän ýerinden hödürnama;
bäsleşige gatnaşýanyň şahsy maglumaty;
ylmyň ileri tutulýan ugry boýunça bäsleşige hödürlenýän işleriň, monografiýalaryň, ylmy-publisistik makalalaryň ähmiýetini tassyklaýan ylmy derejeli alymlaryň iki sany syny,
soňky 1 (bir) ýylyň dowamynda çap edilen işleriň, monografiýalaryň, ylmy-publisistik makalalaryň sanawy.
3. Bäsleşige hödürlenýän işler 2017-nji ýylyň 8-nji maýyna çenli kabul edilýär.

Bäsleşige hödürlenýän ylmy-barlag işlere talaplar

Bäsleşige hödürlenýän ylmy işleriň, monografiýalaryň, ylmy-publisistik makalalaryň:
döwrebaplygyna, täzeçilligine, ylmy derejesine, öňde goýulan wezipeleriň çözülişiniň usulyýetine;
alnan netijeleriň ylmy barlaglaryň maksadyna we wezipelerine laýyklygyna;
ylmy maglumatlaryň beýan edilişini hiline (beýan edilýän maglumatlaryň alnyp barlyşyny şöhlelendirýän fotosuratlaryň, şekilleriň we beýlekileriň ýerleşdirilişine);
alnan netijeleriň amaly ähmiýetine;
ylmy işleriň, monografiýalaryň, ylmy-publisistik makalalaryň mukdaryna aýratyn ähmiýet berler.

Ýeňijileri sylaglamak

“Görnükli alym zenan” atly bäsleşigiň ýeňijileri 2017-nji ýylyň iýun aýynyň birinji ongünliginde yglan ediler.
Bäsleşigiň ýeňijileri bir sany 1-nji orun, iki sany 2-nji orun, üç sany 3-nji orun boýunça kesgitlener, şeýle hem höweslendiriji baýraklar bilen sylaglanar.
Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň Hormat haty, şeýle hem gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurylar.
Bäsleşigiň geçiriliş şertleri we oňa degişli goşmaça maglumatlar boýunça şu telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz:
Tel: 94-27-20; 44-88-58

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com