Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça AZIÝA OÝUNLARYNYŇ TARYHYNDAN gysgaça maglumatlar

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlary iň ýaş, täze sport ýaryşlarynyň biridir. Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň garamagyndaky bu sport baýramçylygy ilkinji sapar 2005-nji ýylda geçirildi. Ilki başda Ýapyk binalardaky Aziýa oýunlary diýen at bilen guraldy. 2007-nji we 2009-njy ýyllarda-da bäsleşik şol at bilen geçirildi. 2009-njy ýylda ilkinji gezek Söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlary atly başga bir bäsleşik guraldy. Soňlugy bilen, Aziýa Olimpiýa  Geňeşi 2 ýaryşy birleşdirip geçirmeli diýen netijä geldi. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlary diýen at bilen geçiriljek ilkinji sport çäresi Dohada guralmaly edildi. Ýöne dürli sebäplerden ýaryş 2011-nji ýylda geçirilmedi. 2013-nji ýylda-da Günorta Koreýanyň Inçhon şäherinde bu iri sport baýramçylygy täze ady bilen ilkinji ýola geçirildi. Öňkülere garanyňda, gerimi, ýaýrawy giňän, yklymyň iň esasy sport şüweleňleriniň biri hasaplanýan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlary 4 ýyldan bir gezek geçirilmeli diýlen karara gelindi. Mälim bolşy ýaly, 2010-njy ýylda-da Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň nobatdakysynyň, has takygy  5-njisiniň Türkmenistanyň gözel paýtagty Aşgabatda geçiriljekdigi habar berlipdi.

 

 

***************************************************************************

 

 

 

 Ýapyk binalardaky Aziýa oýunlarynyň ilkinjisi 2005-nji ýylda Tailandyň paýtagty Bangkok şäherinde geçirildi. Noýabr aýynyň 12-19-y aralygynda guralan bu çärä yklymyň 37 döwletinden 2400-e golaý türgen gatnaşdy. Olar sportuň 9 görnüşi boýunça özara bäsleşdiler. Türkmen    türgenleri-de bu çärä gatnaşyp, tejribe topladylar. Medallaryň sanawynda hytaýly türgenler 1-nji orny eýelediler. Olar 24 altyn, 18 kümüş, 15 bürünç medal gazandylar. Ýer eýeleri tailandlylar 20 altyn bilen Gazagystandan soň, 3-nji orna mynasyp boldular.

 

 

***************************************************************************

 

 

 

Ýapyk binalardaky Aziýa oýunlarynyň  ikinjisi 2007-nji ýylda Makauda guraldy. 26-njy oktýabrda başlanan ýaryşlar 3-nji noýabrda-da tamamlandy. Oňa 44 ýurtdan 1800 töweregi türgen gatnaşyp, olar sportuň 17 görnüşi boýunça özara bäsleşdiler. Bu oýunlarda-da hytaýly türgenlere  taý tapylmady. Olar bu sapar 52 altyn medal gazandylar. 26 kümüş, 24 bürünç medal alan hytaýly türgenler oýunlary umumylykda, 102 medal bilen tamamladylar. 2-nji ýeri tailandly, 3-nji orny-da gonkongly türgenler eýelediler. 3 altyn medal alan Makau 11-nji oma mynasyp boldy.

 

***************************************************************************

 

 

 

Ýapyk binalardaky Aziýa oýunlarynyň üçünjisini 2009-njy ýylda Wýetnamyň paýtagty Hanoý şäheri gurady. 30-njy oktýabrda başlan oýunlar 8-nji noýabra çenli dowam etdi. Bu saparky sport baýramçylygyna 42 ýurtdan 2456 türgen gatnaşdy. Sportuň 24 ugrundan medallar gowşuryldy. Medallaryň sanawynda ýene-de hytaýly türgenler öňe saýlandy. Olar 48 altyn medalyň üstüni 25 kümüş we 19 bürünç medal bilen ýetirdiler. Güýçli depginde, şowly çykyş eden ýer eýeleri 42 altyn bilen 2-nji orna mynasyp boldular. Olar 30 kümüş, 22 bürünç, jemi 94 medal gazandylar. Gazagystandan baran türgenler 21 altyn bilen sanawda 3-nji orny eýelediler.

 

***************************************************************************

 

 

 

2009-njy ýylda söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň ilkinjisi Tailandyň paýtagty Bangkokda geçirildi. 1-9-njy awgust aralygynda geçirilen ýaryşa 37 ýurtdan 900-e golaý pälwan gatnaşdy. Olar söweş sungatynyň 9 ugry boýunça özara bäsleşdiler. Türkmen türgenleri-de bu ýaryşa gatnaşyp, 1 altyn, 1 kümüş we 2 bürünç, jemi 4 medal gazandylar. Umuman alnanda, medallaryň sanawynda ýer eýeleri 21 altyn, 17 kümüş hem-de 16 bürünç medal bilen 1-nji orna mynasyp boldylar.

 

Täze at bilen, has takygy Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlary ady bilen guralan 4-nji bäsleşigi 2013-nji ýylda Günorta Koreýanyň Inçhon şäheri özünde kabul etdi. 20-njy iýunda başlan oýunlar 6-njy iýulda-da tamamlandy.

 43 ýurtdan 1652 türgen Günorta Koreýanyň Inçhon şäherine ýygnandy. Olar sportuň 12 görnüşinde ýaryşdylar. Bu iri sport çäresine Türkmenistandan hem 50 türgen gatnaşdy. Ildeşlerimiz bu ýaryşda örän üstünlikli çykyş ediler. Türkmen türgenleri 2 altyn, 4 kümüş we 1 bürünç  medal bilen ýurdumyza dolandylar. Umumy medallaryň sanawynda hytaýlylar 1-nji, ýer eýeleri koreýler 2-nji orna mynasyp boldular. Bu çäre Türkmenistan sport teleýaýlymy arkaly hem tomaşaçylaryň dykgatyna ýetirilipdi.

 

 

 

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň sportlary

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynda häzire çenli sportuň 40 gömüşi sanawa alyndy. Olaryň käbirinden diňe 1, käbirlerinden 2 ýa-da 3 ýaryşda bäsleşikler geçirildi. Sport tanslary, futzal, suwda ýüzmek (gysga aralyga) şeýle-de muaý ýa-da has tanalýan ady taýboks sportlary ähli oýunlarda-da sanawda bar bolan sportlardyr.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynda sanawa alnan sport görnüşleri we olaryň sanawa alnan ýyllary: basketbol (2009, 2017), sport aerobikasy (2005, 2007, 2009), küşt (2007, 2009, 2013, 2017), sýansi (2007, 2009), bowling (2007, 2009, 2013, 2017), guşakly göreş (2017), boks (2009), bilýard (2007, 2009, 2013, 2017), welosport (2005, 2007, 2017), sport tanslary (2005, 2007, 2009, 2013, 2017), aždarha we ýolbars tansy (2007, 2009), kibersport (2007, 2009, 2013), konkur (2017), ekstrimal sportlary (2005, 2007), suwuň astynda ýokary tizlikde ýüzmek (2007, 2009), futzal (2005, 2007, 2009, 2013, 2017), ýaýdan ok atmak (2009), ýeňil atletika (2005, 2007, 2009, 2017), indorhokkeý (2009), dzýudo (2009), jiu-jitsu (2009, 2017), kabbadi (2007), indorkabbadi (2009, 2013), karate (2009), kikboksing (2009, 2017), kuraş (2009, 2017), taýboks (2005, 2007, 2009, 2013, 2017), pentsak silat (2009), petank (2009), agyr atletika (2017), sambo (2017), sepak takraw (2005, 2007, 2009), jianzi (2009), gaýa çykmak sporty (2005, 2007), tennis (2017), taekwondo (2009, 2017), wowinam (2009), suwda ýüzmek (2005, 2007, 2009, 2013, 2017), sport göreşi (2017), wuşu (2009), türkmen milli göreşi (2017).

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: tzb@online.tm