AŞGABAT 2017-nji SENASY: “ÖŇE, DIŇE ÖŇE, JAN WATANYM TÜRKMENISTAN”

AŞGABAT, 9-njy aprel (TDH).

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Aşgabat — 2017-niň senasyny (baş aýdymyny) seçip almaga, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen «Aziada — 2017: Parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine halkara sport hyzmatdaşlygy» atly halkara çäräniň jemlerine bagyşlanan maslahat geçirildi.

Şeýle hem onda hormatly  Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek, şol sanda sentýabr aýynda geçiriljek oýunlaryň baş aýdymyny taýýarlamak boýunça öňe süren wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahata ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygy, hökümet agzalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary, welaýatlarda medeniýeti ösdürmek boýunça jogapkär adamlar, artistler, ýazyjylar, suratkeşler, kompozitorlar, ýurdumyzyň medeni-aň bilim edaralarynyň işgärleri, türgenler gatnaşdylar. Şeýle hem maslahata gatnaşanlaryň arasynda jemgyýetçilik işgärleri we syýasatşynaslar bar.

Dabaraly we işjeň ýagdaýda geçen maslahatyň barşynda dünýäniň onlarça ýurtlarynyň wekilleriniň, belli syýasatçylaryň, daşary ýurtly žurnalistleriň we medeniýet işgärleriniň, beýleki myhmanlaryň gatnaşmagynda 7-nji aprelde geçirilen köpçülikleýin çäreleriň netijelerine garaldy. Hazaryň kenarynda giň gerimde geçirilen dabaraly köpçülikleýin baýramçylyk çäreleri jemgyýetimiziň ählumumy ýokary göterilişini, onuň döredijilik kuwwatyny we Aziada — 2017-ni ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge bolan taýýarlygy äşgär etdi.

Awazada Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralan dabaralar köp sanly möhüm wakalara beslendi we onuň jemgyýetçilik-syýasy derejesini aýdyň etdi. Döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda açylyş dabarasy guralan we deňiz dynç alyş düzüminiň üstüni ýetiren iri sport toplumynyň

gurlup ulanmaga berilmegi, milli Liderimiziň daşary ýurtlaryň döwlet toparlarynyň, halkara guramalarynyň we işewür toparlarynyň wekilleri bilen geçiren duşuşyklary bu ýerde ýaýbaňlandyrylan dabaralaryň üstüni ýetirdi.

Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa sportuň ösdürilmegine goşan şahsy goşandy üçin Halkara Meýbukan Godzýu-rýu Karate-do Assosiasiýasynyň döwlet Baştutanymyza beren hormatly sylagy we Aziýa küşt federasiýasynyň milli Liderimize «Ýylyň adamy» diýen derejäni bermegi mynasybetli gutlag sözlerini aýtdylar.

Döwlet Baştutanymyz bu sylaglaryň sportuň we bedenterbiýäniň ösdürilmeginde Türkmenistanyň goşandynyň, halkara sport hereketinde Watanymyzyň eýeleýän işjeň ornunyň we onuň olimpiýa hereketiniň beýik ýörelgelerine pugta ygrarlydygynyň, halklaryň arasynda dostluk we birek-birege düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda sportuň ornunyň ýokarlanmagy ugrunda edýän tagallasynyň ykrarnamasydygyny aýtdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz bu hormatyň ýurdumyzyň dünýä giňişligindäki abraýyny ýokary galdyrmak ugrunda tagalla edýän, abraýly halkara ýaryşlarda beýik ýeňişler, uly üstünlikler gazanýan hem-de şu mynasybetli Watanymyzyň baýdagyny belende göterýän türgenlere hem degişlidigini belledi.

Aziada — 2017-de biz öz türgenlerimizden has uly üstünliklere garaşýarys. Ony geçirmek boýunça guramaçylyk işleri tamamlaýjy tapgyra gadam basdy. Bu ugurda geçirilýän iri göwrümli işler hakynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça ýerine ýetiriji komitetiň başlygy Daýanç Gulgeldiýew şu günki maslahatda eden çykyşynda aýtdy.

Maslahatda bellenilişi ýaly, taýýarlyk işleri batly depginlerde alnyp barylýan Aziada — 2017-niň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzyň hünärmenleri dünýäde iri sport ýaryşlaryny, halkara derejeli çäreleri geçirmekde

baý tejribesi bolan belli kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk edýärler.

Türkmenistany Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Şeýle hem Aziada — 2017-ä gatnaşyjy ýurtlaryň sport federasiýalary, Milli Olimpiýa komitetleri bilen göni aragatnaşyk ýola goýuldy. Olaryň wekilleri ýakynda Aşgabatda duşuşyk geçirip, Olimpiýa şäherjigi, onuň desgalary, bu ýerde türgenler we tomaşaçylar üçin döredilen şertler bilen tanyşdylar. Olaryň köpüsi desgalar toplumynyň oýlanyşykly gurluşygyna, olarda döredilen mümkinçiliklere, şeýle hem toplumyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan aýratyn üns berilýän özboluşly binagärlik we milli serişdeler ulanylan bezeg aýratynlyklaryna ýokary baha berip, şäherjigiň häzirki döwürde dünýäde iň gowy sport toplumydygyny tassykladylar. Milli Olimpiýa hereketleriniň wekiliýetleriniň ýolbaşçylarynyň belleýişleri ýaly, Aziadanyň şeýle guramaçylyk derejesi bilen, Aşgabat özünde Olimpiýa oýunlaryny geçirmek baradaky teklibi öňe sürüp biler.

Ýakynda Hazaryň kenarynda guralan baýramçylyk dabaralary watandaşlarymyzda, aýratyn-da, ýaşlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Watanymyzyň gazanýan üstünliklerine buýsanç duýgularyny artdyrdy diýip, «Türkmenistan» gazetiniň baş redaktory Kakamyrat Rejebow Mukamlar köşgünde geçirilen maslahatda aýtdy.

Bu ýerde çykyş edenler uly üstünlige beslenen çäreleriň halkara ynsanperwerlik gatnaşyklaryny artdyrmakda täze sahypany açandygyny bellediler. Dürli ýurtlaryň medeni ulgamdaky hyzmatdaşlygy, täze gatnaşyklaryň, döredijilik alyşmalarynyň ýola goýulmagy halklaryň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk we dostluk gatnaşyklarynyň berkidilmegine, parahatçylygyň, ylalaşygyň we ösüşiň dabaralanmagyna ýardam berer.

Şeýle hem maslahatda Ministrler Kabinetiniň 24-nji martda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň döredijilik işgärleriniň arasynda V Aziýa oýunlarynyň  Aşgabat — 2017-niň senasyny  baş aýdymyny döretmek boýunça bäsleşigi yglan etmek babatda beren tabşyrygyny, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralan medeni-köpçülikleýin çäreleriniň dowamynda senanyň hödürlenen görnüşlerini ýerine ýetirmegiň maksada laýyk boljakdygy barada aýdandygyny nygtadylar.

7-nji aprelde Awazada geçirilen konsertiň barşynda ýurdumyzyň we daşary döwletleriň estrada ýyldyzlary çykyş etdiler. Oňa hormatly myhman hökmünde döwlet Baştutanymyz gatnaşdy. Aşgabat Aziadasyny dabaralandyrýan täze aýdymlar ýaňlandy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sahna çykyp, oýunlaryň baş aýdymynyň bir görnüşi hökmünde özüniň «öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» diýen aýdymyny ýerine ýetirmegi oňa gatnaşyjylar üçin özboluşly ýakymly sowgat boldy.

Medeniýet we sungat işgärleri bu aýdymyň sözüniň we sazynyň millionlarça watandaşlarymyzyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistana we onuň häzirki döwürde gazanýan ösüşine bolan buýsanç we bagtyýarlyk duýgularyny has dolulygyna beýan edýändigini aýtdylar.

Çykyş edenler halkymyzyň abadançylygy ugrunda yzygiderli alada edýän, dünýä ýüzünde Türkmenistanyň sagdynlygyň, ruhubelentligiň, dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary üçin açyklygyň ýurdy hökmündäki derejesini ykrar etmäge gönükdirilen Aşgabat — 2017 ýaly giň möçberli taslamanyň çäklerinde bir bitewi ýörelgäni özünde jemleýän medeniýetiň we sportuň ösdürilmegine uly goldaw berýändigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Munuň özi sungat ussatlaryny döwlet Baştutanymyzyň häzirki döwrümizi döredijilik taýdan giňden beýan etmek, döwrüň ruhuna we talabyna laýyk gelýän, täze taryhy eýýamyň gadamlaryny wasp edýän, ýaşlaryň watansöýüjilik, ruhy-ahlak taýdan terbiýelenmegini şertlendirýän we mähriban Watanymyza bolan buýsanç duýgularyny döredýän täze eserleri döretmek boýunça öňde goýan wezipeleriniň çözülmegi babatda zerur tagallalaryny etmäge borçlandyrýar diýip, Türkmenistanyň Baş drama teatrynyň ýolbaşçysy Kakajan Aşyrow öz çykyşynda belledi. Şunuň bilen baglylykda, döredijilik gözlegleriniň, edebiýat, teatr we kino işinde täzeçe çözgütleri we çemeleşmeleriň tapylmagyna, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň esasy ýörelgesini emele getirmekde, sporty we Olimpiýa hereketini wagyz etmekde suratkeşlere, žurnalistlere möhüm ornuň degişlidigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biz Aziýa oýunlarynyň üsti bilen halkymyzyň baý mirasyny, türkmen medeniýetiniň we halk döredijiliginiň ajaýyplygyny we özboluşlylygyny wagyz etmelidiris.

Türkmen aýdym-saz sahnasynyň belli aýdymçysy, ýurdumyzyň halk artisti Jemal Saparowa öz çykyşynda döwlet Baştutanymyzyň milli ýörelgeleriň saklanmagyna, onuň nesilden-nesle geçijiligine, jemgyýetiň ösüş maksatlaryna laýyk gelýän täze ýörelgeleriň we taslamalaryň medeniýet ulgamyna çekilmegine aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Munuň özi, ilkinji nobatda, ruhy ýokary göteriliş, geçmiş baradaky hakyda bilen baglanyşyklydyr. Şu ýörelgeleriň üsti bilen halkyň durmuş döredijilik kuwwatynyň düýp manysy açylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň «Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» atly watansöýüjilik aýdymynda agzybirligiň döredijilik kuwwaty öz beýanyny tapýar. Bu aýdym ilkinji gezek Mary welaýatynyň merkezinde «Türkmeniň ak öýi» binasynyň açylyş dabarasynda ýaňlandy. Şol gün bu aýdym 4 müňden gowrak adamyň bilelikde ýerine ýetirilmeginde ýaňlanyp, diňe bir baýramçylyk dabaralarynyň şowhunyny alamatlandyrman, eýsem, dünýä rekordy hökmünde bellige alyndy we Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Bu aýdymyň ilkinji gezek ýerine

ýetirilenden bäri ol ähli watandaşlarymyzyň kalbynda mäkäm orun aldy. Hut şonuň üçin hem onuň Aşgabat  2017-niň senasy hökmünde teklip edilmegi maslahata gatnaşyjylaryň hemmesi tarapyndan gyzgyn goldawa mynasyp boldy.

Medeniýet işgärleriniň käbiri öz çykyşlaryny belent ruha beslenen şol aýdymlardan parçalary ýerine ýetirmek bilen dowam etdi. Munuň özi Aziadanyň hemmelere ägirt uly döredijilik we ruhubelentlik kuwwatyny geçilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Şeýle hem maslahata gatnaşyjylar şunuň ýaly netijeli we anyk gürrüňdeşligiň iri möçberli ýaryşlary guramakda toplanan tejribe alyşmakda hem bähbitlidigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek üçin zerur bolan şertleri döretmek boýunça ýakyn wagtda çözülmeli esasy meseleler kesgitlendi.

Maslahatyň jemini jemlemek bilen, oňa gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» atly aýdymyny Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Aşgabat  2017-niň senasy baş aýdymy hökmünde saýlanyp alynmagyny biragyzdan golladylar.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklaryny durmuşa geçirmek boýunça anyk ugurlar kesgitlendi, çäreleriň meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy we olary degişli derejede ýerine ýetirmek üçin bilelikdäki tagallalar ylalaşyldy.

Maslahata gatnaşyjylar umumy ösüş ugrunda yzygiderli alada edýändigi üçin milli Liderimize çuňňur hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiziň Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda Aziýa oýunlarynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhuna laýyk we iň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça öňde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: tzb@online.tm