BEGRES BIÇÜWI

Türkmen milli egin-eşiklerimiziň hatarynda begres donluga gyz-gelinler aýratyn isleg bildirýärler. Begrese mawut hem diýilýär. Ýaşyl begresden başlap, gök, gyzyl, gülgüne ýaly dürli reňkli begresler läle-reýhan nagyşlar bilen gyz-gelinleriň görküne görk goşýar.

Bir kişilik begresden ini 46 sm, boýy 1 metr 12 sm ölçegde iki parça kesip almaly-da, iki parçany biri-birine gelşirip gerşini tikmeli. Ýakanyň ýeňse giňligi 15 sm, ýakanyň aşaklygyna bagbendine çenli ýaka oýmasynyň uzynlygy 25 sm bolup, ondan aşaklygyna-da ýaka açylýar. Ýeň, ýan üçin ölçelip alnan parçalar gyýylandan soň, ýeňiň uzynlygy 56 sm, omzunyň ikigatlygyna giňligi 27 sm, ýeňiň agzy ikigatlygyna 14 sm. Ýanyň ikigatlygyna etek tarapynyň ini 16 sm, ýanyň başy ikigatlygyna 9 sm. Ýanyň başyndan gyýma begeýik gyýyp, ýeňe gelşirip tikmeli. Begeýikbaşydan aşaklygyna 16 sm ýer goýup, 16 sm ölçegde jübi açmaly. Ýanlaryň ýartmaçlaryny 20 sm ölçegde açmaly. Ýaka oýma ýerine 2 sm inlilikde ýakalyk gelşirip tikmeli. Ölçeglere görä işliklemeli. Begresiň gyrasyna, ýeňlerine, jübülerine gyýy tikip, begresiň iç ýüzüne öwrüp, sypap bassyrmaly. Jäheklik ýerlerini 7 mm ölçegde goýup, dürli nagyşlary basmada nagyşlamaly. Onsoň jähek işlerini bitirip pugtamaly-da, jähekleriň gyrasyna aldymgaç ýörmemeli. (Biçüw üçin görkezilen ölçeglere tikin parhy hem girizildi).

Bu begres biçüwiň öň syýlary-da çapysyz biçüwdir. Ir wagtlarda bir kişilik ýaşyl begres biçüw üçin ýeterlik bolsa-da, gyzyl begresden, gyzyl ýüň matadan ýeňlere ýeňsapy edilerdi. Ýanlaryň başyna-da gyzyl begeýik edilerdi. Ýanbaşynyň iki gapdalyna-da gyzyl gyýma sanjak edilerdi. Ýeňsapylar islendik owadan nagyşlar bilen keşdelenerdi. Begeýigiň, sanjaklaryň töweregine basma alaja ýa-da basma okgözi edilerdi. Bu alajaly şekilleriň hemmesi begres dona, mahmal dona özboluşly bezeg bermek bilen, gyzlaryň arasynda ýoň bolardy.

Düşünişlerine görä, köýnekdäki begeýik der üçin edilen nysakmyşyn. Begeýigiň der saklamak üçin hiç hili dahyly ýokdur. Diňe şeýle gyýylan ýanlaryň başy göni bolýar, göni ýanbaşy bolsa gyýylan ýeňe ýabşyrmak çetindir, ýabşyrsaň hem çekdirer durar. Şonuň üçin biçüwde parça bol bolsa, ýeterlik bolsa ýanlaryň başyny kütek üçburç görnüşde gyýyp, begeýik görnüşe getirmeli ýa-da kütek üçburçluk görnüşli begeýik gyýyp, ýanyň başyna ýabşyrmaly. Emele gelen kütek burçly ýanbaş gyýylan ýeňe gelşikli jebis birigip ýabşyrylar.

Ir wagtlarda çabyt, begres biçilende aşyrysynyň ini insizräk ölçegde alnyp, öň syýlaryna çapy edilerdi. Çapynyň etek tarapy dört barmak inlilikde bolup, dikligine gyýylyp, çowlanyp ýaka oýma birigerdi. Häzirki günlerimizde-de çabytlar, begresler çapyly biçüwlerde-de biçilip tikilýär.

Begres geýeni salyhatly, agras görkezýär. Bu şygyr bentlerinde-de öz beýanyny tapypdyr:

«Ýedi ölçäp, bir kes»

Gadymy mamalarymyz, enelerimiz, ejelerimiz geýim-eşikleri giň, uzyn biçip, tikmegiň adamyň endamynyň dem almagyna, dynç almagyna peýdalydygyny bilipdirler.

Göz çeni bilen gulaç, ýarymgulaç, golboýy, bilekboýy, garyş, sere, agsaksere, dörtbarmak, üçbarmak, ikibarmak, birbarmak, pyçak arka (2 mm) ýaly ölçeglerini ulanypdyrlar.

Matanyň ýuwlanda girýänligini hem-de uzyn bolsa kesip boljagyny, dar we gysga bolsa ýama ýaly urnat seplemeli boljagyny-da göz öňünde tutupdyrlar.

 

Uzyn bolsa, kesse bolar,
Giň bolsa, gassa bolar.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com