Gyýkyndylardan döreýän gözellik

Aýgüljük dogany Bahargül her gezek durmuşa çykýan gyzyň bukjasyny görmäge äkitjek diýse, buýran ýumşuny ylgap-ylgap ederdi. Eliň çeperligi bilen iliň öwgüsini gazanmak höwesi onuň çaga ýüreginde şol döwür şineläpdi. Ejesidir uly gyz dogany näme biçip-tikseler, mata bölejiklerini üýşürip, kiçijik gaýçysy bilen gyrkyşdyrardy. Özüçe gurjaklaryna ülňüsiz köýnek biçip-tikerdi. Dürli mata bölejiklerinden guramalap, gurjaklaryna düşekçe tikerdi. Ownuk-uşak matalardan döreýän bu gözellik Aýgüli özüne çekdi. Edýän guramasynyň gölleri birmeňzeş bolup, deňje düşen ýagdaýynda welin, Aýgülüň guramalary diýseň göze ýakymly görünýärdi. Gyzynyň irmän-arman edýän tikin işlerini, hereketlerini synlap, ýeri gelende maslahat berip, hünär öwredýän ejesi Akgül eje: «Aýgül jan, bu inçe senet çeperligi, sabyr-kanagatlylygy talap edýändir gyzym, howlukmanjyk biçip-tikiber» diýip, gyzynyň edýän el işlerini goldardy. Köneürgenç şäheriniň 7-nji orta mekdebiniň 7-nji synpynda okaýan Aýgül indi ýaka bejermegi, dondur köýneklere basma basmagy, jähek etmegi hem öwrenipdi. Öýlerinde näme biçilip-tikilse, şolardan galan bölejik matalary hem zaýa etmän, üýtgeşik bir gözellik dörederdi. Hatda durmuşa çykjak gyzlaryň bukjasynam, ýorgandyr ýassyklarynam, düşekçelerinem guramadan ederdi.

Aýgülüň çeper eliniň gudratyny gören dogan-garyndaşlary, joralary, şeýle ajaýyp guramalardan edilen kürtekçeleri, gapylyklary, kirliklerdir gursakçalary, ýorgan-ýassykdaşlary, körpeçeleri uly gyzyklanma bilen synlap, özlerine-de tikip bermegini haýyş ederdiler. Ýumşak häsiýetli, alçak hem göwünjeň, eli çeper, sada gyz olaryň hiç birine-de «ýok» diýmezdi.

— Tüweleme, gyzym, men-ä seni entegem çaga görýädim welin, eden işleriň elden-ele geçip, gowy baha berilýär, höwes bildirilýär. Ilden üýtgeşik bukja edinmek, el hünäriňi ile ýaýmak, ýorgan-düşekleriň owadanyndan owadanyny edinmek öz eliňden gelýändigine gözüm ýetip, buýsançly başym bir gez beýgeldi — diýip, Akgül eje Aýgülüň doglan gününde köýneklik mata sowgat etdi.

Ol ejesiniň ulanýan ullakan gaýçysyny eline aldy-da, ejesiniň sowgat beren matasynyň daşyna geçdi. Gelin-gyzlarymyzyň geýýän milli geýimlerini biçip-tikmegi, haly dokamagy, keşde gaýamagy, gurama guramagy öwrenen Aýgül ökde tikinçi bolup ýetişdi. Ol iki-ýeke isleg bildirip gelýänleriň hem möhümini bitirýärdi. Soňra olaryň sany artyp başlady.

Aýgül el işleriniň dürli görnüşlerini öwrenen-de bolsa, guramany özüne ýakyn görýärdi. Ynha, onuň täze gelne niýetläp eden «Ýürek» diýen gurama düşekçesi diýseň ýerine düşüpdir. Täze dünýä inen bäbejiklere niýetläp, «Ýaşyň uzak bolsun!» diýen guramada çaga bolan buýsanç duýulýar. «Awaza» atly guramasynda göm-gök, «Ak şäherim, Aşgabat» atly guramasynda ap-ak, «Altyn toprak» atly guramasynda sap-sary reňkli mata bölejiklerini deňje düşürip, ýerbe-ýer goýuşdyryp guran ýassyklary şeýle göze ýakymly, owadan bolupdyr. Ene-mamalarymyzdan nusga bolup gelýän bu el hünärini dowam etdirýän Aýgülüň guramalarynda sungatyň täze akymy bilen gadymdan gelýän milli äheňleriň sazlaşygy duýulýar.

— Men durmuşa çykjak gyzlaryň bukjalaryna isleg bildiren dürli görnüşdäki guramalaryny tikip, olaryň şatlygyna goşulýandygyma begenýärin. Il-günüň hyzmatyna ýarap, olaryň ýürekden aýdýan «Taňryýalkasyny» meniň öňküden-de döredijilikli işlemegime itergi berýär.

«Bagtly gyzym Bagdatda» diýleni. Ykbal Aýgüli Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşigine alyp gelýär. Ol gelin bolup, gaýyn öýüniň işiginden ätländen soň ozaly bilen gaýynatasyna, soňra gaýynenesine dürli reňkdäki guramadan galyň düşekçeleri tikip, olaryň oturýan ýerine düşedi. Onuň indi dünýä inmeli körpe balalara niýetläp, owadanlap tikýän gurama ýassyklarydyr kürtekçeleri, kirlikdir gursakçalary bolsa, bir düwünçek doldurdy. Ýylgyryp duran ýüzi mähirden doly görmegeý hem ezber Aýgüle: «Elleriňe güller bitsin!» diýýäris.

 

Bahargül KERIMOWA, žurnalist.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com