ALAJA GÖRKI

Alaja türkmen zenanynyň ajaýyp, gudratly sungaty. Alaja gadymdan bäri türkmen milli medeniýetiniň ähli hünärleriniň içinde eriş-argaç gözellik berip, şu ajaýyp zamanamyzda ösen derejede dowam edýär.

Türkmen zenanynyň döreden alajasynda gudratly, ruhy güýç bar. Çünki alajanyň keşbi, gözüň agy-garasynyň keşbi gijäniň tümlüginiň, gündiziň ýagtylygynyň keşbi akyllary haýran edýän görnüşleriniň mysaly. Şonuň üçin alajada ala gözleriň, gije-gündiziň owadanlygy ýaly täsin ajaýyp jadyly owadanlyk bar. Gözler biri-birine bakanda, ýyldyrym çaltlygynda täsirlenýärler, aşyk bolýarlar. Diýmek, gözlerde täsir ediji ruhy güýç, gudrat bar. Şonuň üçin gözleri haýsy-da bolsa bir zada hyrydar seredende, gözden görünmän çykýan şol güýçli şöhle-nazar has güýçlenip, seredýän zadyna siňýär-de, kähalatlarda şol seredilen zadyň oňaýsyz ýagdaýa düşmegine sebäp bolýar. Ýagny halk arasynda aýdylyşy ýaly, göz degýär. Aňyrdan gelýän ynanjymyza görä, şol pursat çaganyň boýnunda gudratly alaja bar bolsa, seredýän gözden çykan güýçli nazar, ilki bilen, alaja siňýär-de, togtaýar diýýärler. Alajanyň owadanlyk jadysy synçynyň nazaryny özüne çekýär-de, ol alaja dakynany goraýar. Diýmek, türkmen zenanynyň döreden alajasy «Göz degmeden» goraýan syrly sungat eken. Türkmen gyz-gelinleriniň dür dökülýän ellerinden çykýan köp dürli alajalara daşary ýurtlardan gelýän myhmanlar hem hyrydar. Myhmanlar bilesigelijilik bilen alajalary synlap, haýran galyp, düzüm-düzüm edip alyp gidýärler.

Alajanyň gudratly bolşy ýaly, onuň dürli görnüşleri hem çylşyrymly, owadan. «Ýönekeý alaja», «Goşma alaja», «Gyýakly alaja», «Älem alaja». Alajalaryň bular ýalylary tow berlip işilýär. «Çigildem alaja», «Okgöz alaja», «Gyraly alaja», «Toýnukly alaja», «Çyzykly alaja», «Bugdaý baş alaja» ýaly birnäçeleri barmaklar bilen örülýär. Garaz, alajalar örülmek, işilmekden başga-da keşdelenýär, gaýalýar, dokalýar, örülýär. «Basma alaja» edilýär, hala çitilýär, palasa öýdelýär, keçelere alagowurdak togalap salynýar.

Gyz-gelinler alajalaryň dürli-dürli görnüşlerini sünnäläp, haýsy-da bolsa şol bir zatlarynyň özüne gelişýänini ulanýarlar. Öz goşarlaryna, bukjalaryna dürli alajalaryň gelişýänini dakýarlar. Alaja nagşy ýakalaryna keşdeleýärler, begreslerine basma basýarlar, akgaýma tahýalara, gültahýalara, çabytlara gaýaýarlar, keşdeleýärler.

Alajalar çagalara, gyz-gelinlere, ejelere, mamalara, oglan-ýigit, agalara, zerur bolsa, babalara-da dakylýar.

Alajalar sallançaga, saçaga, öýe, maşyna-da dakylýar. Alajany örmek, işmek örän gyzyklydyr. Ony biziň her birimiz bilmelidiris. Eneler öz gyzlaryna, ýeňňeler baldyzlaryna bu nepis sungaty öwretmelidir. Alajany işmek üçin ak we gara sapaklar ýeterlikdir. Sapagy eliňize alyp, ony dikelip duran agaç bölejigine, kimdir biriniň barmagyna sarasaňyzam bolar. Ene-mamalarymyz bolsa, alajany aýagynyň başam barmagynda saklap işipdirler. Munuň üçin bir aýagyňyzy uzadyp, ilki gara sapagy aýagyň başam barmagyna, çep eliň hem orta barmagyna islän uzynlygyňda ildirip, oramaly, gatlamaly. Onsoň şol uzynlykda ak sapagy-da gatlap oramaly. Garadyr ak sapaklaryň ýogynlygy deň bolmalydyr. Ilki bilen, gara sapagyň ujuny eliň aýasynda saklap, çepden saga, onsoň ak sapagyň ujuny eliň aýasynda saklap, tow berip, onsoň iki sapagyň uçlaryny jüp tutup, sagdan çepe tow bermeli. Öz eliňiz bilen işen alajaňyz siz üçin diýseň ýakymly bolar, owadan görner. Ol türkmen zenanlarynyň ýürek söýgüsi, ene mähri, maşgala ojagyna wepasy ýaly asylly duýgular bilen sizi gurşap alar. Sizi ýaramaz pikirlerden, gözden-dilden gorar. Siziň maşgalaňyza agzybirlik, bagt, üstünlik getirer.

 

Bahar Ataýewa, Aşgabat şäheri

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com