Aşhana gurallarynyň taryhyndan

Aslynda, biziň her birimizi gören, eşiden zatlarymyzyň taryhy, gelip çykyş rowaýaty mydama gyzyklandyrýar. «Kim? Haçan? Nirede? Nädip?» Bu sowallary biz çaga wagtymyz ene-atamyza berýärdik. Kähalatda iň ýönekeý soraglar-da bizi pikirlenmäge mejbur edýär.

Taryhy maglumatlarda, adamzat döräp, iýmit iýlende, ilki bilen, pyçagyň ulanylandygy barada maglumat berilýär. Sebäbi gadymy adamlar aw awlap, eti diňe oda tutup bişirmäni bilipdirler. Ony daşdan ýasalan pyçak bilen kesipdirler. Wagtyň geçmegi, adamzat aňynyň kämilleşmegi bilen pyçaklar demirden, kümüşden, altyndan ýasalypdyr, saplary gymmatbaha daşlar bilen bezelipdir. Adamlar olary ýörite gyna salyp, ýanlary bilen göteripdirler. I asyrda bolsa rimliler tarapyndan çakgylar hem oýlanyp tapylypdyr.

Taryhda ilkinji çemçeleriň emele gelşi barada anyk maglumat ýok. Ilkidurmuş adamlary balykgulagy, oýulan agaç şahajyklaryny, hozuň gabygyny çemçe hökmünde ulanypdyrlar. Latyn hem-de gadymy grek dilinden terjime edilende-de, ol «balykgulak» diýmegi aňladýar. Biziň eramyzdan öň III müňýyllyklara degişli bolan taryhy gymmatlyklaryň arasynda çemçäniň agaçdan, şahdan, balyk süňkünden ýasalan görnüşleriniň bolmagy, eýýäm şol döwürde naharlanyş medeniýetiniň ösüp başlandygyna şaýatlyk edýär.

Döwrüň ösmegi bilen, Gadymy Gresiýada, Rimde, Müsürde barly adamlar üçin çemçeler altyn-kümüşden, piliň süňkünden ýasalypdyr. Aziýa ýurtlaryna bolsa, esasanam, agaç çemçeler mahsus bolupdyr. Günorta-Gündogar ýurtlarynda çemçeler, köplenç, farfordan ýasalypdyr. Russiýada çemçe şahsy serişde hökmünde kabul edilip, XIX asyra çenli adamlaryň öz çemçelerini ýanynda göterinmegi adaty bolupdyr. Gadymy rus golýazmalarynda ilkinji kümüş çemçesi baradaky maglumat 988-nji ýylyň ýazgylarynda gabat gelýär.

Göräýmäge, uly zat hem bolmasa, çemçeleriň görnüşiniň üýtgeýşi bilenem taryhy çeşmelerde bellenilip geçilipdir. Ilkinji çemçeleriň sapy gysgadan, susgujy uly hem-de çuň bolupdyr. XV-XVII asyrlarda geýilýän lybaslaryň ýeňiniň-ýakasynyň gabarasynyň uly bolmagy bilen, saçak başynda oturanlara nahar gysga saply çemçedir çarşagy, pyçagy ulanmak amatly bolmandyr. Şonuň üçin hem şol döwür nahar iýilýän enjamlaryň saplary uzaldylyp, susgujy bolsa, birazrak ýalpak görnüşde ýasalyp başlanypdyr. Soňra bolsa, naharlanmak medeniýetiniň düzgünlerine laýyklykda, çemçeleriň birnäçe görnüşleri döredilipdir. Şu günki gün tagamyň, içginiň görnüşine görä, saçaga çaý çemçe, tort hem-de doňdurma önümleri üçin ýörite çemçe, goýy hem-de suwuk nahar üçin niýetlenilen dürli çuňlukdaky çemçeler saçaga goýulýar.

Ýewropa ýurtlarynda çemçe bilen bagly şu yrym ýörgünli bolupdyr. Çaga dünýä inip, çokundyrma däbinde oňa kümüş çemçejigini sowgat beripdirler. Russiýada bolsa, çaga ilkinji dişini çykaranda, oňa kümüş çemçejik sowgat edilýär. Iňlisler çagalara naharlanmak edebini öwredenlerinde, çaý çemçesiniň merkezini deşipdirler. Sebäbi çagalar çaýy çemçe bilen içjek bolup başagaý bolýan ekenler. Olar kinniwanja çemçe bilen diňe çaýyň boýçy çöpüni aýyrmalydygyny, hem-de gant atylan ýagdaýynda, bulamalydygyny ündäpdirler.

XVIII asyrda dünýäde ýörite iýmit enjamlaryny öndürýän kärhanalar döräpdir. Olar häzirki wagtda hem doly depginde işläp, halkyň günde ulanýan gap-gaçlarynyň göze gelüwli bolmagy ugrunda kämilleşdirilýär. Dürli nagyşlar bilen bezelen enjamlarda işdämenlik bilen naharlanmak hemmä-de ýakymly bolsa gerek.

 

Taýýarlan Zyýada ANNAGELDIÝEWA,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com