Manty

Eti hem-de ýagy ownuk dogramaly. Sogany arassalamaly. Eger sogan öte ajydyr öýtseňiz, 10 minut çemesi sowuk suwda goýmaly. Bellenen wagt geçensoň, soganlary ownuk dogramaly. Dogralan önümleri birikdirmeli-de, geregiçe duz, burç atmaly. Mantynyň hurşy gurak bolmaz ýaly, oňa birazrak suw guýsaň hem bolýar. (Mantynyň etli hurşuna ownuk dörtburçluklar görnüşinde dogralan ýeralma ýa-da kädi hem goşsaň, tagamly bolýar.)

Indi bolsa, mantynyň hamyryny ýugurmaly. Uny eläp, oňa duz hem-de bir ýumurtga goşup ýugurmaly. Hamyry zuwalalara bölüp, 15 minut çemesi desmala dolap goýmaly.

Soňra manty pitä suw guýup, gaýnatmaly. Manty pitiniň tabalaryna bolsa, ýekän-ýekän ýag çalmaly. Bu manty bişýän döwründe taba ýelmeşmez ýaly edilýär.

Hamyr zuwalalaryny yzygiderlikde ýuka görnüşde ýaýmaly-da, manty bükmek üçin ini-boýy 8-10 santimetr ölçegdäki dörtburçluklary kesmeli. Etli hurşy olaryň üstünde goýup, mantyny bükmeli. Bükülen mantylary taba ýerlemeli. Tabalar gaýnap duran manty pitä ýerleşdirilýär. (Eger mantynyň hurşy üwelen etden bolsa, ony 40 minut bişirmek ýeterlik. Eger-de etli huruş elde dogralan bolsa, 50-55 minut bişirmeli.)

Manty bişensoň, ony gatyk ýa-da çalnan süzme bilen äberseň, has-da tagamly bolar. Onuň üçin süzmäni birazrak suw bilen çalmaly-da, içine 1-2 diş sarymsagyň şiresini hem-de ownuk dogralan şibidi goşmaly.

 

Gerekli önümler: 
500 g et, 150 g guýruk ýagy, 2 düýp sogan, duz burç, un, 1 ýumurtga.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: tzb@online.tm