IŞJEŇ HYZMATDAŞLYGYŇ AÝDYŇ ÝÖRELGELERI

Türkmenistanyň 2018-2020-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji Geňeşine, şeýle hem 2018-2022-nji ýyllar üçn Zenanlaryň statusy boýunça komissiýasyna saýlanmagy ýurdymyzyň halkara jemgyýetçilikdäki orunyň bara pugtalanýandygyny ýene bir gezek tassyklady

 

 

Göwher BAÝRAMOWA, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty:

— Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan Bitaraplyk we parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapýar. 19-njy aprelde Türkmenistan 2018—2020-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji Geňeşine, şeýle hem 2018—2022-nji

ýasyna saýlanylmagy ýurdumyzyň dünýäde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen daşary syýasatynyň ykrar edilýändigini äşgär edýär.

Ýurdumyzda zenanlara uly hormat goýlup, olaryň jemgyýetde mynasyp ornuny has-da berkitmek babatda örän uly tagallalar edilýär. Dünýäde gender syýasatynyň kadalarynyň we ýörelgeleriniň Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we milli kanunçylygynda, döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň alyp barýan işine ornaşdyrylmagy babatda örän uly işler durmuşa geçirilýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen zenanlary abraýly jemgyýetçilik güýji hökmünde özlerini tanatdylar hem-de hormatly Prezidentimiziň edýän aladalaryndan ruhlanyp, döwletimiziň we jemgyýetimiziň döredijilikli ösüşine işjeň goşuldylar. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanda gender deňligini üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan işleri kanun taýdan düzgünleşdirmek, bu işleriň hukuk binýadyny kemala getirmek maksady bilen, 2015-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan «Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanun döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli çygyrlarynda aýallaryň we erkekleriň deň hukuklaryny we deň mümkinçiliklerini, ýagny gender deňligini belleýär.

Döwlet durmuşynda deňhukuklylyk ýörelgesi adalatlylygyň we demokratiýanyň esasy bolup durýar. Türkmenistanyň 2018—2020-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Ýerine ýetiriji Geňeşine, şeýle hem 2018—2022-nji ýyllar üçin Zenanlaryň statusy boýunça komissiýasyna saýlanylmagynyň özi biziň döwletimiziň häzirki wagtda alyp barýan ösüp gelýän ýaş nesle, çagalaryň saglygyna, olaryň bilim almaklaryna, çaga we ýetginjek sportunyň ösmegine, döwletimizde çaganyň hukuklarynyň doly we hemmetaraplaýyn üpjün edilmegine ýardam berýär.

Halkymyz, hususan-da, çagalar we zenanlar baradaky bimöçber aladalary üçin hormatly Prezidentimize çäksiz sagbolsun aýdýarys. Milli Liderimiziň jany sag, başy dik, tutýan tutumlary elmydama rowaç bolsun!

 

Şahin NILOFER,

Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili:

— ÝUNISEF-iň adyndan Türkmenistanyň Hökümetini 2018 — 2020-nji ýyllar üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji Geňeşine saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Şeýle hem BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) 2017-nji ýylyň 19-njy aprelinde geçiren mejlisinde Türkmenistanyň 2018 — 2022-nji ýyllar üçin BMG-niň Zenanlaryň statusy boýunça komissiýasyna saýlanmagy bilen gutlaýaryn. Bu şanly waka Türkmenistanyň Hökümeti, çagalary hem-de zenanlary üçin Ýer ýüzündäki çagalara we zenanlara öz seslerini goşup bilmekleri üçin ajaýyp sowgatdyr.

Ýerine ýetiriji Geňeş ÝUNISEF-iň baş edarasydyr. Geňeş BMG-niň Baş Assambleýasynyň we Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň alyp barýan sy-ýasatyna laýyklykda gurama hökümetara goldaw hyzmatyny berýär.

Ýerine ýetiriji Geňeş ÝUNISEF-iň alyp barýan işlerini seljerýär we onuň syýasatyny, ýurt maksatnamalaryny hem-de býujetini tassyklaýar. Geňeşe BMG-ä agza döwletleriň bäş sany sebit toparlarynyň adyndan çykyş edýän 36 sany agza degişlidir. Türkmenistanyň Ýerine ýetiriji Geňeşiň agzalygyna saýlanmagy diňe birÝUNISEF-iň ýurt edarasy üçin buýsandyryjy waka bolman, eýsem, ol öz syýasatynda, maksatnamalarynda çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça borçnamalaryny ählumumy derejede goldaýan nusgalyk hökümetiň gazanan üstünligidir. Türkmenistanyň Ýerine ýetiriji Geňeşiň agzalygyna saýlanmagy Türkmenistanyň Hökümeti üçin çagalar we zenanlar bilen baglanyşykly gün tertibine ählumumy derejede täsir etmäge we öz goşandyny goşmaga oňat mümkinçilikdir. Garaşsyzlygynyň 25 ýylynyň içinde ýaş döwletiň çagalaryň we zenanlaryň hukuklaryny goramak boýunça durmuşa geçirýän tagallalary soňky ýyllarda bütin dünýäde giňden ykrar edildi.

Türkmenistanyň ÝUNISEF-iň Ýerine ýetiriji Geňeşiň agzalygyna saýlanmagy geçen 25 ýylyň içinde biziň üstünlikli hyzmatdaşlygymyzyň aýdyň nyşany bolup durýar. Bu täzelik bizi diýseň buýsandyrdy. Bu habar buýsanç bilen birlikde ýokary jogapkärçilik duýgusyny hem döredýär. Biz häzirki wagta çenli gazanan üstünliklerimiziň has hem ilerlemegi üçin zähmetimizi gaýgyrmaly däldiris. Öz gezegimde men ýurtda çagalaryň hukuklaryny mundan beýläk hem ilerletmek üçin öz wagtynda berlen we geljekde hem beriljek ählitaraplaýyn goldaw üçin ýurduň hökümetine tüýs ýürekden sagbolsun aýdýaryn.

Türkmenistan 1992-nji ýylda täze Garaşsyz döwlet hökmünde BMG-niň düzümine goşuldy. ÝUNISEF 1992-nji ýylyň iýulynda kabul edilen hyzmatdaşlyk hakynda ilkinji esasy ylalaşyk esasynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ýola goýan BMG-niň ilkinji edaralarynyň biridir. Şol wagtdan bäri ÝUNISEF bilen Türkmenistanyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda bäş sany maksatnama gol çekildi.

1992-nji ýyldan bäri hyzmatdaşlyk etmek bilen biz enäniň we çaganyň saglygyny goramak, immunizasiýa, bilimi ösdürmek, çagalary goramak ýaly ugurlarda uly üstünlik gazandyk.

Türkmenistanyň Ýerine ýetiriji Geňeşiň agzalygyna saýlanan möhletiniň dowamynda hem bütin dünýäde çagalaryň hukuklaryny goramagyň tarapdary bolup çykyş etjekdigine berk ynanýarys. Türkmenistanyň Hökümetine çagalaryň we zenanlaryň durmuşynda möhüm ähmiýet eýelemekde üstünlikler arzuw edýäris.

 

Aýgül NURGABYLOWA,

BMG-niň Çagalar gaznasynyň /Türkmenistandaky wekiliniň / orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetiriji, saglygy goraýyş we iýmit boýunça hünärmen:

— Döwletiň gülläp ösmegi, halkyň bagtyýar geljegi her bir ynsanyň saglygyna, ruhubelentli- gine, aň-düşünjesiniň derejesine baglydyr. Türk- menistanyň Hökümeti çagalary goramak mese- lesine, olaryň konstitusion hukuklaryna aýratyn uly ähmiýet berýär. Bagtyýarlyk döwründe her bir maşgalanyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga, çagalygy we eneligi goramaga berilýän üns Türk- menistanda eneler we çagalar üçin maddy we durmuş ýeňillikleriniň, goldawlarynyň köptarap- laýyn ulgamyny döretdi. Türkmenistanda her bir maşgala, ene, çaga döwlet tarapyndan goralýar.

ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhana- sy bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda çagalary goramagyň hukuk esaslaryny güýçlen- dirmek enäniň we çaganyň saglygyny goramak, sanjymlary geçirmek, çagany irki ýaşdan ösdür- mek, bilim bermek we olaryň bähbidine gönük- dirilen maglumat-habar beriş işleri ýaly ugurlar- da hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň arasynda 2016—2020-nji ýyllar aralygynda hyz- matdaşlyk etmegiň bäş ýyllyk meýilnamasy ka- bul edildi. Hyzmatdaşlygyň bu meýilnamasy milli ösüş ugurlaryna laýyk gelýän we Türkmenista- nyň Hökümetine çagalar hakyndaky kadalaşdy- ryjy hukuk esaslaryny, meýilnamalary we tejri- beleri halkara derejede ykrar edilen ülňülere we öňdebaryjy tejribelere laýyk getirmek ýoly bilen çaganyň hukuklaryny ilerletmekde goldaw ber- mäge gönükdirilendir.

Bilşimiz ýaly, Türkmenistan BMG-niň Çaganyň hukuklary baradaky konwensiýasyna goşuldy we öz üstüne alan borçnamalary esasynda ähli çaga- laryň, şol sanda saglyk mümkinçilikleri çäkli çaga- laryň hukuklarynyň doly goralmagyny üpjün edýär.

Türkmenistanda duzuň we unuň ýod, demir we foliý turşulygy bilen ýokumynyň güýçlendiril- megi boýunça durmuşa geçirilýän maksatnama- laryň ýokary netijesi halkara guramalar tarapyn- dan ykrar edilendir.

Biz çagalaryň ählitaraplaýyn howpsuzlygy, sagdynlygy hem-de döwrebap bilim alyp, kä- mil şahsyýetler bolup ýetişmegi barada türkmen Lideriniň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän işlere guwanýarys. Türkmenistanyň hormatly Prezidentini, türkmen halkyny Türkmenistanyň 2018—2020-nji ýyllar üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň agzalygyna hem-de 2018—2022-nji ýyllar üçin BMG-niň Ze- nanlaryň statusy baradaky komissiýasynyň agza- lygyna saýlanandygy bilen tüýs ýürekden gutla- ýarys. Türkmen Lideriniň umumadamzat bähbitli alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw edýäris.

Irina DEDOWA,

Birleşen Milletler Guramasynyň «BMG — Zenanlar» düzüminiň Merkezi Aziýa boýunça bölüminiň Türkmenistandaky wekili:

— Zenanlaryň statusy boýunça komissiýasy- na girmegi Türkmenistanyň halkara jemgyýetçi- ligi tarapyndan ykrar edilmesiniň nobatdaky su- butnamasy bolup durýar hem-de halkara ösüş we gender deňligi ulgamynda Türkmenistanyň başlangyçlaryny öňe sürmäge täzeçe itergi ber- ýär. Zenanlaryň statusy boýunça komissiýanyň işine gatnaşmak bilen Türkmenistan ählumumy derejede gender deňligi we zenanlaryň hukuk- laryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmek ulga- mynda syýasaty işläp düzmeklige we wezipeleri kesgitlemeklige gatnaşar.

Türkmenistan adam hukuklaryny goramak boýunça köp sanly ylalaşyklaryň durmuşa ge- çirilmegi boýunça ägirt uly üstünlikler gazandy. Türkmenistan gender deňligi boýunça umuma- damzat bähbitli dürli başlangyçlary kanunçylyk

we ýerine ýetirijilik esasynda yzygiderli durmuşa geçirýär. Bu syýasatyň aýdyň mysaly hökmünde;

2015-nji ýylyň awgustynda kabul edilen «Aýal- laryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet ke- pillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegini, 2015-nji ýylyň ýanwarynda tassyklanan «Türkmenistanyň 2015—2020-nji ýyllar üçin gender deňligi boýunça syýasatynyň milli meýilnamasyny» görkezmek bolar. Mundan baş- ga-da, deňhukuklylyk syýasatynyň subutnamasy hökmünde zenanlaryň dürli çözgütleri kabul et- mäge işjeň gatnaşýanlygydyr. Mejlisde ýerleriň 27,4 göterimini zenanlar eýeleýär. Bu diýseň ýo- kary görkezijidir.

Gender deňligi — bu diňe bir zenanlar mese- lelerini çözmek däldir, eýsem, ähli zenanlaryň we gyzlaryň, erkekleriň we oglanlaryň deň hukukla- ryny we mümkinçiliklerini üpjün etmekdir.

2016—2030-njy ýyllar üçin Durnukly Ösüş Maksatlarynda beýanyny tapan esasy ýörelgeleriň durmuşa geçirilmegi hem gender deňligini gazan- maga, zenanlaryň we gyzlaryň hukuklaryny hem- de mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilendir. Aýratyn belläp geçmeli zatlaryň biri hem Durnukly Ösüş Maksatlarynyň (DÖM) wezipeleriniň 23 gö- terimi gender ugruna gönükdirilendir.

«BMG — Zenanlar» guramasy öz işini alyp baranda, Türkmenistanyň Hökümetiniň maliýe goldawyny bermegi netijesinde milli guramalaryň mümkinçiliklerini ösdürmäge maksadalaýyk ýar- dam bermäge, DÖM-ni durmuşa geçirmäge we gender deňligini hem-de aýallaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmeklige gönükdirilen meýilnamalaryň we maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilişifie gözegçiltk etmäge gatnaşar.

 

 

 

 

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com