Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynda wekilçiligi giňelýär

BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň (EKOSOS) 19-njy aprelde geçirilen mejlisinde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleriniň birbada ikisine - 2018-2020-njy ýyllar üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň (UNICEF) Ýerine ýetiriji geňeşine hem-de 2018-2022-nji ýyllar üçin Zenanlaryň statusy boýunça komissiýasyna saýlanyldy. 

Bu waka Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň barha artýandygyna, onuň oňyn daşary syýasat ugrunyň giň goldawa mynasyp bolýandygyna şaýatlyk edýär. Birleşen Milletler Guramasy bilen strategiki esasda hyzmatdaşlyk etmek bu syýasatyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. 

Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşde gazanan üstünlikleri, milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşy üçin ähli zerur şertleri döretmek boýunça yzygiderli görülýän çäreler dünýä bileleşiginiň ýurdumyza gyzyklanmasynyň barha artýandygynyň möhüm şerti bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýokarda agzalan düzümlerine saýlanylmagy kanunalaýyk ýagdaýdyr. Ýurdumyz halkara hyzmatdaşlygy meselelerinde, şol sanda BMG tarapyndan kabul edilen Durnukly Ösüş maksatlaryna ýetmekde işjeň orny eýelemek bilen, toplanan oňyn tejribäni paýlaşmaga hemişe taýýardyr we bu ugurda netijeli gatnaşyklary ösdürmek ugrunda çykyş edýär. 

Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistan degişli milli geňeşmeleri geçirmek üçin BMG derejesinde seçilip alnan döwletleriň toparyna girmek bilen, 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin durnukly ösüşiň täze ählumumy strategiýasyny işläp taýýarlamak çäresine gönüden-göni gatnaşdy. 

Bagtly çagalygy üpjün etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyz Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýa we bu ulgamda beýleki binýatlaýyn halkara – hukuk resminamalaryna goşulyp, öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge örän jogapkärli çemeleşýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, çagalar hakdaky alada – bu geljege iň asylly we ygtybarly maýa goýumlarydyr. Täze taryhy eýýamda ýurdumyzda ösüp gelýän nesliň sazlaşykly ösmegi, mynasyp terbiýelenmegi hem-de ýokary hilli bilim almagy üçin oňaýly şertleri üpjün etmek boýunça toplumlaýyn çäreler görülýär. Türkmenistanlylaryň ýaş nesliniň sagdyn, beden taýdan berk hem-de ruhy taýdan baý ösmegi, olaryň öz ukyplaryny we zehinlerini doly derejede görkezmekleri, döredijilik hem-de sungat, bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaklary üçin ähli zerur şertler we mümkinçilikler döredilýär. 

Şunda milli Liderimiz, ilkinji nobatda, eneleriň sagdynlygynyň we abadançylygynyň çagalaryň bagtyýarlygynyň girewi bolup durýandygyny belleýär. Türkmenistanda eneligi we çagalygy goramak ulgamy ägirt uly döwlet goldawyna mynasyp boldy, şol sanda kanunçylyk binýady kämilleşdirildi, dürli milli maksatnamalar durmuşa geçirildi, häzirki zaman saglygy goraýyş we sagaldyş merkezleri we beýlekiler guruldy. Çagalaryň durmuşynyň hilini ýokarlandyrmak, maşgalanyň durmuş statusyny pugtalandyrmak hem-de türkmen halkyna gadymdan bäri mahsus bolan maşgala gymmatlyklarynyň däplerini wagyz etmek hemişe döwletimiziň üns merkezinde durýar. 

Türkmenistanyň degişli Kanunyna laýyklykda sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere “Ene mähri” diýen hormatly at dakylýar. Döwletimiz köp çagaly maşgalalary hemmetaraplaýyn goldamak, şol sanda olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, olara durmuş ýeňilliklerini bermek barada aýratyn alada edýär. 

Ýurdumyz bu ugurda BMG-niň Çagalar gaznasy (UNISEF) bilen işjeň hem-de üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. Birnäçe bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi hem şol köpýyllyk gatnaşyklaryň aýdyň netijesi bolup durýar. Bu taslamalar we maksatnamalar Durnukly Ösüş Maksatlary bilen berk baglanyşykly möhüm döwlet wezipelerini çözmäge gönükdirilendir. Türkmenistan 2018-2020-nji ýyllar üçin UNISEF-iň Ýerine ýetiriji geňeşine saýlanmak bilen, dünýäniň geljegi bolan ösüp gelýän nesliň abadançylygynyň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak we giňeltmek üçin özüniň tejribesini we kuwwatyny paýlaşmaga taýýardyr. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ýene-de bir ileri tutulýan ugry zenanlaryň kanuny bähbitlerini we hukuklaryny goramak we üpjün etmek bilen baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda biziň zenanlarymyz döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda, ylym we bilim, medeniýet we saglygy goraýyş ulgamlarynda işjeň zähmet çekýärler, telekeçilik işini amala aşyrýarlar, jemgyýetçilik işi bilen meşgullanýarlar we şeýlelikde, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine saldamly goşant goşýarlar. Ýaş nesli hakyky watançylyk ruhunda, milletiň ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelemekde hem olaryň tutýan orny örän uludyr. Enelere hormat goýmak, zenanlarymyzy sarpalamak türkmen halkynyň gadymdan gelýän we nesilden-nesle geçirilýän ajaýyp däbidir. Bu däp täze taryhy eýýamda hem mynasyp dowam etdirilýär. 

Türkmenistan BMG-niň doly ygtyýarly agzasy bolmak bilen we ýokarda agzalan ulgama degişli esasy halkara resminamalaryna goşulyp, olaryň düzgünlerini durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli ädimleri ädýär, şol sanda milli kanunçylygy yzygiderli kämilleşdirýär. Jemgyýetiň durnukly ösüşiniň möhüm şerti hökmünde gender deňliginiň meselelerini çözmekde gazanylan üstünlikler ýurdumyzyň 2018-2022-nji ýyllar üçin Zenanlaryň statusy boýunça komissiýasyna saýlanylmagyny şertlendirdi. Mundan iki ýyl ozal, Türkmenistanyň 2016-2018-nji ýyllar üçin BMG-niň Zenanlaryň gender deňligi hem-de olaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri boýunça düzüminiň Ýerine ýetiriji Geňeşine saýlanylandygy bellärliklidir. 

Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda biziň döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň abraýly düzümlerine, şol sanda onuň alty esasy edaralarynyň birine – 2013-2015-nji ýyllar üçin Ykdysady we Durmuş Geňeşine (EKOSOS) ençeme gezek saýlanandygyny bellemek gerek. Munuň özi BMG bilen däp bolan özara gatnaşyklaryň taryzynda aýdyň görkeziji boldy. 

Häzirki wagtda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň komissiýalarynyň, komitetleriniň we geňeşleriniň sekizisiniň agzasy bolup durýar. Ýurdumyz olaryň çäklerinde degişli halkara işini alyp barýar. Şol guramalaryň hatarynda UNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşi, BMG-niň bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komiteti (hemişelik esasda), Ösüş maksady bilen ylym we tehnika baradaky komissiýa, BMG-niň Ýewropa Ykdysady komissiýasynyň durnukly energetika baradaky Komitetiniň býurosy, BMG-niň ilatly ýerler boýunça Maksatnamasynyň Dolandyryjylarynyň Geňeşi (UN-HABITAT), ýokarda agzalyp geçilen Zenanlaryň gender deňligi hem-de olaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri boýunça düzüminiň Ýerine ýetiriji Geňeşi (UN-WOMEN), Ilat we ösüş baradaky komissiýa bar. Geljek ýylda biziň ýurdumyz BMG-niň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň hem-de Zenanlaryň statusy boýunça komissiýasynyň düzüminde işlemäge girişer.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com