Sport baýramy

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy mähriban Arkadagymyzyň tagallalary bilen dünýä ýüzüniň jahankeşdelerini özüniň goýnunda garşylaýar. Hawa, soňky döwürde bu jenneti mekan özgerip, özüniň gözel keşbi bilen her bir myhmanyň, syýahatçynyň müdimilik ýadynda galar.

Şol gün hem sport eşiklerini geýen oglandyr gyzlar, uly ýaşly adamlar, daşary ýurtly myhmanlar sport toplumynyň töweregini gurşap durdular. Her kimiň begenji ýüzünden bildirýärdi. Sport toplumynyň dabaraly açylyşyna garaşyp duran türkmenistanlylaryň şatlygyna goşulmaga gelen daşary ýurtly doganlarymyz töwerek-daşlaryny gözügidijilik bilen synlap, jennet mekan Awazanyň ajaýyplygyna haýran galýardylar. Gapdalymda duran ýaponiýaly žurnalistiň «Arkadaga şöhrat» diýip, türkmençe gürläp, maňa tarap seredip ýylgyrmasy milli Liderimize, eziz Diýarymyza bolan buýsanjymy has-da artdyrdy. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen gün-günden gül açyp, özüniň owadanlygy, gurulýan desgalarynyň döwrebaplygy, binalarynyň täsinligi bilen dünýä ýaň salýan milli syýahatçylyk zolagynyň ajaýyp arhitekturasyna ýene-de bir döwrebap «Awaza» sport toplumy goşuldy.

Bütindünýä saglyk gününiň, «Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly» diýlip yglan edilen 2017-nji ýylyň hem-de Aziada — 2017-ä taýýarlyk çäreleriniň çäklerinde açylan bu toplumda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli şertler döredilipdir. Gahryman Arkadagymyzyň: «Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak her bir türkmenistanlynyň gündelik endigine öwrülmelidir» diýşi ýaly her bir raýatyň, esasan hem ýaşlaryň has köp sanlysynyň bedenterbiýäniň we sportuň dürli ugurlary boýunça meşgullanmagynda, ýaryşlarda çykyş etjek türgenleriň ýokary netije gazanmaklaryny üpjün etjek türgenleşik işleriniň geçirilmeginde bu toplum ygtybarly binýat bolup hyzmat eder.

Şu ýylyň 7-nji aprelinde «Awaza» sport toplumynyň açylan güni «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda

«Aziada — 2017: Parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy» atly sport kongresiniň we serginiň açylyş dabarasy boldy. Sport hemişe parahatçylygyň ilçisi hökmünde öňe sürülýär. Türkmenistan döwletimiz bütin dünýäde halklaryň arasyndaky ählumumy dost-doganlygy, parahatçylygy ösdürmegi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hasaplap, bu ugurda giň möçberli işleri alyp barýar. Bu işleriň amala aşmagy üçin «Döwlet adam üçindir!» diýen şygar astynda nesillerimiziň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmeklerine, bagtyýar durmuşda ýaşamaklaryna döwlet derejesinde uly üns berilýär. Köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty, Olimpiýa hereketini ösdürmek maksady bilen milli maksatnamalar we toplumlaýyn özgertmeler durmuşa ornaşdyrylýar. Özüniň myhmansöýüjiligi we parahatçylygy goraýjy häsiýetleri bilen gadymdan doganlyk halklaryň arasynda tanalýan Türkmenistan ýurdumyz halkara sport hereketiniň ösdürilmegi, halkara sport hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagy üçin hem anyk başlangyçlar bilen çykyş edýär. Dost-doganlygy, parahatçylygy, hyzmatdaşlygy ösdürmeklige alyp barýan başlangyçlary dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldaw tapýar we ykrar edilýär. Biziň ýurdumyz Halkara Olimpiýa Komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolmak bilen türkmen sportuny belent derejelere galdyrmakda, jemgyýetimizde sagdyn ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerini ösdürmekde dünýä ýurtlarynyň arasynda görelde alarlyk işler alyp barýar. Şeýle bolansoň, 2017-nji ýylda mermer paýtagtymyzda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna Aziýanyň, Awstraliýanyň hem-de Okeaniýanyň ençeme ýurtlarynyň gatnaşmaga isleg bildirmekleri sporty ösdürmekde alnyp barylýan döwlet syýasatynyň halkara derejesinde ykrar edilýändiginiň subutnamasydyr.

…«Awaza» sport toplumynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaşajyk türgenleriň eden çykyşlary tomaşaçylary biparh goýmady. Sebäbi milli sportumyzyň dünýä derejesinde ösdürilmegine syn etmek kalplarda joşgunly duýgyny döredýär. Buzuň üstünde figuralaýyn typmak boýunça gyzjagazlaryň görkezen çylşyrymly tanslary birwagtlar biziň hyýalymyzdaky arzuwlaryň hasyl bolmagydy.

Gyzykly çärelerden soň, Türkmenistanyň we daşary ýurtly sungat ussatlarynyň gyzykly konserti boldy. Konsertde hormatly Prezidentimiziň «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» diýen aýdymy konserte gatnaşyjylaryň ählisiniň aýtmagynda uly joşgun bilen ýerine ýetirildi.

 

Dillerimiziň senasy, Aziadaň senasy,

Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!

Dost-doganlyk, asudalyk, hyzmatdaşlyk galasy,

Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: tzb@online.tm