Jümle-jahan gözelligiň baýramy

Şu ýylyň 21-nji martynda külli türkmen halky Milli bahar baýramyny hem-de Halkara Nowruz gününi köpöwüşginli dabaralar, şatlyk-şagalaň we ruhubelentlik, iň ýagşy umyt-arzuwlar bilen garşyladylar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri baradaky guramasynyň bütindünýä maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Halkara Nowruz güni özünde dünýäniň köp halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny hem-de özboluşly däp-dessurlaryny birleşdirdi.

Milli bahar baýramynyň hem-de Halkara Nowruz gününiň dabaralary Mary şäherinde «Türkmeniň ak öýi» binasynda we onuň golaýyndaky meýdançada geçirildi.

Bilşimiz ýaly, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Medeni mirasynyň sanawynda görnükli orny eýeleýän gadymy Mary älem-jahanda dünýä medeniýetiniň iň gadymy ojaklary hökmünde ykrar edilen Mesopotamiýa, Hindistan, Hytaý, Müsür bilen deň derejede tanalyp gelipdir. Gadymy Mary irki döwürlerde ylym-bilim, medeniýet merkezi hökmünde dünýä yklymynda tanalypdyr. Uç-gyraksyz sähralyklary, çägeli çölleri, gözýetmez deňizleri söküp geçip, söwda kerwen ýolunyň ulgamyny emele getiren Beýik Ýüpek ýolunyň kerwenleri hem hut şu şäherde ýük ýazdyrypdyrlar. Merwiň mes toprakly meýdanlarynda ýetişýän datly gawunlary, ýüzünde çogly güneşiň nury oýnaýan halylary, bedew atlar üçin ýasalýan oýma nallary, zenanlarynyň synasyna gelşik berýän ýüpek matalary alys ülkelerdäki soltanlarydyr şalary haýrana goýupdyr. Ägirt uly giňişligi tutup ýatan birnäçe taryhy ýadygärlikler Merwde bir-biriniň ornuny çalşan birnäçe siwilizasiýalaryň we ilat ýaşan şäherleriň bolandygyna şaýatlyk edýär. Olaryň hatarynda Erkgalany, Soltangalany, Soltan Sanjaryň mawzoleýini, Abdylla hangalany, Gyzbibi mawzoleýini, Gurtlydepäni, Muhammet ibn Zeýdiň mawzoleýini we ýene-de onlarça taryhy ýerleri görkezse bolar.

Biruny, Faraby, Omar Haýýam, Abu Aly Ibn Sina, Sarahsy, Mäne baba ýaly meşhur şahsyýetleriň ömrüniň we döredijiliginiň belli-belli döwürleri, ylymlar dünýäsinde açan açyşlary Mary topragy bilen baglanyşyklydyr. Merw şirin aýdym-sazlary we iň gymmatly, seýrek edebi nusgalary bilen hem dünýä meşhur bolupdyr. Aýdym-saz muşdaklary dünýäniň çar künjünden alys ýollary geçip, meşhur sazanda Barbadyň çalan sazlaryny ýörite diňlemäge Mara gelipdirler. Taryhda mälim bolan «Oguznama» eserleriniň iň irki nusgasynyň Mary topragy bilen baglanyşyklydygy aýratyn guwançlydyr. Baryp XI asyryň ahyrlarynda, XII asyryň başlarynda bu ýerde dünýä ylmynyň dürli ugurlaryndan söhbet açýan «Nyzamyýe», «Eziziýa», «Kemalyýa», «Hatunyýe», «Zamiriýa» ýaly onlarça kitaphanalaryny görkezmek bolar.

Ine, bu gün bolsa, şöhraty älem-jahana dolan Mary alys hem ýakyn ýurtlardan gelen myhmanlary gujak açyp garşylaýar. Baýramçylyk meýdançasynda hakyky türkmen toýy höküm sürýär. Dürli reňkli toý baglary hem-de baýdaklar bilen bezelen ýoluň ugrunda guralan hatar-hatar ak öýler gözüňi dokundyrýar. Bu görnüş sözüň doly manysynda ak öýleri bilen «Türkmeniň ak üzükli şäheri» adyny alan gadymy türkmen obasynyň häzirki zaman keşbi bolup alnyňda janlanýar.

Toý tagamlary dabaranyň keşbine has-da gelşik paýlaýar. Bu ýerde bir gyrada ýeňi çermelgi ussat aşpezler toý gazanlaryny ataryp, palawdyr çekdirme bişirse, gelin-gyzlar pişme bişirip, gelen myhmanlara hödür-kerem edýär, ýene bir ýerde myhmanlara pirli tamdyrda bişirilýän gyzgyn çöregi hödürleýärler. Myhmanlar degresi daýaly toý meýdançasynda türkmeniň ümzügini belent tutup duran arwana düýesini, sagrysy meýdanly argymak bedewini, ýüňli gerşi ikiýan serpilip duran saryja goýnuny, goçlaryny, mylaýymdan hoşgylaw alabaýyny, al-asmana ganat ýaýmaga hyýal edýän sähraýy elguşuny gözügidijilik bilen synlaýarlar.

Şu gymmatlyklar bilen sazlaşyklykda goýlan açyk asmanyň astyndaky giň gerimli sergi hakydalarda mäkäm ornaşýar. Sergide goýlan dagdandan ýasalan önümler bilen birlikde, şaý-sepler, at esbaplary, gadymy zähmet gurallary çuňňur gyzyklanmalary artdyrýar. Bir gyrada gadymyýetdäki ýaly ýuwaşjadan aýlanyp işläp duran jykyr, bal eçilýän topragy agdaryp, tekizläp, taba gelen ýerden joýa çekip ýören daýhanlar, bir gapdalda ýüň egrip oturan eneler, hatar-hatar hiňňildikde ak arzuwlary bilen asmana göterilýän juwanlaryň şowhuny, bagşy-sazandalaryň owazy, altyn aşyk ýaly oglanjyklardyr tumarça ýaly gyzjagazlaryň owlak-guzular ýaly bökjekleşip oýnaýyşlary töwerege gelşik berýär.

Türkmenistanyň meşhur taryhy ýadygärlikleriniň baýramçylyk meýdançasynda ýerleşdirilen uly şekilleri gadymy döwürlere gyzykly gezelenji amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

«Türkmeniň ak öýüniň» sahnasynda ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň uly konserti boldy.

Milli bahar baýramynyň şatlyk-şowhunyny Marynyň Ruhyýet köşgünde döwlet sylaglaryna mynasyp bolanlara hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýlarynyň dabaraly gowşurylyşy has-da artdyrdy. Biz hem Milli bahar baýramy güni Şa serpaýlaryna mynasyp bolan zenanlaryň birnäçesi bilen söhbetdeş bolup, olaryň ýürek buýsançlaryny size ýetirmegi makul bildik.

Ogulbaýram Kulyýewa, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, «Watana bolan söýgüsi üçin» medalyň eýesi:

— Ynsanyň ömründe ýaşalýan günler aýry-aýry. Şol günleriň içinde hemişelik ýatda galýan pursatlar hem bolýar. Ynha, şu gün, ýagny Milli bahar baýramy, Nowruz güni meniň hakydamda hemişelik galjak pursatlaryň biri boldy. Sebäbi men bu gün eziz Arkadagymyzyň Şa serpaýyna mynasyp boldum. Bütin ömrüme milli mirasymyzyň önümleri bolan halylar, keşdeler meniň ykbalymyň bir ülşüne öwrülipdi diýsem, öte geçmerin. Ene-mamalarymyzdan galan ajaýyp keşdeleri kämilleşdirmek, olary owadandan owadan edip, gelşirip ýakadyr çabytlara, donlara nagyşlamak maňa ylham berdi. Milli mirasymyzyň Hak hossary hormatly Prezidentimiz bolsa, bu gün milli mirasa ykbalyny baglan dörediji adamlaryň ençemesini Şa serpaýy bilen sylaglady. Eziz Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Ogulbäbek Halmämmedowa, Balkan welaýatynyň Hazar şäherçesiniň ýaşaýjysy, «Watana bolan söýgüsi üçin» medalyň eýesi:

— Şu gün menden bagtly adam ýok. Men indi 35 ýyl bäri «Akjaýar» ansamblynda çykyş edýärin. Eziz Arkadagymyz bu gün, Milli bahar baýramy güni maňa we men ýaly ençeme medeniýet we sungat işgärlerine Şa serpaýyny ýapdy. Eziz Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, tutýan il bähbitli işleri hemişe rowaç alsyn!

Ogulgözel ŞAGULYÝEWA, «Zenan kalby».

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com