Kürte biçüwi

Ir wagtlar kürteler şu günlerki kürtelerden uzynrak we giňräk biçilerdi. Nagyşlary ýerbe-ýer, örän inçe keşdelenerdi. Kürteler peti gowşap göwşülleşse-de, görküň öýi kimin başa täç edilip bürenilerdi. Synçylaryň belleýşine görä, kürteleriň giňliginde-de uly many bardy.

Goýy garaýaşyl reňkli kürtelik keteniden boýy 2 metr 14 sm parçany kesip almaly we ketenini dikligine iki epläp, gerşini sypap, ýakanyň arka giňligini 15 sm bellemeli. Onsoň tikin parhyny hasaba alyp, ini 12 sm, boýy 2 metr 30 sm keşde ýakalyk biçmeli. Keşde ýakalygy tutuş biçmek keşdeçiler üçin hem has amatlydyr.

Ýakalygy işlikläp jähek ýerini bellemeli. Ýakalygyň maňlaý, ýagny alyn nagşy üçin 1 metr ölçegde ýer goýup, şol ýere «Gülýaýdy» nagşy keşdelemeli. «Gülýaýdynyň» iki tarapyna, aralaryna «Üzülmez» nagşy keşdelemeli. «Gülýaýdydan» soňra etege tarap «Çaňňa» nagşy keşdelemeli. Kürtäniň ýanlarynyň etek tarapynyň giňligini 30 sm, begeýik başynyň giňligini 20 sm uzynlykda gyýma sanjak biçip, ýanyň başynyň iki gapdalyna gelşirip, sünnäläp tikmeli. Kürtäniň ýartmaçlaryny 14 sm uzynlykda açmaly. Kürtäniň art etegine we ýartmaçlaryna keşdelenen «Üzülmez», «Çaňňa» nagyşlary kürtäniň öňsyýlaryna keşdelenen nagyşlary goşa, ýarty düşürmän, biri-birine gelşirmeli. Nagyşlary sünnä ýerbe-ýer düşürmek üçin bolsa, nagyşlaryň ýerlerini bölüşdirmeli, pursatda dogry we dürs hasap etmeli.

Kürtäniň ýeňiniň uzynlygyny gyzyl keteni ýeňsapysy bilen 60 sm, omzunyň giňligini ikigatlygyna 28 sm, ýeňagzynyň giňligi 16 sm ölçegde biçmeli. Ölçeglere laýyklap işliklemeli-de, jähek ýerini bellemeli. Onsoň ýeňagzyndan başlap, agsak sere, bir sere, ýene bir sere giňlikde «Üzülmez», «Çaňňa», «Kürte goçak» nagyşlary sünnäläp keşdelemeli. Agsak sere we sereleriň aralary 5 sm nagyşsyz bolmaly. Kürtäniň ýeňlerini, ýanlaryny, aşyrysyny biri-birine gelşirip ýabşyrmaly.

Ýartmaçlaryň keşdelerini goltuga tarap dowam edip, bäş para bölmeli. Bäş parany-da kürte goçaklar bilen dowam edip, her paranyň soňuna penje goçak ýerleşdirip, saryja gül keşdeler bilen bezemeli. Keşdelenen uzyn ýakany kürtäniň öň aşyrysyna ýabşyryp, hemme nagyşlary «Kürte goçak» nagşy bilen bezäp, keşdäni soňlamaly. Kürtäniň gyrasyna gyýy tikip, gyýyny kürtäniň iç ýüzüne öwrüp bassyrmaly. Jäheklemeli-de, jähegiň gyrasyna aldymgaç ýörmemeli.

Kürteler özüniň gözelligi bilen göreni haýrana goýup, eýsem-de bolsa:

 

Gyzyl keteniden gyzyl kürteler,

Bu ne gözel, keşdeleriň köşgümi?

Aşyk ýigitlere magşuk gyzlaryň,

Nagyşlara siňdirilen yşkymy?

 

Kürte ýakalyk keşdelenende esli girýär. Şonuň üçin, çen bilen uzynrak kesilip alynýar.

Ýanlara gyýma sanjagyň tikilişi.

Çyzgyda görnüşi ýaly, ketenini hek bilen çyzyp, ýany gyýma sanjagy tutuş biçip bolýar.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com