Peýdaly maslahatlar

Bahar pasly gelip, howanyň maýlamagy bilen biziň hemmämiz gyşky eşiklerimizi ýygnamaga başlaýarys. Elbetde, olaryň aglabasy örülen egin-eşiklerdir. Jempirler, ýeňsizler, ellikler, başgaplar, umuman, güýz-gyş möwsüminde ýylylyk paýlan şol eşikleriň aýratyn gözegçiligi, arassalanyşy hem-de saklanyş usuly bardyr. Dokalyşynyň hem-de ýüplükleriniň görnüşi nähili bolanda-da, ulanylan wagtynda-da, indiki möwsüm üçin alyp goýlan wagtynda-da olara örän aýawly çemeleşmelidir.

Örülen eşikler kir ýuwulýan maşynyň aýawly ýuwluş hem-de guradyş usulynyň aýlawy az bolan guradyş usulynda arassalanmalydyr. Olary kir ýuwulýan maşyna atmazdan ozal çöwre tarapyna öwürmeli. Örülen eşikler ýuwlanda agardyjy serişdeleri ulanmaly däldir. Ýuwujy serişdäniň bolsa suwugy talabalaýykdyr. Şu günki gün ýuwujy serişdeleriň dürli görnüşleri bolup, olary degişlilikde, tebigy ýa-da sintetiki ýüplükler üçin niýetlenenini saýlap almalydyr. Eşikler ýuwlan wagtynda süýnmez ýaly, ýörite tor haltajyklaryna salynsa, dogry bolar.

Örülen eşikleri elde ýuwsaň hem bolýar. Eger ýuwujy serişde toz görnüşinde bolsa, onda ony ilki mylaýym suwda eretmeli. Tozlar suwda «ýitensoň» egin-eşikleri ýuwubermeli. Eger eşikde tegmil bar bolsa, 15 minut ezip goýsaň bolýar. Ýöne sintetiki süýümden örülen eşigi köp wagt ezmeli däldir. Örülen önümler durlanan wagty ýumşadyjy serişde goşulan halatynda, olar ýumşak bolar. Eşikler ýuwlansoň, olary güýçli sykmaly däldir.

Örülen önümleri ýyladyjy enjamlarda sermek bolmaýar. Olary ýüpden hem asmak bolmaýar. Beýle ýagdaýda olar öňki ölçegini ýitirip, süýner. Örme eşikleri kir serilýän enjamyň gözenek böleginde keseligine sermeli.

Örme eşikler ütüklenmeýär. Olaryň kaddyny gowulamak üçin ýörite bugly ütükler ulanylýar. Eşik ütüklenende, onuň üstünden çyg hasa goýulýar. Soňra ütügi hasa deger-degmez edip, onuň üstünden ýöretmeli. Häli guramadyk, öl eşikleri ütüklemek bolmaýar.

Örülen eşikleri tekjelere ýygnamazdan ozal, oňat arassalap, guratmaly. Olary epläp, bir-biriniň üstüne goýanyňyzda, güýe düşmez ýaly çäreleri görmelidir. Her eşigiň arasynda güýä garşy serişde goýmaly. Bu serişde eşige-de zyýan etmez ýaly mahal-mahal, olary açyk howada sermeli.

Eger örülen eşigiň ýüpeginiň süzülip çykan ýeri bar bolsa, ony gyrkyp aýyrmaň. Ýüpegi iňňe ýa-da çiş bilen çöwre tarapyna geçirmeli, berkitmeli.

Örülen eşikleri sellofan haltalarynda saklasaň, talabalaýykdyr. Sellofan haltalaryna eşikler salnansoň, onuň içindäki howasyny gysyp çykarmalydyr.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com