Aşhana gurallarynyň taryhyndan

Türkmençilikde çörek mukaddeslik saýylýar. Ene-mamalarymyz bize çagalykdan çöregi harlamazlygy ündeýärler. Ýöne kähalatlarda çöregiň artyk galyp, gataýan wagty-da gabat gelýär. Şolar ýaly ýagdaýda ony zaýalaman, ownukly-irili guradylan çörek bişirseň hem bolýar.

Toster guradylan çöregi bişirýän enjam bolup, ol öý bikesiniň aşhanadaky ýakyn ýardamçysydyr. Toster çörek bölegini gyzardyp, ýakymly kitirdewük emele getirýär. Tosteriň esasy aýratynlygy, onuň çöregi iki tarapyndan çalt gyzardýanlygyndadyr. Şeýle-de tosterde gyzardylan çörek gaty bolmaýar. Çörek böleklerinde kitirdewük «gabyk» döreýär-de, onuň maňzy ýumşaklygyna galýar.

Gadymy Rimde, Gadymy Müsürde çöregi uzak syýahata gitjek adamlar hem-de esgerler üçin ýörite gyzardyp beripdirler. Eýýäm şol wagt guradylan çöregiň uzak möhlet zaýalanmaýandygyny anyklapdyrlar. Ýewropa ýurtlarynda çörekden ýörite çiş geçirip, soňra ýanyp duran oda tutupdyrlar. Ýa-da ýörite atanaklaýyn ýasalan gözenekleriň arasynda goýup, kitirdewük hala gelýänçä otda bişiripdirler. Elbetde, adamlar şeýtmek bilen hem çöregi aýapdyrlar, hemem özboluşly tagamy bolýanlygy üçin ony işdämenlik bilen iýipdirler.

Ilkinji  toster 1893-nji ýylda Beýik Britaniýada elektrik enjamlaryny öndürýän kärhanasy tarapyndan öndürilip başlanypdyr. Ilkinji toster çöregi bir taraplaýyn gyzardypdyr. Eger wagtyny bilip, çöregi beýleki tarapyna öwürmeseň, ol ýanypdyr. Şonuň üçin bu enjamy «garawullap» durmaly bolupdyr. Ol döwürler elektrik togunyň işi bökdençli bolansoň, toster işledilende hökman gözegçilik etmelidi. Birden tok akymynyň güýçlenip, enjamyň tüsseläp, zaýalanmagy hem mümkin eken.

Elektrik toguny ulanmak işiniň kämilleşmegi bilen, elektrik enjamlarynyň görnüşinde hem-de işlediliş usulynda amatly şertler döräp başlapdyr. 1909-njy ýylda «General Electric» kärhanasy tarapyndan tosteriň öňkülere görä, täze, ulanylyş usulynyň ýeňilleşdirilen görnüşi öndürilip başlanýar. Bu toster çörek bölekleriniň iki tarapyny bir wagtda gyzardýar. Ýöne şonda-da çöregiň gyzarýan pursadyna gözegçilik etmek şerti aradan aýrylmandy. Sebäbi wagtynda çörekleri almasaň, olaryň ýanmak ýagdaýy bardy. Şeýle-de tosteri her wagt ýakyp-öçürmelidi. 1913-nji ýylda tostere belli wagt birligi kesgitlenip, işiň gutaranlygyny habar berýän enjam dakylýar. Ýagny tostere çörek bölekleri goýlansoň, belli bir wagt bellenýär. Şol wagt geçdigi, toster sesli zok çykarýar. Toster gelin-gyzlaryň aşhanadaky iň ýakyn ýardamçylarynyň birine öwrülýär. Hatda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Minnesota ştatynda 1927-nji ýylyň mart aýy «Toster aýy» diýlip hem atlandyrylypdyr.

Geçen asyryň 30-njy ýyllaryndan soň tosteriň awtomatlaşdyrylan görnüşi öndürilip başlanýar. Ol adamlaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolýar. Tosteri ulanmak çagalara-da başardýar. Gyzardylan çörek olaryň iň süýji tagamlarynyň birine öwrülýär. Şeýle-de geçen asyryň 40-50-nji ýyllarynda Ýewropa ýurtlarynda hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda toster iň amatly aşhana guraly hem-de geçginli haryt hökmünde hasaba alnypdyr.

Kämil toster bary-ýogy 30 sekuntda çöregi gyzartmaga ukyplydyr. Öý bikelerine bolsa, olary alyp, saçaga äberäýmek galýar. Ýakymly kitirdewükli, gyzardylan çöregi bal bilen iýseňem, mesge çalyp iýseňem örän tagamly. Şonuň üçin hem ony, köplenç, ertirlik hem-de agşamlyk naharlarynda ulanýarlar. Lukmanlaryň bellemegine görä, toster bilen gyzardylan çörek berhiz tutýanlar üçin hem peýdalydyr. Sebäbi şeýle usulda guradylan çörek ýeňil bolýar.

Şu günki gün alyjylar tosteriň dürli görnüşlerini edinip bilerler. Çünki XIX asyryň başlarynda tehnologiýanyň ösmegi bilen, tosteriň görnüşi köpelýär. Tosteriň gurluşyna, işine täzeçe çemeleşen hünärmenler onuň diňe çörek gyzardýan däl, eýsem, bişirýän hem-de bir wagtda ýyladýan hyzmatlaryny-da goşupdyrlar. Şeýle-de çörek böleklerine multfilmleriň, ertekidir hekaýalaryň dürli gahrymanlarynyň keşplerini «çekýän» tosterler hem bar. Bu bolsa, elbetde, ilki bilen, çagalaryň göwnünden turýar.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com