ÝAPYK BINALARDA WE SÖWEŞ SUNGATY BOÝUNÇA V AZIÝA OÝUNLARY

Dolama

Gerekli önümler: 300-400 g üwelen et, 1 kelem, 2 düýp sogan, 1 käse tüwi, 1 käşir, 1 bolgar burçy, 2 sany ýeralma, duz, gara burç.

Dolamany bişirmek üçin, ilki bilen, etini taýýarlamaly. Ulurak gaba üwelen eti salmaly. Sogany ownuk dogramaly. Tüwini arassalap, ýuwmaly. Bu önümleriň ählisini goşup, duzlamaly, gara burç atyp, garmaly.

Kelemiň daşky ýapraklaryny aýryp, ýuwmaly. Ulurak gazanda suw gaýnatmaly. Soňra kelemiň düýp tarapyny gazana ilki salyp gaýnatmaly. (Kelemiň düýbüni «köwüp» aýyrsaň hem bolýar.) Ýumşansoň, kelemi öwürmeli-de, ýene 10 minut çemesi gaýnatmaly. Şeýlelikde, kelem ýumşansoň, ony çykaryp, sowatmaly.

Ýeralmany hem-de sogany arassalap, kiçeňräk dörtburçluklara dogramaly. Olary gowurmyşlamaly. Biraz wagtdan üstüne pomidor goýaltmasyny guýup, ýene birsalym buglamaly.

Kelem sowansoň, ýapraklaryny ýekän-ýekän aýyrmaly-da, ýogyn özenini kesip aýyrmaly. Soňra etli hurşy ýapraklaryň gyrasyna goýup, dolamaly. Ýapraklaryň hemmesi dolanansoň, jazy taýýar bolan gazana, endigan örmeli. Dolamalaryň arasyna tegelek görnüşinde dogralan käşirleri goýmaly. Bolgar burçy hem-de lawr ýapragy, nahara ýakymly tagam hem-de ys berer.

Dolamalar gazana ýerleşdirilensoň, gaýnag suw guýmaly. Naharyň çorbasy gaýnansoň, dolamalar çorbanyň ýüzüne galmaz ýaly,  ýalpak tarelkany düňderip, olaryň üstünde goýmaly. Gazanyň gapagyny ýapyp, nahary 1,5 sagat çemesi pes otda bişirmeli.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com